Ata Watan
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar.
Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.
«Turkmentelecom»-dan internet we öý telefon hyzm...
«Nebitmaş» DK-da ŞF-20 izolýatorlaryny öndürmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy enjamy gurnaldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi....
Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi
Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri «Social Psychological and Personality Science (SPPS)» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Barlaglara 60 müň adam g...
Bişkekde Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.
1-2-nji dekabrda bolan maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymla...
Çehiýada haryt otlulary çaknyşdy
Çehiýanyň gündogaryndaky Pardubisk ülkesiniň Çeska-Trşebowa şäherinde iki sany haryt otlusy çaknyşdy. Bu barada «Report.az» habar berdi.
Netijede, bir adam ýaralandy. Wagonlaryň altysy demir ýoldan agdy, ýitgi 150 million kron (7 million dollar töweregi) bahalanýar.
Heläkçilige otlularyň birinji maşinistiniň ünssüzligi sebäp boldy, ol...
Honda howpsuzlyk kemeri bilen bagly kemçilik sebäpli ABŞ-da 300 müň ulagyny yzyna çagyrýar
Ýaponiýanyň Honda Motor Co. awtoulag öndürijisi öňdäki howpsuzlyk kemerlerinde öňe çekijiniň bir düzüm böleginiň ýoklugy sebäpli ABŞ-da 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar diýip, MarketWatch habar berýär.
Kampaniýa Accords we HR-V modellerine degişli bolar diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habarynda...
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti dekabryň başynda Berlinde iş saparynda bolar
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysyn...
Şu gün UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň nobatdaky tapgyry geçiriler
Şu gün, milli ýygyndylaryň oýunlary sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň, futbol boýunça Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary dowam etdiriler.
Sişenbe güni, 28-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň sekiz oýny geçiriler.
Has gyzyklylarynyň arasynda F toparçadaky oýunlary bellemek bolar,...
Merriam-Webster sözlügi 2023-nji ýylyň sözüni saýlady
Merriam-Webster kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary amerikan düşündirişli sözlügini düzüjiler emeli aňyň ösmegi bilen baglylykda “authentic” (“hakyky”) sypatyny 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýladylar. Bu barada sözlügiň redaktory Piter Sokolowski Associated Press agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip,...
Mark Sukerbergiň gün tertibi: näçede turýar, nähili geýinýär...
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar.
Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Düný...
Geçip barýan ýylyň iň gowy bäş smartfony saýlandy
Mobile-review portalynyň awtory 2023-nji ýylda çykan esasy smartfonlardan iň gowy bäş smartfonyň sanawyny hödürledi.
Sanawda birinji orny ýylyň iň gowy smartfony diýlip atlandyrylýan Samsung Galaxy S23 Ultra eýeledi. Şeýle-de bolsa, bu smartfonyň hem kemçilikleri bar. Şolardan biri, käbir ulanyjylaryň gözleriniň çalt ýadamagyna sebäp bolup b...
Hytaýda täze nesliň kompýuter prosessory işlenip düzüldi
Hytaýyň çip öndürijisi Loongson Technology täze nesliň Loongson 3A6000 kompýuter prosessoryny işläp düzdi. Onuň tanyşdyrylyşy Pekinde geçirildi diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berýär.
Prosessoryň görkezmeler toplumy we arhitekturasy doly derejede Hytaýda taýýarlanan, olar daşary ýurtlaryň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalaryna bagly...
Lew Ýaşin hakyndaky film Italiýada sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy
“Lew Ýaşin. Meniň arzuwymdaky derwezeban” filmi Italiýada geçirilen “Paladino d’Oro Sport Film Festival” atly halkara sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga eýe boldy. Filmiň režissýory Wasiliý Çiginskidir diýip, championat.com habar berýär.
Bu festiwala 40 ýurtdan 150-den gowrak film gatnaşdy.
Lew Ýaşin hakyndaky filmiň premýerasy...
Jennifer Lopez soňky 10 ýylda ilkinji albomyny çykarar
Jennifer Lopez “This Is Me... Now” ady bilen soňky on ýylda ilkinji studiýa albomyny çykarar. Reliz 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyna meýilleşdirilen diýip, Deadline neşiri habar berýär.
Dokuzynjy studiýa plastinkasynyň çykyşy aýdymçynyň 20 ýyl mundan ozal çykaran “This Is Me... Then” albomynyň ýubileýine gabat getiriler. Jeý Lonyň täze albomy...
