Söýgi — girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana.
Söýýän — diýmek, salam diýmekden rowaç,
Söýýän — parol haram işe meýillä.
Söýýän — owadan gyz desse saçlaryn
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
— adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýä.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
söýýän,
köýýän dilberim,
Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
— Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem,
Hiç bolmanda, sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletin.
— Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy,
söýgiň ýaşy bolmaýar
hem bolmaýar milleti.
...Söýýän diýýär gaýtarma,
söýýän diýýär nowjuwan,
Söýýän diýýär supergyz,
söýýän diýýär intergyz,
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden
minneti.
— Gel, ýaýdanma, ýaýdanma,
Haýaýapragy ýüzlük,
gel, tändir sen, Don-Žuan.
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar,
Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne.
Söýýän — aýan igrekler, iksler,
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne.
Söýýän —
ynha ant içýän sakgalymyň agyndan.
Söýýän —
ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan.
Söýýän —
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn.
Söýýän —
ýigit gülleýär:
— Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy.
Aýal çepe gatnaýar,
Är ýüregi çatlaýar!
Hezil edýär azgynlar,
Hut söýginiň adyndan.
Söýýän — hyryn-dykyn çagalar öýi,
Söýýän — ýetişmeýär lukmanlar aýryp.
Söýýän — çöpdüýbüler,
köldüýbüler,
bagdüýbüler,
dagdüýbüler

Örňäp gelýärler,
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan,
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän — ýürek ýarylýar!
Söýýän — namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!

Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary,
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN —
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!

NOBATGULY REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir