“Nissandan iň gowusy”: ABŞ-daky zawoddan täze “Nissan Murano” çykdy

“Nissan” kompaniýasy Smirne (Tennessi ştaty, ABŞ) zawodynda markanyň dördünji nesli bolan "Murano" krossowerini öndürip başlady.
"Bu awtoulag Nissandan iň gowy zatlary hödürleýär - onda batyrgaý dizaýn, ösen tehnologiýa we garaşylýandan has ýokary mümkinçilik bar" diýip, awtoulag önümçiliginiň uly wise-prezidenti Dewid Jonson aýtdy. Awtoulag...

Dowamy »

256 0
Tehnologiýa, 1 year ago


“Altyn globus – 2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

Golliwudyň daşary ýurt metbugaty assosiasiýasy “Altyn globus” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. 82-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 6-njy ýanwara geçilýän gije bolar.
Dalaşgärleri Los-Anjelesden YouTube-da göni ýaýlymda aktýorlar Mindi Kaling we Morris Çestnat yglan etdiler.
Şu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy ozal Ýewr...

Dowamy »

288 0
Sport, 1 year ago


Mahaçew bilen dýu Plessi UFC-de “Ýylyň iň gowy sabmişeni” adyna dalaş edýärler

Islam Mahaçew we Drikus dýu Plessi “Ýylyň sabmişeni” kategoriýasynda UFC-niň baýragyna dalaşgär boldular. Bu barada promouşeniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.
Baýrak garşydaşyň agyryly ýa-da demikdiriji usulyň netijesinde boýun egmegi bilen gazanylan has netijeli möhletinden irki ýeňiş üçin berilýär.
Russiýaly söweşi...

Dowamy »

286 0
Sport, 1 year ago


Alymlar hakyky Santa-Klausyň ýüz keşbini dikeltdiler

Ylmy gözlegçiler döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen IV asyrda häzirki Türkiýäniň çäginde ýaşan keramatly Nikolaý Mirlikiýskiniň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdiler. Hut onuň şahsyýeti Santa-Klausyň obrazynyň peýda bolmagy üçin esas boldy. Ylmy gözleg onuň kelle süňküniň we gadymy suratlandyrmalaryň derňewine esaslanýar diýip, Daily Mail habar berý...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, 1 year ago


Subaru, Lexus we Toyota 2024-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary diýlip yglan edildi

Consumer Reports žurnalynyň geçiren barlagynda dünýäniň iň ygtybarly awtoulag brendleri görkezilýär. Örän seýrek ýagdaýda näsazlyk tapýandygy we hereketlendirijisiniň durnukly işleýändigi sebäpli Subaru, Lexus we Toyota sanawda öňdebaryjy boldular.
68 utuk toplan we benzinli awtoulaglaryň arasynda ýokary durnuklylygy görkezen Subaru birinji...

Dowamy »

291 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Redmi K80 seriýasy ýere degirmän alynýar: 10 günde milliondan gowrak enjam satyldy

27-nji noýabrda satuwa çykarylan Redmi K80 seriýasy brendiň taryhynda iň köp satylan seriýa öwrüldi. Bary-ýogy 10 günde Xiaomi 1 milliondan gowrak Redmi K80 we K80 Pro modellerini satdy.
Satuwyň ilkinji gününde eýýäm 660 000-den gowrak smartfon satyn alyndy, bu bolsa Redmi K seriýasynyň öňki rekordlaryny täzeledi. Enjamlar bahasynyň häsiýetn...

Dowamy »

276 0
Tehnologiýa, 1 year ago


The Rolling Stones rok topary “erkinligiň we pitneçiligiň ysy” gelýän ilkinji atyryny çykardy

Britaniýanyň The Rolling Stones rok topary özüniň ilkinji RS No.9 atyryny hödürledi. Bu müşk ady rowaýata öwrülen toparyň aýdym-saz mirasyndan we 1960-njy ýyllaryň ruhundan ylham alýar diýip, Buro24 / 7 habar berýär.
Atyr hoşboý yslar äleminde täzelikçi Nirvana Brands we Universal Music Group-yň merçandaýzing boýunça bölnüp aýrylan Bravado...

Dowamy »

237 0
Täzelikler, 1 year ago


Coca-Cola plastigi gaýtadan işlemek meýilnamasyna täzeden seredýär: ol 50%-den 35%-e geçdi

Öňdebaryjy içgi öndürijisi we plastik zibilleriniň iň uly çeşmeleriniň biri Coca-Cola gaýtadan işlenen materiallary ulanmak boýunça “meýletin ekologiýa maksatlaryna” gaýtadan seretdi. Öň, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz önümleriniň gaplamalarynda 50% gaýtadan işlenen materialyň ulanylmagyny gazanmaga wada berdi. Häzir bolsa meýilnamalar 2035-nji ý...

