Russiýada, golaý bäş ýylda islegli boljak kärler belli edildi

Agronomlar, feldşer-weterinarlar we peýnir gaýnatmak boýunça tehnologlar Russiýada azyndan 2032-nji ýyla çenli iň islegli hünärmenler bolar. Bu barada Mordowada geçen «Iň gowy hünärmen» bäsleşiginiň federal tapgyrynyň açylyş dabarasynda çykyş eden zähmet we durmuş goragy ministri Anton Kotýakow habar berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu agzal...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalaryny saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärligini hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenilişi ýaly, bu ädim ýurduň hemişelik bitaraplyk, parahatçylygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasy we köptarapl...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Alym: Adam huşunyň möçberi 20 müň smartfonyňka deň

Adamyň beýnisi her biri 128 GB deň bolan 20 müň sany smartfonyň ýadyna deň maglumaty özünde saklamaga ukyplydyr. Bütindünýä beýni gününde Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag tehnologik unuwersitetiniň «Himiýa we biotehnologiýa» kafedrasynyň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Waleriý Litwinowyň bu barada sözlerini TASS habarlar gullugy...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda ilkinji gezek böwrek transplantasiýasy amallary amala aşyryldy

​Türkmenistanda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň hünärmenleri ýurtda ilkinji gezek çylşyrymly operasiýalaryň birnäçesini, şol sanda 13 sany näsagda böwrek transplantasiýasy amallaryny geçirdiler. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş-durmuş işjeňligi dowam edýär. Bu barada Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Saparmyrat Annamuha...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda Niderlandlarda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk sport toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň we çapyksuwarlaryň Ýe...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Litwada gazyň gorlary azalýar, elektrik energiýasy gymmatlaýar

Pribaltikadaky ýeke-täk Inçakaln ýerasty gaz saklawhanasynda «mawy» ýangyjyň başlangyç derejesi eýýäm bäş ýyldyr pese gaçýar, ony üstüni doldurmak bolsa, nyrhlaryň gymmatlygy bilen bagly haýal dowam edýär. Bu barada Litwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berýär.
Bu ýyl gyşyň sowuk bolmagy, Ýakyn...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen milli senenamasyna laýyklykda Üçýyldyz döwri başlandy

Türkmen halkynyň milli senenamasyna laýyklykda Aralyk döwründen soň dogýan Üçýyldyz 23-nji iýulda daňdanlar üç tirkeş bolup gündogar gözýetimde Aralyk ýyldyzynyň aşak ýanynda görünýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda şeýle bellenilýär:
«Aralyk döwründäki tirkeşip gelýän yssy, jöwzaly günlerden ýadan eždatlarymyz bas...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


NYP: Tramp Infantinonyň BMG-niň täze baş sekretary bolanyny kem görenok

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň Birleşen Milletler Guramasynyň täze baş sekretary bolmagyny isleýär. Bu barada amerikan liderine ýakyn çeşme «New York Post» gazetine habar berdi.
Gazetiň ýazmagyna görä, Trampyň pikiriçe, Infantino tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanmak bilen...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Şweýsariýada iki serhoş uçarmany uçardan düşürdiler

«Lufthansa» kompaniýasyna degişli bolan «Swiss Air Lines» (SWISS) howa gullugynda adatdan daşary waka boldy. Ženewa gatnaw uçuşyna taýýarlyk görülýärkä, uçary dolandyrmaly uçarmanlaryň ikisini-de serhoşlyk sebäpli, uçuşdan sakladylar diýip, «srf.ch» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Serhoş uçarmanlar Ženewadan uçulmanka saklandy. Ek...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 1 month ago


Ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistandan Özbegistana sapar bilen 164 müňden gowrak jahankeşde bardy

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow 2025-nji ýylda Özbegistana Türkmenistandan 370 müň syýahatçynyň baryp görendigini habar berdi. Bu barada ol 23-nji iýulda Aşgabatdaky Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynda geçirilen, Özbegistanda syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan her ýylky brifingde ed...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Özbegistanyň ilçisi: Daşkent «Hywa – Köneürgenç – Aşgabat – Mary – Buhara» syýahatçylyk ugrunyň uly geljeginiň bardygyny görýär

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Daşkendiň Türkmenistan bilen serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada ol 23-nji iýulda ilçihanada geçirilen brifingde mälim etdi.
«Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny i...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Dünýäde iň owadan söz belli edildi

