Haýp, şat günleň geçişine sered-ä!..
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz-ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.
Muny göre-göre gelýän durmuşam
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.
Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)
Meni ýakynyň saý.
Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.
Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr.
Aýbölek ABDYÝEWA
GÖWÜNLIK
-
BeZZaT.
3 years ago
- Döwur nahili bolup barýa duýn klasdasymyň ejesi ayrylypdyr bile çorek iyp yoren dostum agşam gorunmane gitjek bolyan wn kakam ugradanok bir-iki sany garyndasymyn öýi virus dp karantin edilensoň virusdan yogalandyr oydya tersine gaydyp gidsemem bolýa welin 60-yň içindaki adamlarda gowunlerine degesim gelenok.
-
yyldyz.
3 years ago
- :( ejekemjana döneýina...
-
yyldyz.
3 years ago
- Aýbölek Abdyýewanyñ başgada gošgylary barmy?
-
Pegas
3 years ago
- Kän.
-
yyldyz.
3 years ago
- paýlaşaý hemmesini, ýada poçtadan maña ugradyp beräýiñda kyn görmeseñiz. men kitap etdirip alyp goýjakda özüme
Ahmedik_97 3 years ago- «Emgek bolup gechsin». Ozun dushunersinda.