Goltugymda torbam, kellämde obam,
Serediň, adamlar, men öýe barýan.
Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm
Göterip ýadymda men öýe barýan.
Perron, iteleşik, käýinýär daýza,
Käbämi ýatlaýan darykman gaýta.
Ýylgyrýan hem öýe barýan.
Küpedeş uz gelin näz edip baksa,
Ýassykdaşym, galdyr başyň, sen hakda
Oýlanýan hem öýe barýan.
Ýol kesýär otuz bäş-kyrk ýaşly adam,
Şol ýaşlarda dünýä çalşypdy kakam,
Meňzedýän hem öýe barýan.
Ilki otly, soňam awtobus haýal,
Her ädimde düşýär erkekmi aýal.
Howlugýan, men öýe barýan.
* * *
Ahyr dabanlarym topragy basýar,
Bu ýerde üýtgeşik zemin hem asman.
Ýok, size üýtgeşik, özüme öňki,
Bar zatda yzym bar, hemme zat meňki.
Birem üýtgemändir üýtgeşik ýerler,
Şol oba, şol derýa, şol gök kepderler...
Siňip gidýän şol üýtgewsiz durmuşa,
Bir görsem men, gapymyzda durmuşym.
Reňki soýlan gapy açylýar çala,
Mähriban ynsanlam topulýar maňa.
Topulýar barysy, birisi galman,
Ýöne bäş sanyjak barysy, arman.
Tapmarsyň olara million içre taý
Hem binalar içre şeýle mährem jaý.
Ýok, biri topulmaz, görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...
Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.
Söýgi gizlenmeli, bu köne adat,
Söýgi gizlenmeli, hany adalat?
Ganda endik hökmün ýöredýär ýene,
Ýalbarýan ýüz ýyllap batmajak Güne.
Gijeler suwa düş söýgiň howruna,
Hijran tagam berer wysal döwrüne.
Hormat-sylag bilen töre geçýärin,
A men bosagada durun obamyň.
Ilersi, gaýrasy gaýzygan sähra,
Ortada ýylan deý towlanýar Murgap.
Obaň guw sürüsi goşa kenara,
Gonupdy bir pasyl dynç almak isläp...
Baýram AKATOW
ÖÝE BARÝAN
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, seň üçin nätanyş bular)
-
Manikarnika
3 years ago
- Ay shonda-da. Onda ilki tanysdyryp biografiyasyny yaz
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, esere baha bermeli, awtoryna däl)
-
Manikarnika
3 years ago
- Azap edip cyrshany ucin tananyn gowuda
-
Manikarnika
3 years ago
- Sen in soyguli dyngy belgin yayjagaz oydyan )
-
Pegas
3 years ago
- Ýok, iň gowy görýän dyngy belgim "köp nokat" aslynda, @Manikarnika.
-
Manikarnika
3 years ago
- Basga yene name gowy goryan?
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, seň näme işiň?
-
Manikarnika
3 years ago
- gyzyklandym😒
-
yyldyz.
3 years ago
- Ýok, biri topulmaz, görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...
Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.
maşgalasyndan biri, ony ýigrenýän ekenmi?
-
Pegas
3 years ago
- @yyldyz., düşünmänsiň goşga. Ol görmedik bolýan adam - ýigidiň gelni. Edebi, ejaby saklap, köpçülikde, gaýynlarynyň ýanynda ärine topulanok, näçe islese-de.
-
yyldyz.
3 years ago
- wii pikir etmändirin ony, biri seretmän ters bakyp otyrow öýkelap diýip otyryn men:) indi düşnükli
-
zumerchi
3 years ago
- @Pegas ach'my o gelin!?)
-
Pegas
3 years ago
- @zumerchi, ýok. Hakyky türkmen gelni.
-
Korolewa
3 years ago
- Gowy goşgy eken
-
zumerchi
3 years ago
- @Pegas, hakyky turkmen gelni diyenine bir zat yadyma dushdi! koroche +18, onki gara oyli zamanlarda bolup gechen vaka! shonun hakyky diylen gepin manysy yokmyka diyyen mena!!
-
zumerchi
3 years ago
- men birzada dushunmeyen, namuchin hakyky ozbek ya hakyky rus, ya gazak yada beyleki milletler kopa!?? imenno hakyky turkmen dip gep bar!??? tak garasan turkmendede bolup gechyan zat doly, sozun shol manysynda...
Manikarnika 3 years ago- Shu natanys sahyrlary nireden tapyan?