(10.01.2013ý. Dostum Amanyň söýgülisi öz janyna kast etdi ― dünýeden ötdi.)
Gara syýa çyrşap ömür sahabma,
Bu gün ykbalymdan gidäýdiň-le, gyz!
Näme sebäp, düşünmedim hasabňa,
Gözlerimden baky ýitäýdiñ-le, gyz!
Sesiň mukam, diliň dutar-tardy, wah,
Nähak gürrüň ömür gülüň gyrdy, wah,
Gözleriňi ýummagyňa irdi, wah,
Iňrik bolup, biwagt bataýdyň-la, gyz!
Pikirlerim bulam-bujar, dagynyk,
Aglaýar umytlam zarlap-bagyryp,
Gezjekdig-ä bagtda ýaýnap ― agynap,
Meni baky gussa çataýdyň-la, gyz!
Agyr degýär duýmak seniň ýoklugňy,
Saklap gitdiň mukaddes gyz päkligňi,
Bu gün subut etdiň ýeketäkligňi,
Bimahal jahandan ötäýdiň-le, gyz!
Gidäýdiň-le, gyz!..
Sapa HOMMADOW
Gidäýdiň-le, gyz!..
-
Black Wolf
3 years ago
- Natanys adam, agzymdakyny aldyn
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Hehe onurtiledaydimmi
-
Bibish
3 years ago
- Kônelerde okapdym.
Gowy goshgy
-
DonMaxx
3 years ago
- Yatan yeri yagty bolsun
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- erwet däl, ýöne biraz many ýok ))
-
broken heart
3 years ago
- gaty manyly yazylpdr yatan yeri bak yagty bolsun duygulanmama yetti
Nätänyş adam 3 years ago- Soramasy aýypdyr welin mumkin bolsa Sapa aga, gyzyn name ucin oz janyny kast etýardigini aydayyn