Ýüregime düşünmediň,
Bakdyň gitdiň kese-kese.
Günämidi ýürek pahyr
Boluşyňa düşünmese?!
Sözleriňe yşkdyr öýtdi,
Yşkdyr öýtdi gülüşiňe.
Seň adyňy ýazypdy ol
Özüniň her ülüşine.
Urmasyny tizlendirdi
Bir zatjyklar ýazan çagyň.
Eräp gitdi, akyp gitdi
Düýşlerimde gezen çagyň.
Kalbyňda gam görünende
Ynjady ol, agrady ol.
Iň soňkuja umydyny,
Höwesini puç edeňde
Aglady ol.
Ýalyn bolup,
Alaw bolup çabrady ol...
Sapa HOMMADOW
“Ýüregime düşünmediň...”
-
soho
3 years ago
- blaaa, bu goshgyñ gowjadygynay...
-
soho
3 years ago
- bravo
-
soho
3 years ago
- "Gunamidi yurek pahyr" setirde "Gunalimidi yurek pahyr" ya-da "Gunamidi yurek pahyra" bolsa gowy bolmazmy?
-
Pegas
3 years ago
- @soho, bogun san bozulýar onda)
-
soho
3 years ago
- @Pegas, onda bolya
-
Yalnyz_yigit
3 years ago
- +++++
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- goşguda kän many ýok eken. Käbir sözler gaýta gaýta gaýtalanýa, umuman boljak..
kwazimoda 3 years ago- gouja+===