Hünärmenler resmi däl ylmy-barlaglaryň barşynda dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler. Dilleri öwrenmek boýunça internet-meýdançanyň maglumatlaryna laýyklykda, bu maori dilindäki «kaýtiakitanga» (kaitiakitanga) sözi bolup, tebigat barada aladany aňladýar.
Bilermenler 75 dile degişli 223 sözden ybarat sanawy düzdüler. Ilki olary onlaýn-jemgyýe...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 1 month ago


R. Alimow: Özbegistan Türkmenistan bilen elektron wiza ulgamyny ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işleýär

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wizany ornaşdyrmak meselesiniň türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy. Ol bu barada 23-nji iýulda geçirilen brifingde Turkmenportal internet neşiriniň habarçysynyň sowalyna jogap bermek bilen mälim...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, 1 month ago


Makron sentýabrda ýetginjekler üçin sosial torlara gadaganlygyň güýje girýändigini yglan etdi

Fransiýada 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara gadaganlyk baradaky kanun täze okuw ýylynyň başynda güýje girer. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron «X» sosial torunda yglan etdi.
Makron kanuny goldandyklary üçin deputatlara minnetdarlyk bildirip, indi nobatyň Konstitusion kazyýete degişlidigini, ondan soňra internetde ç...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkiýede awtobus heläkçiliginde 30 adam ejir çekdi

Türkiýede Stambuldan Egeý deňziniň kenaryndaky Guşadasy şäherine barýan awtobus bilen bolan ýol-ulag hadysasynda 31 adam ejir çekdi. Bu barada «TRT Haber» teleýaýlymy habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, awtobusyň sürüjisi dolandyryşy elden berip, ýol germewine uruldy, soňra gara ýoldan çykyp agdy. Ejir çekenler hassahana eltildi.

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde onuň gaznalarynda saklanylýan, ýarym asyrlyk taryhy bolan çeper eserleri öz içine alýan «Grafika sungaty» atly tematiki serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy
Sergide türkmen grafika sungatynyň kemala gelmegine...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen mekdep okuwçylarynyň altysy 10–21-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdy.
Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.
Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherin...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetiniň wekilleri «Petronas» uniwersitetinde okuw tejribeligini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan hem-de mugallymlaryndan ybarat topar 14-nji iýuldan bäri Malaýziýada bolup, «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Maksat...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, 1 month ago


Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Mongoliýada bolýar

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 17 ýyldan soňra ilkinji gezek döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Ony Ulan-Batoryň halkara howa menzilinde bu ýurduň daşary işler ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Üç günlük saparyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, oba hojalyk, energetika, ulag hem-de medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary...

Dowamy »

102 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi maşgala dynç alyşynyň esasy merkezine öwrüldi

Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi (Aşgabat zooparky) mekdep okuwçylarynyň dynç alyş döwründe adaty bolşy ýaly maşgala dynç alyşynyň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gündelik ylmy-barlag toplumyna Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýüzlerçe ýaşaýjylary, şeýle hem ýurduň dürli künje...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkiýede döwlet dolandyryşynyň görnüşini üýtgetmekligi ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkiýäniň dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasy taýýarlyk görülýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýurdy dolandyrmagyň ýarymprezident görnüşine geçmek barada meseläni gozgaýarlar. Bu barada partiýadaky çeşmä salgylanýan «Ekonomim» gazeti habar berdi.
Ýagny partiýada munuň parlamenti berkitjekdigini hem-de onda dolandyryjy partiýanyň ag...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen tennisçileriniň Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

kanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynda Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bäsleşer.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Şri-Lankanyň paýtagtynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynyň saýlama ýaryşy geçirilýär. Ol hem ö...

Dowamy »

126 0
Sport, 1 month ago


Küştçi Ýudit Polgar Wengriýanyň Prezidenti wezipesinden ýüz öwürdi

Wengriýany küştçi zenan, grossmeýster Ýudit Polgar döwlet Baştutany wezipesine teklipden ýüz öwürdi. Oňa şeýle teklip ýurduň Premýer-ministri Peter Madýardan gelip gowuşdy diýip, «MTI» agentligine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
«Men biziň bölünen milletimizi birleşdirmek üçin taryhy jogapkärçiligi egnime almaga özümi ýeterlik güýçli duým...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň raýatlaryna ýüzlenmesinde ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, serhet çyzyklarynyň takyklanmagy netijesinde Respublikanyň umumy meýdany 200 müň inedördül kilometrden geçdi. 2020-nji ýyla çenli ýurduň çägi 19 million 994 müň gektara (199,9 müň inedördül kilometr) deňdi. Go...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, 1 month ago