OnePlus 12 iň kuwwatly Android smartfony bolup biler
OnePlus kompaniýasy OnePlus 12 flagman smartfonyny çykarýandygyny resmi taýdan anons etdi. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy 5-nji dekabrda geçiriler diýip, “Rossiýskaýa gazeta” habar berýär.
Kompaniýanyň prezidenti Li Szeniň aýtmagyna görä, täze smartfon “onýyllygyň flagmany” bolar we kuwwatlylygy boýunça Snapdragon 8 Gen 3 çibsetiniň esasynda işl...
Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy boldy
Madridiň “Realynyň” oýunçysy Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy hökmünde “Samba Gold” (“Altyn samba”) baýragyny aldy. Bu barada championat.com habar berýär.
Ses berişlikde ikinji orny “Al-Hilýal” saud klubunyň hüjümçisi Neýmar eýeledi, üçünji orunda “Pari Sen-Žermeniň” goragçysy Markinos ýerleşdi.
Bu baýrak...
Apple iPhone-larynda iOS 17-de göreji goramak aýratynlygyny hödürledi
Apple iň soňky iOS 17 täzelenmesinde ulanyjylaryň görejini goramagy maksat edinýän iPhone we iPad üçin Screen Distance funksiýasyny hödürledi.
Täze aýratynlyk, esasanam, çagalarda gözüň ýadamazlygynyň öňüni almaga we şowakörlügiň (miýopiýa) döremek howpuny azaltmaga kömek edýär.
Screen Distance aýratynlygy ekranyň we ulanyjynyň gözüni...
Sony şekiliň hakykylygyny kepillendirýän kamera tehnologiýasyny hödürledi
Sony kompaniýasy ýasama şekillere garşy göreşmek we AI (emeli aň) ulanyp, şekil ýasama hileleriniň öňüni almak üçin döredilen kameralardaky tanamak tehnologiýasynyň synagynyň ikinji tapgyrynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi. Ýönekeý sözler bilen aýdylanda, tehnologiýa kameranyň enjam çipinde ýazylan sanly gol bolup, suratyň alnan pursadynd...
Google köne smartfonlary ulanýanlar üçin «Calendar» goşundysyny öçürer
Tehnologiýalar dünýäsinde köne wersiýadaky Android-li smartfonlaryň aglabasyna täsir edip biljek üýtgeşmeler bolup geçer.
Wagtyňy guramagyň iň meşhur goşundylarynyň biri bolan Google Calendar ykjam goşundysy Android Nougat 7.1 we has köne enjamlarda işlemegi bes edip biler. Bu goşundynyň soňky täzelenmesinde peýda bolan täze baýdakdan mälimd...
Täze Zelandiýa ýaşlara çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwrer
The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň hökümeti "tutuş bir nesle" çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwürdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen kanunyň taslamasynda 2008-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglanlara çilim satmagy gadagan etmek girizildi. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda güýje girmelidi.
Kanuna laýyklykda...
Messi XXI asyryň iň gowy futbolçylarynyň reýtinginde Ronaldudan öňe geçdi
“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi “FourFourTwo” neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi bu at ugrundaky göreşde “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi. Liderleriň üçlügini 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we iki gezek Ýewro ýeňijisi (2008, 2012)...
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna gatnaşdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (C...
Dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler
5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada RF-iň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa hepdelik brifingde aýtdy diýip, Trend habar berýär.
“5-nji dekabrda Moskwada ýurdumyzyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gaz...
Teýlor Swiftiň konsert filmi 2023-nji ýylyň TOP-20 filmlerine goşuldy
Teýlor Swiftiň “Taylor Swift: The Eras Tour” konsert filmi 15 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 250 mln dollar gazandy. Bu barada The Hollywood Reporter neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Şeýlelikde, film 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň ilkinji ýigrimiligine girdi. Neşir onuň ähli döwürleriň iň üstünlikli konsert fil...
Gyrgyzystan milli baýdagynyň dizaýnyny resmi taýdan üýtgeder
Gyrgyzystanda döwlet baýdagynyň dizaýny üýtgediler. Konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet-hukuk meseleleri we Ýokary geňeşiň düzgünleri boýunça komitet üýtgetmeleri tassyklady diýlip, gyrgyz parlamentiniň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, 28-nji noýabrda komitet ilkinji okalyşda “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary b...