Çykanmyzda obamyzyň çetine,
Al şapakdan ot alypdy bar zemin.
Men özümiň nirdedigim bilemok —
Barýaryn seň bilen birleşen kimin.
Üşedýändir öýdüp çyg damjalary,
Otlar seniň aýagyňa dözenok.
Assa öwsüp geçýär duşuňdan şemal,
Timar beren saçlaryňy çözenok.
Begres donuň nagyşlary enaýy,
Gara saçyň örümi deý keşde ýok.
Nurlanyp barýarsyň elwan şapakdan,
Gül gülmi, sen gülmi — bilip bilemok.
Ýer ýermi, biz ýermi — bilip bilemok,
Çünki hemmeje zat şeýle bir gözel.
Göwnüňe bu şapak, arassa dünýä
Sygmajak bolup dur dumanly göze.
Biz ikiçäk bütin ýeriň ýüzünde,
Eýýäm gündogardan Gün göge galýar.
Aramyza düşse-düşsün adamzat,
Ýöne ýeke adam düşmese bolýar.
Gurbannazar EZIZOW
“Gül gülmi, sen gülmi — bilip bilemok...”
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Makaronka,haysy gul sen
-
Pegas
3 years ago
- Owadan goşgy şu.
-
Pegas
3 years ago
- @Manikarnika, seň adyň owadan. Birini ýatladýar adyň)
-
Manikarnika
3 years ago
- @Pegas sag bol 😏
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Howwa hakykatdanam hem owadan, nepis yazylypdyr
-
Manikarnika
3 years ago
- @Sohbet aytjak dala
-
Manikarnika
3 years ago
- @Pegas azara galyp doly nigimi yazyp oturma Manikarnika diyip. Senem agzyna gelenini diyiwer. Sen basga yazyan yok shony. Bir ikisi yazsada bash harp bn yazanoklar 😒
-
Manikarnika
3 years ago
- senden*
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Makaronka aytsan bi sani chocolate berjek ayday,
Makaronka nikini doly yazjak bolsam chashyanlay
-
Manikarnika
3 years ago
- Sohbet olaga
Manikarnika 3 years ago- Men gül.