Dünýäň şowhuny azaldy,
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.
Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.
Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,
Daň hiç haçan atmaz eken.
Joşly derýaň çyrpynmasy,
Ýakyp barýan epgek eken.
Tapmak eken.
Ýöne welin,
Ne gitmek, ne ýetmek eken.
Görülensoň bir göreçde,
Sudury hiç ýitmez eken.
Iň soňky salan ýarasy
Ömürboýy hiç em bilen
Bitmez eken, bitmez eken...
Sapa HOMMADOW
“Ol “häki bir söýgi” eken...”
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, gorkduňmy?
-
LadaKalina.
3 years ago
- @pegas sen goshgulaññy haysy temadan yazyañ?
-
kwazimoda
3 years ago
- Drug prikol tutasym gelip dilim awşaýa welin borla, seň göwnüňe degaymayinle men ...✍🏻😁😊
-
kwazimoda
3 years ago
- Yokla gorkmadym :) yone goyanyna gora natural surat goyan bolsan yerne duserdi :))
-
LadaKalina.
3 years ago
- Kwazimoda Harasat yadyna dusdumi
Sapa agan kop gosgularynda dram ba
-
Manikarnika
3 years ago
- Pacti mejnun bolup baryan senem.
-
Pegas
3 years ago
- @LadaKalina., temasy açyk-aýdyň dälmi bu goşgyň?
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, bu saýtda meň göwnüme degmäge mynasyp adam ýok häzirlikçe)
-
LadaKalina.
3 years ago
- Dram
-
kwazimoda
3 years ago
- Mynasyp bolmalymy eysem,
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, weý, elbetde! Men her öňýeten adamyň sözüni göwnüme alyp ýörmerin-ä!)
-
kwazimoda
3 years ago
- Drug shu wagt ich gysya urush sowushem bolsa bir zatlara etmeli sagat 2 a cenli.
Meselemi aldyrmak :))
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, попробуй onda! Mowzugy täzeden açaýsammykam...
-
kwazimoda
3 years ago
- 😁😁
kwazimoda 3 years ago- Dost ozal yurek gowsak beyle effektde surat paylasmay how :))