Sary saçlaryňa, däli göwnümi,
Baglamyşam, çözülmeýär arzuwym.
Jigerimde ýanýan söýgiň derdini,
Senden başga kimse bilmez arzuwym.
"Ýar" diýemde, galam düşýär elimden,
Kelam çykmaz, zar saýraýan dilimden,
Nam - nyşan ýok, ýüzde gülüm - ýalymdan,
Söýgiň derdin aňarsyň sen arzuwym.
Tebiplerde derman ýokdur derdime,
Bu söýgüde, ýetdim, artyk hetdime,
Senem meni goýma, aldym-berdime,
Dolan, maňa sary, geläý arzuwym.
Ähli zadyň ahyrynda soňy bar,
Bu kalpda, köne söýgiň çaňy bar,
Bu setirleň şeýleräjik jemi bar —
"Bu ömürde saňa ýetmek arzuwym!"
06.11.2021.
Çerkez BAÝLYÝEW
Arzuwym
-
Arzuwum
3 years ago
- BeZZaT. Gelişipdir gaytam goşgyň ady
-
Arzuwum
3 years ago
- Gowy bolupdyr. Üstünlik! Arzuwña ýetersiñ diyip umyt edýân
-
maksat00
3 years ago
- Payhasly nik bn patoly paýlaýan, saýty zibilhana öwurmek un gara niýeti bn paýlaýar. Şu paýlap ýören kimem bolsa, öz kalby, ojagy, durmuşy hem zibilhanadyr.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sag bol @Arzuwym!
-
BeZZaT.
3 years ago
- Bagtly boluň!!!
-
Xyivenia
3 years ago
- Bezzat :)
BeZZaT. 3 years ago- Basga at tapan dalsinou gosga