Ata Watan
Fujitsu agramy 689 gram bolan 14 dýumlyk noutbuk çykarar
Fujitsu-nyň UH-X/H1 modeli Intel Core i7-1355U prosessor, 16 Gb RAM we 512 GB hemişelik ýat aldy. USB-C 3.2 Gen2, USB-C 3.2 Gen1, USB-A, HDMI, Ethernet razýomlaryny we gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik razýom bar.
1920 × 1200 piksel durulykda IPS displeýine eýe boldy. Korpusynyň ýokarky bölegi uglerod süýüminden, aşaky bölegi magniý-litiý garyndy-...
Maýkl Jordanyň brendi Nike kompaniýasyna bäş ýylda 19 milliard dollar getirdi
Basketbolçy Maýkl Jordanyň Nike kompaniýasyna degişli Jordan brendi bäş ýylda 19 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Hypebeast ýazýar.
Maýkl Jordan Nike bilen baglaşan şertnamasyndan diňe 5%-ini alýar. Jordan brendi moda pudagynda iň üstünlikli aýakgap we egin-eşik brendleriniň biridir. Nike «Air Jordan 1-iň» dört ýylda diňe 3 millio...
Aziýanyň iň baý adamy kezzaplykda aýyplanyp, 65 milliard dollaryny ýitirdi
Aziýanyň iň baý adamy Gautama Adaniniň Adani Group hindi konglomeraty eýýäm 65 milliard dollar ýitirdi. Kompaniýalar toparynyň paýnamalary pese gaçýar we gymmatly kagyzlardan dynan maýadarlary köşeşdirmek üçin edilen ähli synanyşyklar islenýän netijä getirmeýär. Bu barada Reuters ýazýar.
Pese gaçyşlyk geçen hepde Hindenburg Research şereketi...
BSGG pandemiýa zerarly 3 ýyl bäri hereket edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy. Bu barada guramanyň adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiniň mejlisiniň jemleri boýunça BSGG-nyň baş edarasy habar berdi.
Ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2020-...
Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar
Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy habar berýär.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gün...
Renault Nissan-daky paýyny azaldar
Renault Renault-Nissan-Mitsubishi bileleşigini emele getirýän fransuz we ýapon kompaniýalarynyň arasynda uzak wagt bäri dowam edip gelýän jedeliň soňuna nokat goýup, Nissan-daky paýyny 43% -den 15% -e çenli azaldar.
Nissan fransuz awtoulag öndürijisiniň bary-ýogy 15%-ne eýelik edýär we onuň kararlaryna täsir etmäge hukugy ýokdyr. Ýaponlar b...
Xiaomi-niň elektrokarynyň ilkinji suratlary peýda boldy
Sanly gajetleri bilen tanalýan Hytaýyň Xiaomi korporasiýasynyň ilkinji elektrokary süýnmek dizaýnly ykjam sedan bolar. Muňa geljekki täze ulagyň CarNewsChina tarapyndan neşir edilen suratlary hem şaýatlyk edýär. Suratlaryň çeşmesi takyk aýdylmaýar, ýöne käbir jikme-jikliklerden çen tutsa, olar Hytaýyň sosial torlaryna ýaýradylan resmi tanyşdyrylyş...
Kosmosda düşürilen «Çagyryş» filmi 20-nji aprelde çykar
Kosmosda bölekleýin surata düşürilen, Klim Şipenkonyň režissýorlygyndaky “Çagyryş” filminiň ilkinji görkezilişi 20-nji aprelde bolar. Bu barada TASS habar berdi.
Filmiň görkezilişe çykmaly täze senesi öň "Kinopoisk" hyzmatynyň ilkinji görkezilişler tertibinde peýda bolupdy. Şol bir wagtyň özünde Russiýanyň “Çagyryş” filminiň ilkinji görkezi...
Ertir Ubisoft täze The Crew 3 ýaryş oýnuny resmi taýdan görkezer
Ubisoft kompaniýasynyň täze ýaryş oýny bolan The Crew 3 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda bildiriş ediler. Gazeta.ru-nyň habaryna görä, bu barada ResetEra oýun forumynyň ulanyjysy dex3108 lakamy bilen "The Crew 2" oýnunyň Twitter-akkauntyndan gelen habara salgylanyp habar berdi.
"Ertir. 5PM UTC / 9AM PST-de (21:00 GMT + 4) "- diýip, The Crew...
Türkmenistanyň Prezidenti Daşary işler ministrine täze orunbasar belledi
Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
14-15-nji fewralda Stambulda Gaz sammiti geçer
2023-nji ýylyň 14-15-nji fewralynda Stambulda Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer deňziniň we Merkezi Aziýanyň “mawy ýangyç” öndürýän ýurtlarynyň we Ýewropanyň sarp edijileriniň gatnaşmagynda Gaz sammiti (Istanbul Gaz Summit) geçer. Bu barada Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez habar berdi diýip, Anadolu ýazýar.
Ministriň...
ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär
ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy.
"2020-nji ýylda ýurtda COVID-19 sebäpli adatdan daşary ýagdaý we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. Olaryň möhle...
Forbes: Afrikanyň iň baý adamlarynyň umumy baýlygyny 81,5 milliard dollar
2022-nji ýylyň jemi boýunça Afrikanyň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy 81,5 milliard dollar bolup, ýylyň dowamynda 3,1 milliard dollar azaldy. Reýtinge Afrikanyň 54 döwletiniň diňe ýedisine wekilçilik edýän 19 adam girdi diýip, Forbes habar berýär.