Dowamy »

237 0
Täzelikler, 1 year ago


Marsdaky Asidaliý düzlüginde ýaşaýyş üçin şertler bar - alymlar

Barselona uniwersitetiniň alymlary Marsyň demirgazyk ýarym şaryndaky giňligi 2896 km bolan düzlügiň geljekde Ýerden daşardaky ýaşaýyş üçin esasy gözleg meýdançasy bolup biljekdigini aýtdylar. Bu barada Daily Mail habar berýär.
Gözlegçileriň pikiriçe, Asidaliý düzlügi diýlip atlandyrylýan sebitiň topragynda keseki mikroorganizmleriň bolmagy w...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, 1 year ago


Niderlandlarda demir gözleýji ulanylyp, wikingleriň döwrüne degişli seýrek duşýan tapyndy ele salyndy

Niderlandlardan bir höwesjeň Witmarsum şäheriniň golaýyndaky ekin meýdanlarynda wikingleriň döwrüne degişli seýrek duş gelinýän tapyndyny ele saldy. Ol tapyndy ýabany ýekegapanyň şekili bilen bezelen we X asyra degişli gylyçdyr.
Bu barada Friz akademiýasynyň metbugat beýanatyna salgylanyp, “Fox News” habar berýär.
Sander Wisser demir...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, 1 year ago


"Mersedes-Benz" Gün energiýasyny elektrik toguna öwürýän boýag döretdi

“Mersedes-Benz” elektrik öndürip bilýän we elektrik awtoulaglarynyň hereket energiýasyny ýylda 20 müň kilometre çenli ýokarlandyrmaga ukyply bolan täze boýag hödürledi. Boýagyň galyňlygy bary-ýogy 5 mikrometr (inedördül metr üçin ortaça 50 g) bolup, onda innowasion örtügi ulanylýar we Gün panelleri ýaly işleýär. Bu barada "New Atlas" habar berýär.<...

Dowamy »

273 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Neandertallar ilkinji suratkeşler eken: eýsem, olar gaýalaryň ýüzüne näme çekipdirler?

Sautgempton uniwersitetiniň hünärmenleri Ispaniýanyň Maltrawieso gowagyndaky gaýalarda saklanyp galan el yzlarynyň senesi bellediler. Gözlegçiler şekilleriň Neandertallar tarapyndan takmynan 66,7 müň ýyl ozal döredilendigini anykladylar. Bu taryhda ilkinji suratkeşleriň häzirki zaman adamlary däl-de, neandertallardygyny görkezýär diýip, Phys.org ýa...

Dowamy »

248 0
Täzelikler, 1 year ago


Şikaýat kazyýeti ABŞ-da TikTok-yň gadagan edilmeginiň kanunylygyny tassyklady

Şikaýat kazyýeti TikTok-y ABŞ-nyň çäginde gadagan etmek baradaky kanuny kanunalaýyk diýip hasaplady. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.
Kompaniýa bu çözgüdiň 170 mln amerikaly ulanyjynyň hukuklaryny çäklendirýändigini aýtdy, ýöne kazyýet milli howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşmegiň zerurdygyny nygtady.
Indi TikTok bu çözgüt bilen...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, 1 year ago


Hyundai 2026-njy model ýylynyň Palisade-ny görkezdi

Hyundai 2026-njy ýylyň modeli hökmünde hödürlenen Palisade wnedorožniginiň täze nesli barada maglumatlary aýan etdi. Satuwlar 2025-nji ýylda başlanar. Awtoulag täze dizaýna we dokuz ýolagça niýetlenen interýere eýe boldy diýip, Motor1 habar berýär.
Awtoulag Santa Fe we Creta modelleri ýaly, piksel stilinde, ýöne biraz salykatlyrak äheňde bez...

Dowamy »

258 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Alymlar gadymy “uly kelleli” Homo juluensis diýilýän adamlaryň näbelli görnüşi hakda gürrüň berdiler

Alymlar Merkezi Hytaýda gadymy adamlaryň galyndylaryny tapdylar, olara Homo juluensis ýa-da “uly kelleli adam” (hytaýça Ju lu – äpet kelle) diýlipdir. Bu gominidler 300–50 müň ýyl ozal ýaşapdyrlar, olaryň giň kelleçanaklarynyň içindäki beýniniň göwrümi 1700 sm³-e çenli bolup, häzirki adamlaryňkydan (1250–1600 sm3) uludyr diýip, Live Science habar...

Dowamy »

252 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýylyň reýtingi: professional tennisçiler kortda bir sagatda näçe gazanýar we kim öňdebaryjy?

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner 2024-nji ýylda ortaça sagatlyk girdejisi boýunça tennisçileriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Italiýaly türgeniň kortda geçirilen bir sagatdaky girdejisi 105,1 müň dollar boldy.
Reýtingi düzüjiler türgenleriň möwsümde gazanan pul baýraklaryny esas hökmünde aldylar. Ortaça sagatlyk girdeji umumy pul...

Dowamy »

318 0
Sport, 1 year ago


Ronaldudan UFL futbol simulýatory PS5 we Xbox Series üçin elýeterli boldy

5-nji dekabrda mugt UFL futbol simulýatorynyň relizi boldy. Strikerz studiýasynyň oýny PlayStation 5-de we Xbox Series-de eýýäm elýeterli, PK üçin wersiýa bolsa 2025-nji ýylda peýda bolar.
UFL arzuwyňdaky topary döretmek mümkinçiligini hödürleýän ulgamlaýyn simulýatordyr. Onuň mehanikasy EA Sports FC-den Ultimate Team režimini ýada salýar. O...

