Ilkinji milli sosial ulgam "Biz bärde" köpçülige açyldy

Ilkinji milli sosial ulgamy “Biz bärde” öz işine başlady. “Biz bärde” ulanyjylaryň özara gatnaşyklary üçin lenta, wakalar, blog, bb market ýaly funksiýalary hödürlenýär.

Ulanyjylar öz bloguny, saýlan harytlaryny, gruppalaryny we sahypalaryny hem dolandyryp bilýär.

“Biz bärde” sosial ulgamy “Türkmentelekom” elektrik kom...

Dowamy »

1012 11
Täzelikler, 4 years ago


BAÝ-BÄH / hekaýa

BAÝ-BÄH

Hindistan…
Gubernator we onuň hatyny zyýapat berýär…
Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň hatynlary we amerikaly tebigatşynas alym jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar.
Bir hatyn bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady.
Polkownik:
— Hatynlar h...

Dowamy »

1057 2
Edebiýat, 4 years ago


Gaýnene jan gaýnene / gaýneneli henekler

UMYT

Bir adam gaýnenesi bilen ýewropa syýahatyna gitmekçi bolýar. Dosty soraýar:
— Sen mydama "gaýnenem erbet" diýip zeýrenip ýöreňokdiňmi? Indi bolsa ýewropa syýahatyna gidýärsiňiz?
Dosty uludan dem alyp:
— Wah, nädeýin dostum. Ol tiz-tizden "Ýewropany görkezmän Allah janymy almasyn" diýýär… Meňki ýönekeýje...

Dowamy »

1188 1
Edebiýat, 4 years ago


Saýlanan gülküli HENEKLER /—3

henekler/—3
POKER: OÝUNÇY KAPUT

Poker… Gyzgalaňly oýun… Göçen kelleler… Ortada üýşmek pul… Oýunçy bar-ýoguny tikdi… Utuldy… Ýürek biçäre çydamady… Oýunçy kaput… "Eý oňa seret!" diýýänçälerem garaşyp durmady, giden-gitdä fiişt gidip göýberdi… Indi näetmeli? Muň aýalyna kim habar berer? Aralaryndan biriniň ýakasyndan tutdylar:

Dowamy »

1242 5
Edebiýat, 4 years ago


SAÝLANAN GÜLKÜLI HENEKLER /—2

henekler /—2
DERT BOLAN DÜÝŞ
Bir adam psihologa derdini aýdýar:
— Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz…
Psiholok:
— Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?.
Adam aglamjyrap jogap berýär:
— Näme, näm...

Dowamy »

1246 2
Edebiýat, 4 years ago


SAÝLANAN GÜLKÜLI HENEKLER

GÖWÜNLIK
Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:
— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.
Ikinjisi göwünlik berýär:
— Gowu-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.

NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ
Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan maha...

Dowamy »

1249 2
Edebiýat, 4 years ago


Ol ölenmi ýa-da diri? / Satiriki hekaýa

OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI?

1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz.
Montana...

Dowamy »

1121 0
Edebiýat, 4 years ago


Täsin aýna / satiriki hekaýa

TÄSIN AÝNA
(satiriki hekaýa)

Aýalym ikimiz myhmana girdik. O ýerden zeý ysy gelýärdi. Bütin asyr dowamynda çyra ýakylmadyk myhmanhanaň diwarlaryna şem ýakyp seretdik, bir topar alakadyr, syçanlar her ýana gaçyp gitdi. Gapyny ýapanymyzda daşardan giren şemal burçda üýşürylyp goýulan kagyzlary pytyratdy. Şem ýagty...

Dowamy »

1228 1
Edebiýat, 4 years ago


Aýyp kimde? / satiriki hekaýa

AÝYP KIMDE
(satiriki hekaýa)

Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat sekgiz ýarym-da ýygnaga hem barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.
H...

Dowamy »

1107 0
Edebiýat, 4 years ago


Meşhurlaryň durmuşyndan henekler

MEŞHURLARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER

Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip:
— Gardaş, şu aty jylawundan tutup dursaňyz, haýyş, men derrew poçtahana girip çykmaly.
— E-e, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn.
— Daşyňyzdan halal, ynsaply ada...

Dowamy »

1182 0
Edebiýat, 4 years ago


Geň-taňsy ogurlyk / satiriki hekaýa

GEŇ-TAŇSY OGURLYK

Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşara çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daş...

Dowamy »

1231 2
Edebiýat, 4 years ago


Gubernatorlyga saýlawlar / satiriki hekaýa

GUBERNATORLYGA SAÝLAWLAR

Mundan bir näçe aý ozal Garaşsyzlar partiýasy beýik New-Ýork ştatiniň gubernatory wezipesine meň dalaşgärligimi goýdy. Başka iki partiýa mister Stýuart A. Budfort we mister Jon T.Gofmanyň dalaşgärligini goýdy. Emma bu jenaplara garanda mendäki möhüm üstünlik, tegmilsiz at-abraýdy. Ikisiniňde "men" diýen döwü...

Dowamy »

1096 6
Edebiýat, 4 years ago


Meňzetmek / satiriki hekaýa

MEŇZETMEK

Men bir näçe ýyl owal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan:
”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip sorad...

