Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.
Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.
Adym ― beýan yns-u-jynsyň matlabna,
Adym ― pikirlere, pällere hemra.
Adym uzap ýatyr ýyllaň gatlarna,
Oň bilen hüňkarlar, soltanlar gümra.
Şadyhorramlaryň ýüregniň sesi,
Gussalylaň barmagynyň tikeni.
Men ― şu adyň bimynasyp eýesi.
...At adamy bezemeýär ekeni.
09.08.2021ý.
Sapa HOMMADOW
Adym...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- "Adyma aşyk men, söýýän adymy,"
"Sähel sebap tapsam ylgap baryanda, oz ozimi garsa gujaklayan men" şu setirler yadyma düşdi...
-
A93
3 years ago
- Ahyr-soňy adyň barada pikirlenipsiňdä)
-
Pegas
3 years ago
- @A93, hawa welin, jemlemäni tertibe salmaly bir zat edib-ä)
-
W
3 years ago
- Adyma aşyk men, söýýän adymy,
...At adamy bezemeýär ekeni.
Nähili boldaý bi, başy bilen soňy çapraz. Ikisiniň ýerini çalyşsaňam bolman durjak däl, ýokarkylaň ýagny. Iň gowsy, başynam-soňunam şeýle gutarsaň has gowumyka diýän:
Adyma aşyk däl, söýmäň (tutmaň) adymy,
...At adamy bezemeýär ekeni.
soho 3 years ago- tazeje shygyr, galam artylyanyñy ulanypjyk yetirip dur...