Dowamy »

333 0
Sport, 1 year ago


Kolumbiýa uniwersitetiniň inženerleri hemra aragatnaşygy üçin “ýorgan” ördüler

Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetiniň inženerler topary radioýygylykly aragatnaşyk üçin çeýe we ýeňil antennalary döretmekde adaty örme usulyna ýüzlendiler. Alnan “ýorgany” aňsatlyk bilen eplemek we açmak bolýar diýip, RBK ýazýar.
Alymlaryň aýtmagyna görä, şeýle antennalar uly hemra tarelkalaryna alternatiwa bolup, uzak ýa-da kyn ýerlerde a...

Dowamy »

280 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Arktikanyň buzlary 2027-nji ýyla çenli doly eräp biler

Alymlar ýene üç ýyldan Arktikanyň deňiz buzunyň eräp gutaryp biljekdigini aýdýarlar. Geteborg uniwersitetiniň barlagçylaryna salgylanýan Daily Mail neşiri bu howa bilen bagly çynlakaý netijelere getirer diýip habar berýär.
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ýyl Arktikadaky deňiz buzunyň iň az meýdany 4,27 million inedördül kilometre d...

Dowamy »

255 0
Täzelikler, 1 year ago


BYD awtoulag kompaniýasy Apple üçin iň uly iPad öndürijisi boldy

Hytaýyň BYD kompaniýasy Apple üçin iPad planşetleriniň iň uly öndürijisi boldy. Öz elektromobilleri we akkumulýatorlary bilen has tanalýan öndüriji bellenilen ugurda Taýwanyň Foxconn kompaniýasyny gysyp çykardy diýip, The Wall Street Journal neşirinde aýdylýar.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, iPad planşetleriniň 30%-den gowragy indi BYD-y...

Dowamy »

276 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Täze derman serişdesi 99% ýagdaýda AIW-den gorady

Emori uniwersitetiniň amerikan alymlary wirusa garşy derman serişdesi bolan "Lenakapawir-iň" kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny tamamladylar. Onuň ýylda iki gezek geçirilýän sanjymlary kesele garşy göreşmegiň adaty usullarynyň netijelerinden ep-esli ýokary bolup, AIW-den (adamyň immuno ýetmezçilik wirusy) goramakda 99% täsirlidigi görkezildi.

Dowamy »

271 0
Täzelikler, 1 year ago


Arheologlar Kuweýtde gadymy zergärçilik ussahanasyny tapdylar. Onuň azyndan 7000 ýyllyk ýaşy bar

Kuweýtde iň gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy. Onuň 7000 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär.
Kuweýtli we polşaly alymlaryň bilelikdäki arheologiki missiýasy Kuweýtiň demirgazygyndaky Bahra-1 diýilýän ýerde açyş etdi. Barlaglar şaý-sep ussahanasynyň miladydan öňki 5500-4000-nji ýyllar aralygynda sebitde bar bolan...

Dowamy »

271 0
Täzelikler, 1 year ago


Tesla-dan rekord: hiç bir kompaniýa şular ýaly gysga möhletde şeýle gymmatlamandy

Tesla dünýä bazarlarynda kapitalizasiýasyny rekord tizlik bilen ýokarlandyryp, dünýäde iň çalt ösýän kompaniýalaryň birine öwrüldi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol 38,1% gymmatlap, 1,1 trln dollara ýetdi diýip, investing portaly habar berýär.
Bazaryň başga-da birnäçe iri oýunçylaryna bazardaky ornuny berkitmek başartdy. Mysal üçin, ýetip gel...

Dowamy »

284 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Dynç günleriňde nirä gitmeli: “Ýerasty gorpamy” ýa-da sirke?

“Arkaç” kinoteatry
(9-njy dekabra çenli)
Zal 1:
15:00 – “Pariž köçelerindäki ýaryş” (Гонка по улицам Парижа, 2024, uruşly)
18:00 – “Parižli gul” (Холоп из Парижа, 2024, komediýa)
20:10 – “Gykylyk. Arwah möwsümi” (Крик. Сезон призраков, 2024, elhençlik/triller)
Zal 2:
15:10 – “Astral. Gijeki garabasma...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, 1 year ago


Samsung Galaxy S25 we S25+ smartfonlary täze 5 reňkde elýeterli bolar: bu nähili belli boldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 we Galaxy S25+ flagman smartfonlaryny azyndan bäş täze reňkde hödürlemäge taýýarlanýar. Bu maglumat smartfonlaryň SIM kart saklaýjysynyň suratlary arkaly tassyklandy.
Iki modeliň hem bu reňklerde elýeterli bolmagy ähtimal, emma Galaxy S25 Ultra modeliniň has sada dizaýnda we titan çarçuwaly bolmagy mümkindir.

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, 1 year ago