Hytaý birbada 4,3 million ulagy yzyna ýygnaýar
Hytaýda 10 brende degişli bolan 4,3 milliondan gowrak ulag yzyna çagyrylýar. Muňa adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmaga niýetlenen mehaniki gapy tutawaçlarynyň o diýen göze ilmän, agyr ýol-ulag hadysalaryndan soň ýolagçylara maşyndan çykmaga päsgel berip bilmegi sebäp boldy, diýip «CnEVPost» neşiri habar berýär.
Hytaýyň Bazary düzgün...
Detroýtda sapagy goýbermedik mekdep okuwçylaryna $1000 tölener
Detroýtda (ABŞ-nyň Miçigan ştaty) sapaklaryny goýbermän, yzygiderli mekdebe gatnan okuwçylar 1 müň dollara çenli sowgatlyk kart alyp bilerler. Bu barada Fox News teleýaýlymy habar berýär.
Ýokary synp okuwçylaryna sypdyrman sapaga gatnaşan her hepdesi üçin 100 dollar möçberinde elektron sowgatlyk karty berilýär. Şunlukda, olar dört he...
«Iň gowy ýeňişlerimiň biri»: Norris «Formula-1-iň» yzly-yzyna ikinji ýaryşyny utdy
McLaren toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris Niderlandlaryň Zandwort şäherinde geçirilen «Formula-1» ýaryşynda birinji orny eýeläp, yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy.
Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Mercedes toparynyň wekilleri Andrea Kimi Antonelli we Jorj Rassell eýelediler.
«Ýaryşa başlaýşym hakd...
Efiopiýaly ylgawçy 2 ýylda 2 gezek ýarym marafonuň rekordyny döwdi
Efiopiýaly Ýomif Kejelça Buenos-Aýres (Argentina) şäherinde 21,1 kilometrlik aralygy 56 minut 51 sekuntda geçip, ýarym marafon boýunça dünýä rekordçysy adyny gaýtaryp aldy.
Kejelça ugandaly Jeýkob Kiplimonyň mart aýynda Lissabonda görkezen (heniz World Athletics tarapyndan tassyklanmadyk) 57 minut 02 sekuntlyk netijesini gowulandyrdy...
Sehudo RAF tituly ugrundaky göreşde Dwalişwilini 36 sekuntda ýeňdi
UFC-niň öňki çempiony, amerikaly Genri Sehudo erkin göreş boýunça geçirilen Real American Freestyle (RAF) 12 ýaryşynda gruziýaly Merab Dwalişwiliden üstün çykyp, öňki ýeňlişi üçin aryny aldy.
RAF-yň ýeňil agramdaky çempionlyk duşuşygy ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde geçirildi. Oňa dürli söweş sungatlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Sürüjileri işden «sessizje» çykarandygy üçin Uber-e tas $1 milliard jerime salyndy
Niderlandlarda Maglumatlaryň goralyşyny düzgünleşdiriji edara (AP) Uber-e 825 million ýewro (tas 966 million dollar) möçberinde uly jerime saldy. Bu barada Reuters habar berdi.
Jerimäniň salynmagyna 2020–2022-nji ýyllar aralygynda kompaniýanyň sürüjiler bilen işleşende dolulygyna awtomatlaşdyrylan algoritmlere bil baglamagy sebäp bol...
Bişkekde Merkezi Aziýanyň iň belent synlama çarhy gurnaldy
Bişkekde belentligi 92 metrden geçýän synlama çarhy gurnaldy.
Bu barada «Asman Park» maşgala-dynç alyş merkeziniň durkuny täzelemek işleriniň gidişini barlan şäher häkimi Aýbek Junuşaliýew munisipalitetiň metbugat gullugyna habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu Merkezi Aziýada şeýle görnüşli attraksionlaryň iň belendidir.
Lotereýada ikilenç utan amerikaly puluny mätäç maşgalalaryň çagalaryna bagyşlady
Demirgazyk Karolina ştatynyň ýaşaýjysy Kristian Breton dessin utuşly lotereýada eýýäm ikinji gezek uly möçberde pul utdy. Ol baýragyň bir bölegini ýaşaýan ýerindäki kömege mätäç maşgalalaryň çagalaryna ýardam bermek üçin harçlamak kararyna geldi. Bu barada Lottery Post neşiri habar berýär.
6-njy awgustda Breton 30 dollara «$100 000 C...
Hytaý robotlary Useýn Boltuň 100 metr aralykdaky rekordyny täzelediler
Hytaýyň ynsanpisint robotlary ýamaýkaly meşhur sprinter Useýn Boltuň 100 metr aralykda goýan 9,58 sekuntlyk dünýä rekordyny täzelediler.
Taryhy ylgawlar Pekinde geçirilen Robotlaryň ikinji bütindünýä oýunlarynda boldy. Robotlar tizlik boýunça adamy yzda galdyrsa-da, pellehana ýetilen pursady olara entek kämilleşmegiň gerekdigi belli...
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen PETRONAS täze Ähtnama gol çekdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
21-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde J.Gurbangeldiýewiň, Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaými bin Ahmad Tajuddiniň we...
ÝB-niň alty ýurdy nebit kompaniýalaryna aşa uly girdeji üçin salgyt salmagy talap edýär
Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Polşa, Portugaliýa we Ispaniýa Ýewropa Bileleşigini (ÝB) nebit kompaniýalarynyň aşa uly girdejileri üçin salgyt salmak meselesini maslahatlaşmaga çagyrdylar. Bu başlangyç dünýä bazaryndaky durnuksyzlygyň täsiri netijesinde olaryň girdejileriniň birden ýokarlanmagy bilen baglydyr diýip, AFP agentligi habar berýär.
...
Kaşaňlygyň täze nusgasy: Hyundai-yň premium-brendi täze mähnet krossowerini görkezdi
Hyundai-yň düzümindäki Genesis lýuksa ulaglar brendi täze flagmanyny — äpet Genesis GV90 elektrokrossowerini köpçülige hödürledi.
Ulaga ýöne bir uly diýmek bärden gaýdýar, ol, hakykatdan hem, äpet: uzynlygy 5286 mm, tigir bazasy bolsa 3246 mm-e deňdir.
Model täze eMP batareýa platformasynyň binýadynda guruldy. Ol 657 a...
ABŞ-nyň kazyýeti 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalaryny gadagan edýän karary ýatyrdy
Nýu-Ýork ştatyndaky federal kazyýet ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalarynyň berilmegini gadagan edýän kararyny ýatyrdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Döwlet departamenti degişli çäklendirmeleri 2026-njy ýylyň başynda girizipdi. Bu kararyň üstünden adam hukuklaryny goraýjy guramalar, im...
3,7 milliard ýyl öň bu ýerden suw akypdyr: Marsdaky gadymy krateriň täze suratlary görkezildi
Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) «Mars Express» orbita enjamy arkaly alnan Marsyň täze suratlaryny çap etdi. Olarda planetanyň Günorta belentlikleri we ägirt uly Skiaparelli krateri şekillendirilen.
Takmynan, 3,7 milliard ýyl ozal bu ýerleriň howasy has ýyly we çygly bolupdyr, ýer üstünden suw akymlary akyp geçipdir. Krateriň diamet...
«Bawariýa» 12-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi
Mýunheniň «Bawariýasy» futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» üstün çykdy.
Oýun Dortmund toparynyň öý stadiony bolan «Signal Iduna Parkda» geçirildi. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Bawariýanyň» peýdasyna tamamlandy.
Wensan Kompaniniň şägirtleri eýýäm birinji ýarymda iki gol bilen...
Similac-yň ýetiren zyýany üçin Abbott bäbekli maşgalalara $670 mln tölär
Amerikanyň Abbott korporasiýasy «Similac» süýt garyndylary bilen bagly kazyýet talaplaryny doly bolmasa-da, bölekleýin çözmek üçin 670 mln dollar öwez puluny tölemäge razy boldy. Muňa garamazdan, kompaniýa barybir öz hatasyny boýun almaýar.
Şikaýatyň mazmunyna görä, kompaniýanyň önümleri täze doglan çagalarda iň howply içege keseller...
Hakerler GTA VI-ny ogurladylar: Oýny döreden kompaniýa $3 mlrd ýitgi çekdi
Heniz resmi ýagdaýda köpçülige çykarylmadyk Grand Theft Auto VI oýnuna degişli maglumatlaryň ogurlanmagy ony çykarýan Take-Two Interactive kompaniýasynyň bazar bahasynyň üç günüň içinde tas 3 milliard dollar pese düşmegine getirdi.
CYBERLEEK atly hakerler topary oýun baradaky täze maglumatlary yzygiderli paýlaşmagyny dowam edýär. Ola...
Gawi gurby pes adamlaryň öý edinip bilmegi üçin €1,3 mln harç eder
«Barselona» futbol klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Gawi (Pablo Paes Gawira) özbaşyna öýi bolmadyk ýa-da gurby pes adamlara niýetlenip guruljak 150 öý üçin 1,3 mln ýewro töweregi serişde berer.
Taslama futbolçynyň dogduk mekany Sewilýa prowinsiýasynyň Los-Palasios-i-Wilýafranka şäherinde durmuşa geçiriler.
<...
Awstraliýada ýolyşygy dolandyrmak emeli aňa tabşyryldy
Awstraliýanyň Morton-Beý şäherinde ulag dykylyşyklaryna garşy täzeçe göreşmek kararyna geldiler. Şunlukda, olar emeli aň tarapyndan dolandyryljak ýolyşykly "akylly" çatrygy synagdan geçirmäge taýýarlanýarlar diýip, ABC News habar berdi.
Taslama 170 müň awstraliýa dollary (takmynan, $122 müň töweregi) bölünip berildi, ony amala aşyrm...
Vincero we Vivere: Mansory atelýesi iki sany täze Bugattini görkezdi
Germaniýanyň Mansory týuning atelýesi Pebble Beach Concours d'Elegance bäsleşiginde täze taslamalaryny ilkinji gezek köpçülige görkezdi. Kompaniýa Bugatti giperkarlarynyň esasynda döredilen eksklýuziw Vincero hem-de Vivere modellerini tanyşdyrdy.
Mistral rodsteriniň täzelenen görnüşi Vincero adyny aldy. Atelýe ilkinji gezek bu modeli...