8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýa-da Bütindünýä işçi zenanlaryň güni aýal-gyzlara garşy jynsparazçylykly düşünjä garşy göreşmegiň günüdir.
Mundan 1.5 asyrdanam köp wagt öň deňhukukly işe deň aýlyk hakyny talap edip we iş ýerlerindäki ýaramaz şertlere garşy janlaryny orta goýup aýaga galan aýal-gyzlaryň bu günki-gün atlary ýatdan çykyp gidenem bolsa, olar başyny başlan göreşli ýollarynyň häzirki günlerde-de gahrymany bolup gelýärler. Bu gün ýer ýüzüniň zenanlary şol döwüriňkiden kän-kän tapawut etse-de, dowam edip gelýän bökdençlikleri şol atsyz gahrymanlaryň başyny başlan göreşinden mysal tutup dillenip bilýärler.
1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň tekstil kombinatynda işleýän ýüzlerçe aýal aýlyk haklarynyň pesligine, iş wagtynyň kadadan artykdygyna we adamkärçilige sygmajak ýaramaz şertlere nägilelik bildirip iş taşlaýyş yglan edýärler. Iş taşlaýyşlar dowam edip durka ýüze çykan ýangynda kombinatyň öňünde gurlan barrikadalary taşlamandygy sebäpli 129 işçi zenan ölüpdir.
50 ýyl owalky pajygaly wakany ýatlamak üçin 1908-nji ýylyň 8-nji martynda ýene Nýu-Ýorkuň tekstil kombinatynda işleýän aýal-gyzlar “Zenanlaryñ uly ýörişi” diýip at berlen mitingde has oňaýly iş şertleri, aýal-gyzlara ses berme hukugy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işledilmeginiň bes edilmegi ýaly meseleleri gozgaýarlar.
1910-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Kopengagende geçirilen Halkara Zenanlar konferensiýasynda şol konferensiýanyň sekretary bolan nemes syýasatçysy Klara Zetkin zenanlaryň ýylda bir gezek gününi bellemegi teklip edýär. Bu teklipden soň 1911-nji ýylda zenanlar güni ilkinji gezek Awstriýada, Daniýada, Germaniýada, Şweýsariýada bellenilipdir. Kän wagt geçmänkä, 1911-nji ýylyň 25-nji martynda Nýu-Ýorkda gapylara gulp urlup zor bilen işledilýän “Triangle” köýnek fabriginde ýangyn ýüze çykýar. Ýangynda 148 aýal ölýär.
Bütindünýä işçi zenanlaryň güni 1921-nji ýyla çenli mart aýynyň haýsam bolsa bir gününde bellenilipdir. Zenanlar gününiň 8-nji mart güni diýip 1921-nji ýylda Moskwada geçirilen Internasional zenanlar konferensiýasynda kesgitlenýär. Birinji jahan urşy ýyllaryndan başlap tä ikinji jahan urşunyň soňky ýyllaryna çenli birnäçe ýurtda gadagan edilen Halkara zenanlar güni 1960-njy ýyldan soň ABŞ-da-da bellenilip başlanýar. Bu bolsa 8-nji mart gününiň bütin dünýäde uly joşgun bilen bellenilmegine sebäp bolýar.
1975-nji ýylda Bütindünýä zenanlar ýyly diýip yglan edilenden soň Birleşen Milletler Guramasy 1977-nji ýylyň 16-njy dekabryndan her ýylyň 8-nji martyny Halkara zenanlar güni diýip bellenilmegi hakynda karary kabul edýär.
Dünýä derejesinde alanymyzda aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça soňky ýyllarda oňyn öňegidişlikler gazanylsa-da, aýal-gyzlar babatda alanda köpsanly meseleler entek çözülerden ir. Dünýäniñ iň garyp adamlarynyň aglaba bölegini häzirem aýal-gyzlar düzýär. Dünýäniň sowatsyz adamlarynyň aglabasy-da aýal-gyzlar. Şonuň üçin Halkara zenanlar gününiň aýal-gyzlaryň hukuklarynyň dikeldilmeginde, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşdyrylmagynda, bilim berlişiniň ýokarlanmagynda, umuman şular ýaly aktual meseleleriň orta atylmagynda ähmiýeti diýseň uludyr.
8-nji mart ýaly belli günlerde aýal-gyzlara garşy urp-adatlara duwlanyp edilýän dürli jenaýatlara, aýal-gyzlara we kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy dürli bidüzgünçiliklere, zorlukly jynsy jenaýatlara, mekdep ýaşyna ýeten gyzlaryň bilim almaga bolan hukugyndan bilkastlaýyn mahrum edilmelerine garşy çykyşlarymyzy has-da güýçlendirmek mümkinçiligi bar.
8-nji mart — HALKARA ZENANLAR GÜNÜNIŇ taryhy
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Plus...Plus...@Shahyrana
soho 3 years ago- (+)