On bir aýyň keýpi içinde bir aý agzy beklänler,
Akyl satyp geplärler, düýnki gezen betpäller,
Gara için heklärler, ýetim görse eklärler,
Alçy bir aý gutaransoň öňküligin ýüklärler.
Ysy geler temmäkiň, basym ýiter tendäkiň,
Kä bir ne bir gelin aram-aram bolar özgäňki,
Ýöne dilden dile geçse ýapyk syrlar sendäki,
Sendäki abraýam är diýlen bendäňki.
Gürrüň başlar ýadamakdan, meňem sözlem badamakdan,
Ömrüň özi amanatdan, barsaň sary kanagatdan,
Pully gaçar tanamakdan, el uzadan ýok çala batsaň,
Goýberenleň birem ýok, aram-aram jaňa baksaň...
Beýiklige galjak boldum, gaty kyn eken,
Gybatyňam mydama ýamana ýakyn eken,
Birdenem galdym ýadadym, şo bir gün eken,
Şo bir asman şo howa, şo bir gum eken.
Ýadadym, ýadadym, ýadamadan ýadadym,
Gamly boldy derýa, ortasynda adadym,
Aldaky ýazgyda indi tutýar gülkim,
Özümden ýadadym, boljak däl öňkim.
Niýeti diýp şerden, hak gepe kerden,
Ýalançy dillerden, pikirleri kirlerden,
Gyzygan çellerden, gudrat üçin jeňden,
Gury orak ýerden, ýadadym, ýadadym.
Gümandan-da, salakdan-da, ýalandan-da kasamdan-da.
Hile kakan, kelek uran, jelepden-de ýadadym.
Aýnadan hem darakdan-da ýyrtykdan ýamakdan-da.
Boş geplän samakdan-da, ýadadym ýadadym.
Ara bulan, ýalançydan, gepjiden, ýadadym,
Minnet edip diline alan kömekçiden ýadadym,
Uny bolup bişirmäni, hamyrlarny ýugurmany,
Bahasyny-da galdyran ol çörekçiden ýadadym...
Ynsapsyz kätipleň gapanyndan ýadadym,
Köp iýmeden pökgeren ol doňuzdan-da ýadadym,
Heleýi bolup gyz oýnan erkekden ýadadym,
Äri bolup oýnaşy bar gelinden-de ýadadym...
Sünnet diýip ýüzüni sowup par-la,
Pygamberi many eden ol dört heleýli ýalançydan ýadadym.
Gury oraklykda solup gyrylmadan ýadadym,
Dolup men doly bolup aglamadan ýadadym...
Ýadadym, ýadadym, ýadamadan ýadadym,
Gamly boldy derýa, ortasynda adadym,
Aldaky ýazgyda indi tutýar gülkim,
Özümden ýadadym, boljak däl öňkim.
Namart erkegiň heleýe uran şarpykdan,
Ne bir Aýnanyň daşy doly Artykdan,
Üstündäki köýnegiň ýeňindäki ýyrtykdan,
Ýadadym jübsi doly şir bolan gorkakdan...
Ýaslar toýa döndi indi ölene hormat ýok,
Gelinler aýa döndi gaýynlara hyzmat ýok,
''Gaýrat et'' diýen söz bar, kömege barmak ýok.
Ýadadym tebigy kirpik bilen dyrnak ýok.
Ynanmaýarlar asla başlaňda ilki,
Guwanmaýarlar asla dowam etseň ertir
Belki üýtgeder sözleriň, ýüzüňdäki reňki.
Ýadadym bulaşdyrýarlar ukyp bilen görki.
Görmekden ýadadym ne bir gülleň soluşyn,
Görmekden ýadadym bir gün pullyň boluşyn,
Kä bir ogul gyzyňam, ene-atadan doýuşyn.
Görmekden ýadadym olary ýeke goýuşyn.
Ýadadym, ýadadym, ýadamadan ýadadym,
Gamly boldy derýa, ortasynda adadym,
Aldaky ýazgyda indi tutýar gülkim,
Özümden ýadadym, boljak däl öňkim.
Emin Rasen ft Darkray & Begmyrat K. - ýadadym (tekst)
-
soho
3 years ago
- soyyan aydymlarymyñ biri...
-
soho
3 years ago
- Hedeh-iñ sozlerinem goysana
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Oran manyly aydym. Ozi mana
-
LadaKalina.
3 years ago
- darkray-dunya
darkray-apetje
taze çykypdyr, dunya hasam gowy
-
soho
3 years ago
- @LadaKalina, Nireden, nahili alyp bolya?
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Mence apetje gowy dunyanem dinledim welin apetje gownume hasamuarady
-
LadaKalina.
3 years ago
- @soho www.aydym.com
poiska baryp darkray diyp gozleday
zumerchi 3 years ago- Like Jek!