Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr,
Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme.
Sahypasy täzelensin ömrümiň,
Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam.
Günler, süpür ajy ýatlamalary,
Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam!
Hawa, ýürek ýanan...
Häli-häzirem
Gözümi ýaşardýar hijran yzasy.
Söýenligim üçin jebir çekdim men,
Söýgim üçin berdi ykbal jezasyn.
Aýralyga çenli çydady ýürek,
A soň...
Soňam çydaberdi (neýlesin?!)
Ýöne bir gün güýz ýeline ykjadyp
Başyndaky täp-täzeje öýmesin,
Täze gelin sataşanda pete-pet,
Doňup galdy...
Soň uwlady ses edip...
Hatda, şol gün Günem, ýelem aglady,
Ýüregimiň ejirine esedip...
Her güýz gelip, köne ýaram gozgaýar,
Ýakan melek gelip girýär aklyma.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk saklama.
Sapa HOMMADOW
“GEÇMIŞ, HAÝYŞ...”
-
Manikarnika
3 years ago
- Gen geljege gidesim gelyar... Taze biri satashsyn diymegin sypayycylykly gornusi
-
Manikarnika
3 years ago
- Guyz gelse yakan melek yadyna dushyan eken.
Sen on bilen guyzde tanysdynmy?
Yada ol guyzde toy etdimi?
-
Manikarnika
3 years ago
- Gun bilen yel nadip aglaya? Asman aglady diysen boljak yada sheylerak bir zat. Asmanyn aglamasy indi kone menzetme tazerak zat tapmaly ekenin
-
Manikarnika
3 years ago
- Gaty erbet dal gosgy normal. Oterak gecen bolsam bagyslarsynda...
-
yyldyz.
3 years ago
- goşgyny näçinji ýylda ýazdynyz?
-
yyldyz.
3 years ago
- günem ýelem aglady..
ýagny şol gün ýagyş ýagypdyr.. şonuñ üçin ýagyşy halañyzok.. indi düşündim
-
soho
3 years ago
- Terjimehalyny duzjek bolyañyzmy, @Pegasyñ?
-
Manikarnika
3 years ago
- Gun bn yel nadip aglayaray
-
Manikarnika
3 years ago
- @soho yok ejekemi berjek bolyan shun. Nahili adamdygyny bilmek ucin gecmisi gerek
-
Manikarnika
3 years ago
- shuna*
-
Manikarnika
3 years ago
- Gun bilen yelin reaksiyasy esasyndada yagys doranok. Suwyn bugy gerek yagys ucin. Bugada gun gerek dogry. Yone yel artykmac oydyan. Yok aslynda, yel bolsada yanky bugdan yasalan bulutlar suyshup birlesip yagys yagyar. Dogry zady ulanan ekenin. Yone shondada Gun bn yel aglady diysen birhili
-
yyldyz.
3 years ago
- belki kapya dogry gelen daldir
-
Pegas
3 years ago
- Goşguda diňe kapyýa üçin haýsydyr bir detaly ulanar derejede öwreniji däl men, biraz tejribe bar)
Asmanyň aglamasy - lenç edilen meňzetme. Goşgudaky liriki gahrymanyň ruhy ahwalyndaky adama diňe Gün däl, ýel däl, topragam, ot-çöplerem, haýwanlaram, mör-möjeklerem agy bolup görüner, eşidiler. Barmy ýene soragyň, @Manikarnika?
-
Manikarnika
3 years ago
- Birine jogap berdin
-
yyldyz.
3 years ago
- bilyan öwreniji däldigiñi, mena ýöne aýdaýdym
-
Manikarnika
3 years ago
- tankyt ederligi yok eken
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, tankytmy munyň?
-
Manikarnika
3 years ago
- etmankak sheyle...
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, nähili?
-
Manikarnika
3 years ago
- Gel urushsan diyyan yaly
Manikarnika 3 years ago- Shol yalykly diyyanin men bilen atdashmy?