Dowamy »

1047 0
Edebiýat, 4 years ago


Gaçgak / hekaýa

GAÇGAK
(hekaýa)

Bu wakaň hekaýasy örän uzyn.
Owwal Peşka ejesi bilen ýagyşda ezilip, kä ekini orup alynan atyzdan, kätede ädigine sary ýapraklar ýapyşýan tokaýdaky sokmak ýoldan daň atýança ýöredi. Soňra gapyň açylaryna garaşyp, garaňky däliziň astynda iki sagada golaý durdy. Däliz howl...

Dowamy »

1203 2
Edebiýat, 4 years ago


Bölekler

Bölekler:
Müň bir gije kitabynda halan şygyrlarym
:
Görüň bu gojany gezer illeri,
Sakgaly dyzyndan egri billeri.

Diýdim: «Neçüýn bukdyň dogry kamatyň?»
Diýdi: «Sebäbi bar bu melamatyň—

Ýaşlygym ýitirdim, rastym sözleýän,
Eglip şony gum-gusurdan gözleýän.
******
B...

Dowamy »

1277 0
Edebiýat, 4 years ago


BAZARA GEL BAZARA

BAZARA GEL BAZARA

Aljakmy ýa satjakmy,
Bazara gel, bazara:
Nazly nygmat datjakmy,
Bazara gel, bazara!

Bazarda bardyr nogul,
Puluň barmy, han ogul.
Jübiňe häzir bolgul,
Bazara gel, bazara!

Gyz-gelinler hatar-a,
Her kim zadyn satar-a,
Pursa...

Dowamy »

1334 0
Edebiýat, 5 years ago


ÝOLDA ÝOLUGAN hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

ÝOLDA ÝOLUGAN
Hekaýa

Düzüm-düzüm durna uçdy, hatar-hatar gaz geçdi. Topar tutup gelen gara-gara gargalar şüdügär meýdanyň
üstünde dynuwsyz gagyldaşdylar.
Guran ot-çöpleri rehimsiz dalap, şahalardaky soňky ýapraklary aparyp, agaçlary ýalaňaçlamak üçin giçki
güýzüň sörtük şemaly şuwlap başlady.
Agyr...

Dowamy »

1492 1
Edebiýat, 5 years ago


AŞYGYŇ AÝDYMY

AŞYGYŇ AÝDYMY

Paý ornuna gadam goýup ser bile,
Gezýän halka gülki bolup yzyňda,
Guw sen, gökden uçýaň, menem ýerbile,
Beýle doňýüregi bormy gyzyň-da?!

Eýgerdenok erkiň bilen edebiň,
Derdim agyr, neneň dözeýin jana,
«Bagt näme?» diýlen baky jedeliň,
Çözgudini neneň çözeýin, jana...

Dowamy »

1389 1
Edebiýat, 5 years ago


Goşgy okap bereýin…

GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,

Dowamy »

1479 1
Edebiýat, 5 years ago


SURATKEŞ hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

SURATKEŞ
Hekaýa

Ülkä belli suratkeş goşgy heserine ulaşdy. Surat çekýän galamyny döwet galamyna çalşyp, dünýäni unudyp, şygyr sungatynyň näzini çekip başlady. Gündiz çaý-naharyny sowatdy, gije ukyny gysgaltdy. Irkildi, ymyzgandy, ýöne çuň uka çümüp bilmedi. Surat çekýän döwürleri görýän düýşleri dagy ýele ýanynda...

Dowamy »

1350 0
Edebiýat, 5 years ago


EJEMIŇ AGLAN GÜNI hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

EJEMIŇ AGLAN GÜNI
Hekaýa

Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada. Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde
ejem kakama ýüzlenip:
– Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden assyrynlyk bilen kakama seretdim. Ol a...

Dowamy »

1584 4
Edebiýat, 5 years ago


Bedene ýumurtgasynyň saglyk ähmiýeti

Bedene ýumurtgasynyň saglyk ähmiýeti.



Berkarar döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk we guşçylyk ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda towuk, bedene, käkilik ýetişdirmäge, olardan etdir ýumurtga almaga aýratyn üns berilýär. Şol önümleriň içinde beden ýumurtgasy aýratyn tapa...

Dowamy »

1835 2
Bilim, 5 years ago


SAWÇY hekaýa

SAWÇY
Hekaýa

Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
– Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi. – Bu zamanyň adamsy eli ýukaň ýüzüne seretmez, nämeligiňi bildirme-de, aş gatyklaber agzyňda. Senden hasabat soraj...

Dowamy »

1693 6
Edebiýat, 5 years ago


WEZIPE WE «DOSTLAR»

WEZIPE WE «DOSTLAR»

Işjeňdi ol, gujur bardy bedende,
Tegelände ýaňy kyrkyň onuny,
Wezipä bellejek diýdiler ony—
Täzeledi penjegini donuny.

Tanamdadyksyrap ýörenler ozal,
Gelip başladylar oňa «salama».
«Ol ulaljak» diýip myş-myş ýarýandan,
Olar ony gutlap ýazdylar nama.
<...

Dowamy »

1549 3
Edebiýat, 5 years ago


KLASDAŞ

KLASDAŞ

On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.

Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş

Dowamy »

1742 4
Edebiýat, 5 years ago