Aşgabat şäheriniň häkimligi awgust aýy üçin raýatlary kabul etmegiň tertibini tassyklady

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýüz tutmalaryna netijeli garamak maksady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň, şäher etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem bu işe degişli edaralaryň wekilleriniň 2026-njy ýylyň awgust aýynda raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy. Kabul edişlikler degişli häkimlikleriň binalarynda geçiriler.
...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak b...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna la...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribesine laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşigind...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuw...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlar

1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüs...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabatda Abu-Dabiniň hem-de Türkmenistanyň bilelikdäki welosport boýunça türgenleşikleri geçiriler

Aşgabatda Abu-Dabi welosport klubynyň hem-de Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 81-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagt...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demirýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar

Türkmenistanyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demirýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň demir ýol ulaglary pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 1 month ago


Bütindünýä banky Wenesuelada bolan ýertitremäniň zyýanyny 19,6 milliard dollar bahalady

Bütindünýä bankynyň penşenbe güni çap edilen hasabatyna laýyklykda, mundan bir aý öň Wenesuelada bolan ýertitreme bu ýurduň ykdysadyýetine 19,6 milliard dollar zyýan ýetirdi.
24-nji iýulda demirgazyk Wenesuelada güýji 7,2 we 7,5 bala deň bolan iki ýertitremede paýtagt Karakas şäherinde hem-de paýtagtdan uzakda bolmadyk kenarýaka La-Guaýra şt...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


Awgust aýynda Türkmenistanda köpçülikleýin medeni çäreler geçiriler

Awgust aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurtda dabaraly çäreler, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri geçiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa hasabat berdi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda mede...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


«Dedpul» filminiň täze bölümi barada habar berildi

«Marvel» studiýasynyň adybir filminde Dedpulyň keşbini döreden aktýor Raýan Reýnolds tapgyryň dördünji filminiň üstünde işlenilýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar. Öň aktýor baş gahrymany Dedpul bolan ýene bir filmiň gyzyksyz boljakdygyny aýdypdy. Şonuň üçin bu gezek onuň gahrymany Iks adamlar baradaky meşhur fantastik tapgyryň täze bölümin...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. Bu barada d...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, 1 month ago


Tramp Si Szinpiniň sentýabrda ABŞ-da saparda boljakdygyny habar berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Birleşen Ştatlara sapary 24-nji sentýabrda başlanar. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bu barada Waşingtonda geçen çärede yglan etdi diýip, TASS ýazýar.
Ýeri gelende aýtsak, Tramp 14-15-nji maýda Pekinde bolupdy. Waşington indi Hytaýyň Başlygynyň jogap saparyna garaşýar.
Öň ABŞ-nyň Döwlet...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň günbatarynda arheologlar gadymy oguz toplumyny ýüze çykardylar

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde irki orta asyrlara degişli täze taryhy ýadygärlik ýüze çykaryldy.
Gözli Ata kümmetiniň golaýynda ýerleşýän bu ýadygärlik gadymy oguz toplumynyň bir bölegi hökmünde kesgitlenildi — diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Toplumyň merkezi...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň wekilleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Pusandaky mejlisine gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti 19-njy iýulda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde öz işine başlan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşýar.
Bu halkara çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 1 month ago


«The Economist»: Ilon Mask Ýeri heläkçilige eltip biler

Dünýäde iň baý işewür Ilon Mask öz kompaniýasynyň emeli aňy (EA) işläp düzýän maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini Ýeriň orbitasynda ýerleşdirmek boýunça maksatnama taýýarlaýar. Bu barada «The Economist» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
Neşir tarapyndan pikiri soralan hünärmenler bu ädimiň planeta üçin heläkçilige eltip b...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Şanhaýdaky halkara ýaşlar dostluk lagerine işjeň gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat wekiliýet 12–22-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara interaktiw ýaşlar dostluk lagerine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, halkara çäresi dünýäniň 17 döwletinden gelen 107 mekdep okuwçysyny bi...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


Grin-kart lotereýasynda ýeňiji bolanlaryň ählisi wiza alyp ýetişmez

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2026-njy ýylyň awgust aýy üçin çap eden wiza býulleteninde Diversity Visa (DV-2026) maksatnamasy boýunça berilýän grin-kartalaryň çäginiň maliýe ýyly resmi taýdan tamamlanmazdan öň dolup biljekdigi barada duýdurdy.
Resminama laýyklykda, DV-2026 lotereýasynyň netijeleri boýunça hemişelik ýaşaýyş hukugyny almak mümk...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan we Gazagystan gümrük hem-de salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ý.Biržanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
23-nji iýulda bolan duşuşygyň barşynda taraplar gümrük we salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edar...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Siziň alyp barýan parasatly syýasatyňyz netijesinde Özbegistan yzygiderli ösýär we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýa...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


«Fitch Ratings» Türkmenistanyň uzak möhletleýin reýtingini «BB-» derejesinde, “Durnukly” çaklamasy bilen tassyklady

«Fitch Ratings» Halkara reýting agentligi Türkmenistanyň emitentiň uzak möhletleýin defolt reýtingini «BB-» derejesinde «Durnukly» çaklama bilen tassyklady.
Agentligiň bilermenleriniň berýän bahasyna görä, ýurduň maliýe durnuklylygynyň esasy daýanjy öňküsi ýaly berk döwlet maliýe ýagdaýy, döwlet bergisiniň örän pes derejesi hem-de dünýäde iň...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Gadymy Abiwerd galasy Türkmenistanda içerki syýahatçylygy ösdürmek üçin täsirli taryhy ýadygärlikdir

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine syýahatçylary has giňden çekmek, şeýle hem içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Ahal w...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabadyň kitaphanasynda tanymal ýazyjy Hemra Şirow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda görnükli ýazyjy, zehinli şahyr we dramaturg Hemra Şirow bilen ýaş okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga «Kitap – meniň dostum» maksatnamasynyň çäklerinde «Gujurly» bilim merkeziniň daşary ýurt dilleri okuwlarynyň diňleýjileri gatnaşdylar.
Tanymal...

Dowamy »

111 0
Bilim, 1 month ago


Ata Atdaýew Abu-Dabide geçirilen UAE Warriors 72 ýaryşynda ýeňiş gazandy

Türkmen garyşyk başa-baş söweş (MMA) sungatynyň ussady Ata Atdaýew 23-nji iýulda Abu-Dabidäki Space42 arenasynda geçirilen halkara UAE Warriors 72 ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandy. Türkmen türgeniniň garşydaşy Braziliýanyň söweşijisi Paulo Wiktor boldy.
UAE Warriors – bu Abu-Dabide ýerleşýän we Ýakyn Gündogaryň garyşyk başa-baş...

Dowamy »

97 0
Sport, 1 month ago