Bedene ýumurtgasynyň saglyk ähmiýeti.



Berkarar döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk we guşçylyk ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda towuk, bedene, käkilik ýetişdirmäge, olardan etdir ýumurtga almaga aýratyn üns berilýär. Şol önümleriň içinde beden ýumurtgasy aýratyn tapawutlanýar. Bedene ýumurtgasy ol örän ähmiýetli, ýokary kaloriýaly berhizlik iýmitdir. Ol aýratynam ýaş çaganyň ösüşinde, hassaçylykdan saplanylýan döwürde, göwreli zenanlara zerur gerekdir. Ondan başgada öz saglygy, sagdyn iýmit barada alada edýän adam iýmit önümleriniň sanawyna bu täsin ýokumy goşmalydyr.

Şeýlelikde bedene ýumurtgasyny çigligine içmek, gaýnadylan görnüşde iýmek maslahat berilýär. Ýöne gaýnadylanda peýdaly häsiýetleri ýitmez ýaly belli bir tertibi saklamak gerek.

Adam bedenine täsiri

Protein we ýumurtga sarysy deň derejede beden üçin gerek. Olarda adam bedeniniň doly işlemegi üçin peýdaly maddalaryň birnäçesi bar.

Aýratynam, aşakdaky maddalar köp mukdarda saklanýar:

1. В, А, РР topar witaminler.

2. Diňe iýmit bilen kabul edilýän öwezini dolup bolmaýan aminoturşylar. Olarsyz kadaly ösüş, zeperlenen dokumalaryň dikelmegi, proteinleriň, gormonlaryň, enzimleriň sintezi, antitelalaryň emele gelmegi gowşaýar.

3. Mineral maddalar (demir, kalsiý, kaliý, magniý, mis, sink we beýlekiler). Bu himiki elementler süňk dokumasynyň, ganyň emele gelmegine, nerw ulgamynda nerw impulslarynyň ýaýramagyna gatnaşýarlar.

4. Bedene ýumurtgasynyň düzümindäki doýgun däl ýag turşular bolsa «erbet» holesteriniň bedenden çalt çykmagyny gazanýarlar.

5. Lesitin gepatoprotektor bolup hyzmat edýär.

Şonuň ýalyda bedene ýumurtgasynyň gabygynda (skorlupa) peýdaly maddalar (kalsiý karbonaty, kremniý, zink, ftor, kükürt, mis we beýleki mikroelementler) saklanýar. Şonuň üçin onuň ownadylan külkesi çagalaryň rahit, ulularda osteoporoz keselini bejermekde giňden ulanylýar. Öý şertlerinde külkäni taýýarlamak üçin gaýnadylan ýumurtganyň gabygyny alyp, oňat ýuwmaly we guratmaly hem-de sokuda ýençmeli. Onuň düzümindäki kalsiýniň aşgazanda oňat sorulmagy üçin üstüne limon şerbetiniň birnäçe damjasyny damdyrmaly we biraz balyk ýagyny goşmaly. Ululara 1 çaý çemçeden günde bir gezek, çagalara ýarym mukdaryny bermeli. Beden ýumurtgasynyň adam bedenine täsiri köp taraplydyr. Çünki onuň täsiri ähli synalarda we ulgamlarda ýüze çykýar.

Has takygy ol:


Bedeni zerur iýmitlik maddalar bilen üpjün edýär.

Süňki berkedýär we onuň ösüşini goldaýar.

Çagalaryň akyl-huşuny ösdürýär.

Bagyr öýjüklerini zäherleriň täsirinden goraýar (gepatoprotektor).

Immuniteti goldaýar.

Zyýanly holesterini bedenden çykaryp, ýüregiň işemiýa kesellerini duýdurýar.

Düzümindäki tirozin aminoturşy ýüze ýaşlyk we gözellik öwüşginini berýär, nurlandyrýar.

Bedene ýumurtgasy iýmitlik hökmünde:


Bedeniň gowşamagynda (aýratynam çagalarda).

Gan azlykda.

Rahitde.

Bagyr kesellerinde.

Inçekeselde, distrofiýada (göýdüklikde).

Psihiki ösüşden yza galynanda.

Jynsy gowşaklykda

Aterosklerozyň öňüni almakda.

Göwrelilik döwründe.

Himioterapiýadan, şöhle bejergisi alynandan soň.

Deride we saçda zeperlenme bolan ýagdaýynda.

Bedene ýumurtgasyny çigligine, bişirmäni içip bolarmy? Elbetde ýokançlyklardan gorkmasak çig içip hem bolar. Beýle ýagdaýda onuň täsirliligi has artýar. Ýöne onuň bilen salmonellez keseliniň ýokuşmak howpunyň bardygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Şonuň üçin ol çagalara bişirilen-gaýnadylan görnüşde berilse has maksadalaýyk bolar. Ýumurtgany 3-5 minut töweregi gapagy ýapylan gapda gaýnatmak ýeterliklidir. Dietologlar 3 ýaşa çenli çaglara – günde 2 ýumurtga; 10 ýaşa çenli – 3; 16 ýaşa çenli 4; ululara 4-5 sanysyny ulanmagy maslahat berilýär. Bejeriş täsiri almak üçin ýumurtgany 2 aýa çenli ulanmagyň zerurdygy bellenilýär. Iň azyndan 2 hepde iýilmegi zerurdyr. Sagdyn adamlar ony wagtal - wagtal ulanyp bilerler. Çagalara 6 aýlykdan soň iýmitine goşmak mümkin.

Ýöne bedene ýumurtgasyny iýmekligi şu aşakdaky ýagdaýlarda çäklendirmek gerek:


Semiz we aşa semiz adamalara,

Öt-daş keselli näsaglara,

Allergiýaly näsaglara,

Aşgazan we içege keselleriň ýiti döwründe,

Proteiniň özleşdirilişi bozulanlara.

Halk lukmançylygynda hem beden ýumurtgasynyň waspy ýetirilýär. Hytaý we Ýapon lukmançylygynda bu önüm gadymdan bäri ulanylýar. Ol sagdyn iýmit hasaplanylýar.

Bedene ýumurtgasy – tebigat tarapyndan döredilen ajaýyp önüm hasaplanyp, onuň gadyr-gymmaty bedende iýmit maddalarynyň köpdürliligini üpjün edýär. Bedene ýumurtgasy towugyňkydan tapawutlylykda B1 we B2 witaminleri 2,5; demiri we kaliýni 5 esse köp saklaýar. Şeýle- özünde A witaminini, fosfory, nikotin turşusyny, kobalty, misi we beýleki aminoturşylary köp mukdarda saklaýar. Bedene ýumurtgasy çagalarda diatezi, allergiýa ýagdaýyny döretmeýär. Şeýlelikde ony emeli usulda iýmitlendirilýän çagalaryň gündelik iýmitiniň düzümine goşmak ýerliklidir.
Bolgar alymlarynyň barlaglary bedene ýumurtgasynyň jyns ukyba täsirini wiagra dermany bilen deňeşdirip, onuň häsiýetiniň has ýokarydygyny nygtaýarlar. Netijede «Ýaşlyk» atly kokteýl taýýarlanyp, gowşak adamlara hödürlenýär. Ýaponiýada çagalara günde 1-2 bedene ýumurtgasyny iýdirmek däbe öwrülipdir, şonlukda olaryň akyl-huş, ýatkeşligi, gözüniň görgürligi ýokarlanyp, az keselleýärler, çalt ösýärler. Şeýle-de ol ýadawlygy aýyrýar we zäherleri, radionuklidleri bedenden çykarýar. Ýaponiýada mekdep okuwçylaryna günortanlyk naharynda 2 -3 sany bedene ýumurtgasy berilýär. Dersleri özleşdirmäge, ýatlamaga, ünsli bolmaga ýardam edýär. Dem alyş ýollarynyň respirator keselleri bilen kesellemeklik üzül-kesel azalýar. Türgenlerde ol bedeni ýeterlik minerallar bilen üpjün edip, fiziki işjeňligiň ýokary derejede saklanmagyny gazanýar. Türgeni dürli ýokançlyklardan goraýar, dikeldiş döwrüni çaltlandyrýar. Sanalan we başgada köp sanly oňaýly täsirleri bu iýmitlik önümi beden üçin has zerurlarynyň sanawyna goşýar. Islenilmeýän täsirini bolmazlygy onuň ekologiki taýdan arassa - peýdaly tarapydyr. Bedene ýumurtgasyny iýiň – noş bolsun!

Çeşme: next.tm

Bilim, Gürgençli tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir