TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze görnüşli hyzmatlary hödürleýär

TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynda “Ugradylmaga taýýar harytlar” hem-de “Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary” diýen iki sany täze bölüm açyldy. Şeýle-de indi bu platformada Türkmenistanda ilkinji gezek — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligi ýola goýuldy.
“Ugradylmaga taýýar harytlar” bölüminde amatly bahala...

Dowamy »

380 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

12-nji sentýabra çenli Ýere 5 sany asteroid golaýlar

12-nji sentýabra çenli bäş sany asteroid Ýere golaýlar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek agentliginiň (NASA) web sahypasynda habar berildi.
Kosmos agentliginiň habar bermegine görä, öýe deň ululykdaky asteroid 6-njy sentýabrda Ýere örän ýakyn geler. Onuň Ýer togalagyndan 5,11 million km aralykdan geçjekdigi kesgitle...

Dowamy »

277 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Heinz» üwmejiň reňkindäki diwar boýagyny döretdi

Dünýäde ilkinji gezek «Heinz Tomato Ketchup» we «Lick» kompaniýalary bilelikde önüm çykardylar we ony çäkli mukdarda hödürlediler diýip, gazeta.ru «Leicestermercury» neşirine salgylanyp habar berýär.
«Lick» kompaniýasy gurandan soň «Heinz Tomato Ketchup» üwmejiniň reňkini alýan pigmentleriň özboluşly garyndysyny döretdi.
«Gyzyl reňk ä...

Dowamy »

364 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Altyn topa” dalaşgärleriň hataryna goşulmady

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragyna 30 dalaşgär oýunçynyň hataryna goşulmady. Bu barada sport-interfax.ru habar berýär.
Dalaşgärleriň sanawy baýragyň guramaçysy bolan “France Football” žurnaly tarapyndan neşir edildi. Sanawda, aýratynam, baýragyň häzirki eýesi fransiýaly Karim...

Dowamy »

375 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatdaky «Ykdysatçy» okuw merkezi diňleýjileri okuwa kabul etmegiň möhletini uzaltdy

Aşgabat şäherindäki «Ykdysatçy» okuw merkezi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin «Buhgalterçilik hasaba alnyşy» we «Bank işi» hünärleri boýunça diňleýjileri okuwa kabul etmegiň möhletini 13-nji sentýabra çenli uzaltdy.
Okuwa Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäk...

Dowamy »

501 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk...

Dowamy »

296 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Polestar brendi öz smartfonyny çykarar

Geely konserniniň düzümine girýän Polestar kompaniýasy öz smartfonyny çykarmak bilen Hytaý bazarynda 4 indeksli kros-kupeniň satuwyna başlar. Markanyň başlygy Tomas Ingenlatyň CNBC teleýaýlymyna beren habaryna görä, smartfon hem, elektrik awtoulagynyň media ulgamy hem bir operasiýa ulgamynda işlär.
Taslama ulanyjynyň smartfony bilen elektrik...

Dowamy »

363 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponiýada täze kaşaň Toyota Century krossoweri hödürlendi

Toyota kompaniýasy täze kaşaň krossower Century krossowerini hödürledi. Ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, 1967-nji ýyldan bäri bu model diňe sedan görnüşinde hödürlenip gelipdir; indi sedan we krossower ugurdaş öndüriler.
Krossower 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisine esaslanýan gibrid güýç gurluşyny aldy. Aňrybaş...

Dowamy »

364 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Mail.ru poçtasy möhüm habarlary tapawutlandyrmagy öwrendi

VK topary Mail.ru poçtasynda işe girizilen täze aýratynlygy yglan etdi. Hyzmatda ulanyjy üçin hatlaryň ähmiýetlisini özbaşdak kesgitleýän akylly algoritm bar, şonuň üçin hakykatdanam möhüm habary ýitirmek mümkinçiligi azalýar. Ýyldyrymyň nyşany görnüşindäki bildiriş hatyň kesgitli alyjy üçin ähmiýetlidini görkezer.
Döredijileriň pikiriçe, he...

Dowamy »

375 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Google kompaniýasy Chrome-yň 15 ýyllygyna onuň dizaýnyny täzeledi

Google täzelenen Chrome brauzerini görkezdi. Gözleg ägirdi Chrome-yň 15 ýyllygyna programmanyň dizaýnyny birneme täzelemegi karar etdi.
Täze dizaýn häzirlikçe diňe kompýuter wersiýasyna degişli bolar. Başga düýpli üýtgeşiklik ýok, ýöne programma Material You-yň dizaýnyna laýyk geldi. Google nyşanlary täzeledi, täze reňk kombinasiýalaryny dör...

Dowamy »

382 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Dünýäde 88 müň kriptomillioneriň bardygy hasaplanyldy

Dünýäde 88 200 kriptomillioneriň bardygy hasaplanyldy we olaryň ýarysyna golaýy (40 500) öz emlägini bitkoinlerde saklaýar. Şeýle maglumatlar Henley & Partners kompaniýasy tarapyndan on ýyldan gowrak wagt bäri halkara hususy kapital migrasiýasynyň tendensiýalaryny yzarlaýan New World Wealth bilen bilelikde neşir edilen kriptobaýlyk baradaky ilkinji...

Dowamy »

290 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Yandex YandexGPT neýrosetini täzeledi

Yandex YandexGPT neýrosetiniň täze wersiýasyny çykardy. Täze YandexGPT 2 dil modeli, döredijileriň pikiriçe, birinji wersiýa garanyňda has köp dürli meseläni çözüp biler we jogaplarynyň hili ep-esli ýokarlandy. Şeýlelikde, YandexGPT 2 jogaby dürli ulanyjylara uýgunlaşdyryp, ony beýleki stillerde we žanrlarda täzeden ýazyp biler. Neýroset, meselem,...

Dowamy »

392 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Mortal Kombat» oýnunda aktrisa Megan Foks peýda bolar

«Mortal Kombat 1» söweş oýnunyň awtorlary Nitara atly gahrymanyň keşbini meşhur aktrisa we model Megan Foksyň ýerine ýetirendigini habar berdiler. Bu barada oýnuň resmi kanalynda ýerleşdirilen wideoda habar berildi.
Megan Foks diňe bir wampir söweşijä ses bermän, eýsem, öz keşbini hem sowgat berdi – işläp düzüjiler Nitarany aktrisanyň keşbin...

Dowamy »

291 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň...

Dowamy »

290 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy açyldy

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi resmi taýdan açyldy diýip, TASS habar berýär. Halkara ýagdaýyna garaýyşlaryny hödürlemek we ählumumy kynçylyklara garşy göreşmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin dünýäniň çar künjeginden ýygnanjak ýolbaşçylary we daşary işler ministrleri bilen 19-25-nji sentýabr aralygynda geçjek ýokary derejeli he...

Dowamy »

300 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasy näçe girdeji getirýär

Ýewrokuboklar diňe bir abraý däl-de, eýsem puldur. Bu ýaryşlaryň gatnaşyjylara goşmaça näçe pul getirýändigi barada bombardir.ru aşakdaky maglumatlary berýär.
Çempionlar ligasy – 2023/24 näçe pul getirer?
Bu ýaryşyň umumy baýrak gaznasy – 2 mlrd ýewro. Onuň bölünişi şeýle (maglumatlar AS saýtyndan):
- Her klub 15,64 mln ýewroda...

Dowamy »

524 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möçberini ylalaşdylar

Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Taalaýbek Baýgaziýew Türkmenistan bilen 2023-2024-nji möwsümde elektrik üpjünçiligi barada ylalaşyk gazanylandygyny, satyn alynýan energiýanyň bahasy barada gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi. Muny Tazabek agentligi ýetirýär.
Resmi wekiliň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiý...

Dowamy »

299 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponiýa Aýa ilkinji gonuş modulyny uçurdy

SLIM diýlip atlandyrylýan, Ýaponiýanyň ilkinji Aýa gonuş modully H2A raketa göterijisi Kagosima prefekturasynyň günorta-günbataryndaky Tanegasima kosmos merkezinden bat aldy. Uçuryş Ýaponiýanyň aerokosmiki gözlegler gullugy (JAXA) tarapyndan göni ýaýlyma berildi.
Ondan öň howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli moduly goýbermeklik birnäçe gezek...

Dowamy »

369 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

BMG 2023-nji ýylyň tomsuny howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssysy diýip atlandyrdy

BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habaryna görä, Ýer togalagy 2023-nji ýylyň tomsunda iň yssy üç aýy başdan geçirdi.
"Planetamyz ýap-ýaňyja gaýnama möwsümini – howa gözegçilikleriň bütin taryhynda iň yssy tomsy başdan geçirdi " – diýip, gurama BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sözlerini getirýär. Ol dünýäde bilelikdäki taga...

Dowamy »

277 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ABŞ-da howpsuzlyk ýassygy sebäpli 50 milliondan gowrak awtoulag yzyna ýygnalyp bilner

ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy köpçülikleýin yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etmek üçin deslapky karary kabul etdi. Ol näsaz howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan 50 milliondan gowrak ulaga degişli bolup biler. Bu mesele boýunça jemgyýetçilik diňlenişigini 5-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär, şondan soň NHTSA...

Dowamy »

390 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago