19-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we aprel aýlarynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler. Iş duşuşygyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen ÝB-iň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary syýasy derejede işjeňleşýändigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir