Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.
Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...
Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr bir gün kesilerin.
Giderin gelinmez ýere,
Ýatlanaryn, aglanaryn.
Ýöne welin mazarymda
Ot alaryn, daglanaryn.
Ökündirer ýaýdançlarym,
Ahmyra ýugrar tesmelem.
Direlmek islärin gaýta,
Bolmasa-da ol islegim...
12.08.2021ý.
Sapa HOMMADOW
“Ýollar meni alyp gider...”
-
Pegas
3 years ago
- Salam, Nirvana hanym. Ünsüň üçin sag bol!) Özüň gowumyň?
-
Nirvana
3 years ago
- Gowy Hudaýa şükür özüň gowumy?
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.
Rugsat berseň, ýylnar saňa.
-
yyldyz.
3 years ago
- içiñde gam-gussa bar yaly edip yazypsyñ birhili okamda darykdym.
-
Pegas
3 years ago
- Menem boljak...
Rugsadymy rugsat edilenler bilýändir, Nirvana. Men bir beren sözümiň yzynda durýan... :)
-
Pegas
3 years ago
- @yyldyz. hanym, darykmaweri. "Boşver" diýýärmi türkler)
-
yyldyz.
3 years ago
- birzada bar sende yone welin.. borla. Türklerem "Hadı hayırlisi olsun, bakalim"diýýämi)
-
Pegas
3 years ago
- Mende kän zat bar, yyldyz)
-
Nirvana
3 years ago
- Goşgularyňdan belli Pegas.
-
yyldyz.
3 years ago
- düýşirgenmeler geçip gitdimi özi? arada aýdyp ýördiñä..
-
yyldyz.
3 years ago
- meñ yyldyzlarym ýaly kõp däldir.😜
-
Pegas
3 years ago
- Geçenok, yyldyz.
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapa drug onatmy yagdaylar
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, gül ýaly men. Düýnki mowzugyňda "Sen meni goldamanam bir gör" diýen sözüň gaty pikirlendirdi. Meň seni goldamak borjum barmydy?
-
yyldyz.
3 years ago
- gorkuzma beydip:/
-
kwazimoda
3 years ago
- Goldamadyk bolsan ikimiz satassak onusmazdyk
-
kwazimoda
3 years ago
- Wi sol duyslenden dynasyn gelyami
-
Pegas
3 years ago
- Oňuşyp-oňuşmazlygy sataşarymyza goýaýarys onda, @kwazimoda. Soň tanadym seni WE haýran galdym. 16-na şäherde men.
-
yyldyz.
3 years ago
- kwazimoda sho gijeki chatdaky kwazimodamyñ ozi sen? islenendaki minnosh
-
kwazimoda
3 years ago
- Yyldyz. Yogow ol dali dal men. W obsi gyz dala men
-
kwazimoda
3 years ago
- Ayyyy Sapa drug. Tanamanmy sen😁😁😁
Degisyanlay. Gowumy obsiler jan sagmy
Hany nesibe duyn Ahmedem gitmakan gabatlasaly diydi.
-
kwazimoda
3 years ago
- Eyyam 3 gun barmy ona. Toyy natdin
-
kwazimoda
3 years ago
- Sapa nama hayran galdyn
Nirvana 3 years ago- Salam.
Täzeje gowy goşgy eken, tüweleme.