Yklymda iň uly Dangote Cement sement öndürijisiniň eýesi Aliko Dangote 13,5 milliard dollar ba...
«Galkynyş» Monte-Karlodaky sirk sungaty halkara festiwalynda çykyş eder
«Galkynyş» at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçiriljek 47-nji Sirk sungaty Halkara festiwalyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk aldy. Iň abraýly sirk şüweleňleriniň biri bolan bu festiwal 2025-nji ýylyň ýanwarynda Monakoda geçiriler.
Ýakynda festiwalyň prezidenti Urs Pilz bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk top...
Samsung Galaxy Z Fold5 ahyrsoňy ekrandaky epinleri has bilniksiz etjek täze şarnir alýar
Samsung Galaxy Z Fold5 smartfony diňe bir stilus saklamak üçin ýer almak bilen çäklenmän, eýsem täze şarnir hem alyp biler.
Insider Ice Universe kompaniýanyň täze epilýän flagmanda “damja” şarnirini ulanyp biljekdigini aýdýar. Bu çözgüt ekrandaky epinleri azaldar. Eplenip bilýän smartfon öndürýän öndürijileriň hemmesiniň diýen ýaly şular ýal...
Toyota 2023-nji ýylda 10,6 milliona çenli awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär
Ýaponiýanyň Toyota Motor konserni 2023-nji ýylda 10,6 million awtoulag öndürip biler diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Şeýlelik bilen, görkezijiniň 2019-njy ýyldaky rekord 9,1 million ulag derejesinden ýokary boljagyna şübhe ýok.
Optimistik çaklama awtoulag bölekleriniň üpjünçilik zynjyryndaky ýagdaýyň gowulaşmagy bilen baglany...
2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 60 ýylyň içinde ilkinji gezek azaldy
2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 60 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek azaldy – bu hem içerki, hem dünýä ykdysadyýeti üçin uzak möhletleýin täsir edip biljek taryhy üýtgeşiklikdir diýip, Associated Press ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.
Geçen ýyl ýurduň ilatynyň sany 850 müň adam, 1,41 mlrd adama çenli azaldy. Bu azalma 1961-nji ýyldan...
Apple täze Macbook Pro we M2-li Mac Mini bilen tanyşdyrdy
Apple gurluşlarynyň - M2 Pro we M2 Max prosessorly Macbook Pro-nyň, şeýle hem M2 we M2 Pro-ly Mac Mini-niň gysgaça tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
M2 Pro we M2 Max-da Macbook Pro
Täze 14 we 16 dýumlyk noutbuklar tehniki artykmaçlyklarynyň hasam köpelendigi bilen magtanyp bilerler. M2 Pro prosessorly wersiýasy 19 grafiki ýadro...
IOS 17 täzelenmesini aljak iPhone modelleri aýdyldy
Apple kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynda WWDC-ni döredijileriň konferensiýasynda iOS 17 operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny hödürlär. Phone Arena neşiri çak edilýän täzelikler barada gürrüň berdi, şeýle hem döwrebaplaşdyrylan programma üpjünçiligini aljak gurluşlaryň sanawyny düzdi.
Deslapky maglumatlara görä, iMessage iOS 17-de...
«Halk market» hem-de «Rysgal» banky «Şowly söwda» aksiýasyny dowam edýär
Halk market «Şowly söwda» aksiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Rysgal» Paýdarlar-täjirçilik bankynyň Maestro Master Card kartlarynyň eýelerine her aýyň ahyrynda 6%-e çenli keşbek almak mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýar.
Halk market-iň söwda nokatlarynyň islendiginden Maestro Master Card kartlary arkaly söwda edilende sarp edilen serişdel...
Samsung eplenýän smartfonlar bazarynda öňdeligi elden bermän gelýär
Eplenýän smartfonlar indi geň we görülmedik zat däl. Olaryň söwdasy barha artýar we TrendForce-iň maglumatlary munuň ýokary depginde ösýändigini görkezýär.
2022-nji ýylda dünýäde 12,8 million sany eplenýän smartfon satyldy, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 44% köpdür. Seljerijiler şu ýylyň ahyryna çenli 18,5 million smartfonyň satylmagyna garaşý...
Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumy öz işine başlady
Şu gün, 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Rus wekiliýetiniň düzüminde — Hökümet agzalary, RF-niň Prezidentiniň administrasiýasynyň we Federal ýygnagyň Döwlet d...
«PSŽ» Er-Riýadyň ýygyndysyny 5:4 hasap bilen utdy, Messi we Ronaldu gol geçirdi
«Pari Sen-Žermen» fransuz kluby ýoldaşlyk duşuşygynda «Al-Nasr» hem-de «Al-Hilal» saud klublarynyň futbolçylaryndan düzülen Er-Riýadyň ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk penşenbe güni Er-Riýadda patyşa Fahd adyndaky stadionynda geçirildi.
Duşuşykda «PSŽ-den» gollary — Lionel Messi (3-nji minut), Markinýos (43), Serhio Ramos (53), Ki...
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz känine baryp gördi
19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna bir günlük iş saparyny amala aşyryp, tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine baryp gördi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gur...
Şu gün Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutular
Şu gün, 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy geçiriler.
Düýbüni tutmak dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri barada 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet maslahatynda aýdyldy.
...