Bir gije öýe geldim. Aýalym saçak başynda otyrka, men onuň elinden tutdum:
– Aýrylyşmak isleýärin! – diýdim.
Rahatlyk bilen munuň sebäbini sorady. Jogap bermek islemedim.
Bu onuň gaharyny getirdi. Maňa çemçe zyňyp:
– Sen erkek däl! -diýdi.
Şol gije hiç gürleşmedik.
Aýrylyşmak islegimiň sebäbini bilmek isledi. Näme jogap berjegimi bilmedim. Ýüregim diñe Jeýn diýýardi. Men indi aýalymy söýemokdum.
Bu örän gynandyryjy zat. 10 ýyl ömrümde ýoldaşym bolan aýal indi meniň üçin nätanyşdy. Onuň meň üçin sarp eden wagtyna örän gynandym.
Bir gije ýene öýe giç geldim. Stolda maňa ýazan hatyny gördüm.
Men nahar iýmedim, derrew uklamaga geçdim. Irden maňa aýrylyşmagyň ýagdaýlaryny aýtdy. Ol menden hiç zat islemedi. Aýrylyşýança durmuşymyzy öňküsi ýaly ýaşamagymyzy isledi.
Çagamyzyň synaglary ýakynlaşýardy, we bu ýagdaýyň çagamyzyň synagyna täsir etmegini islemedi.
Şeýle hem, öýlenen günümde ony öýüme nädip alyp gidendigimi ýatlatdy. Ol menden kazyýet gününe çenli her gün ýatylýan otaga meniň eltmegimi haýyş etdi. Öýde dawa bolmazlygy üçin bu geň teklibi kabul etdim.
Ilkinji gün aýalymy gujagymda ýatylýan otaga alyp baranymda, ikimizem geň bir zady duýduk.
Oglumyz şatlyk bilen:
– Gahryman kakam. Ol ejemi gujaklaýar! – diýdi we örän begendi.
Oglumyň aýdanlary mende üÿtgeşik duýgy döretdi. Aýalym:
– Oglumyza aýrylyşýandygymyzy aýtma! -diýdi.
Birnaçe günläp aýalymy gujaklap otagyna eltýärdim, we aramyzda baglanyşyk bardygyny täzeden duýup başladym. Gujagymdaky aýal maňa we nikamyza 10 ýylyny beripdi. Kazyýet güni ýakynlaşdygyça aramyzdaky gatnaşyklar hasam güýçlenip başlady. Indi näme etmelidigime karar berdim.
Men Jeýniň ýanyna bardym-da, oňa: “Bagyşla, Jeýn. Indi aýalym bilen aýrylyşasym gelenok, men indi hemme zada düşündim ” – diýdim.
Soňra aýalym üçin gül satyn almaly diýen pikire geldim. Gülçi hat üçin bukja (konwertda) näme ýazmak isleýändigimi soranda, gülüp:
“Ölüm aýyrýança seni gujagymda götererin “ – ýazdym.
Soňra öýe ýetmänkäm aýalymyň aradan çykandygyny eşitdim. Aslynda aýalym birnäçe aý bäri rak keseli bilen göreşýän eken. Emme meniň mundan habarym ýokdy. Jeýniň aladasyndan hatda oña hem düşünmedim.
Ol öljekdigini bilýärdi, we oglumyzyň maňa ters reaksiýa bildirjekdigini pikir edip, aýrylyşmagymyz hakda oňa habar berme diýipdi.
Oglumyň gözünde meni iň soňky pursatyna çenli aýalyny söýýän kaka hökmünde görkezdi.
Aýaly bilen aýrylyşmak isleýän adamyň hekaýasy
-
kwazimoda
3 years ago
- Ömrüniň soňunda bir az wagtam bolsa ýasama, wagtlaýynça söýgä miýesser bolupdyr. Ölümiň öň ýany buda bir bagt
E...
-
Pegas
3 years ago
- Gowy maşgala bolmagyň iň esasy roly zenanda. Özem bu her ýurtda-da, milletde-de, halkda-da, mentalitetde-de şeýle.
-
TrustORG
3 years ago
- Pegas58 minutes agoGowy maşgala bolmagyň iň esasy roly zenanda. Özem bu her ýurtda-da, milletde-de, halkda-da, mentalitetde-de şeýle.
Şula hak söz+++
-
Hercai
3 years ago
- Manyly we gyzykly, gynançly :(
O.B
-
Xyivenia
3 years ago
- Pegas
Gowy maşgala bolmagyň iň esasy roly zenanda.
Hakyky dogry aytyanyz
-
kwazimoda
3 years ago
- Yuregimdaki gyzy yatladyp gozumi yashartdyn Mister X
Alemjahan.net saytynda paylashjak menem. Awtory sen dal we awtoryny yazmanson gonumel paylasjakdygyny aytyan :)
-
kwazimoda
3 years ago
- Oglanlar, gyzlar hemmanizi alemjahan.net saytyna cagyryan. Ol sayt dizayn owadan we admin topar seyle adalatly payhasly. Elbetde az sanly bolsada agzalary hem akylly. Gelin hic kimin zayalap bilmjek ajayyp owadan saytynda pikirler alysalyn.
Blok acylyan ayratyn bolum bar. Pikirler bolumi bar. Tazelik we kitaphana bolumi bar. Agzalar bolumi bar. Gownunize hokman yarar
DonMaxx 3 years ago- ++++