Dost maska soranyñda bilinýär.
Maskaňa ynanma,maskasyz görünme!
Maskaň halal bolsa köçede dak!
Bugünki maskaňy ertir dakma!
Maskasysy ýyrtyk bolsa-da,aptekçiň ogly gürlesin.
Maskanyň ýyrtygy hem maska!
Maska satsaň goňşyňa sat,onuň bilen özüň gürleşýäň!
Maskasy ýok,maskasy könäň üstünden güldi.
Bir ýigide 40 maskada az.
Il agzyna maska tutup bolmaz!
Masgasy baryň masgary ýok bilen näme işi bar?
Maskany ýerden tapsaňam dakyp al!
Maskaly bar,adamlaryň nagşydyr
Maskasyz bar,haýwan ondan ýagşydyr.
Ýüz maskasyz dostdan,bir maskaly duşman ýagşy.
Maskasyza iş buýur,yzyndan jerimesini özüň töle!
Altyn alma,maska al!
Maskasyz şa bolandan,maskaly gedaý bol!
Maskasyz birini ýeňer,maskaly müňüni!
Porsaýan agyza maska bahana.
Maskaly saňa aýdaýyn,maskasyz sen eşit!
Maskaly oglan aglamaz!
Maskasyzyň ulusy köprüde jerime tölar.
Maskam bar-ne gamym bar!
Maskalyň agzy keramat!
Dil bela-Maska gala.
Bir bar eken,bir ýok eken.Çet ýerde ýerleşýän kiçijek obalaryň birinde,bir öwünjeň oglan ýaşaýan eken.Obanyň adamlarynyň ählisi maska dakyp gezýär welin, maskany diňe şol öwünjeň oglan dakmaýan eken.Gaýta dakanlaryň üstünden pazor tutup gülüp gezýän eken:"Näme how,baryňyz baranlaý,baryňyz petuhlaý siziň!Nämeden gorkýaňyz?Akgaňlar ýaly boluňla how,luboý milisäňizi getiriň,duran ýerimde çözmesem erkek däl men"-diýip,öwünip gezýän eken.Onuňam geplerini bir milise eşidip,arkasyndan gelip gysyp saklaýar.Öwünjeň oglan gorkunjuna arkasyna öwrülip,milisä gözi düşenden,şu goşgyny aýdyp başlaýar.
Eý hanym-ow,eý hanym,
Ýuwaş gys,çykdy janym.
Çola ýer diýip aýdypdym,
Sen ýokmykaň öýdüpdim.
Milise bolsa onuň geplerine bakman,şakur-şukur jerimesini töledip goýberipdir.Şondan soň oba adamlary onuň maskasyz ýörenini ýa-da öwünenini hiç wagt görmändirler.
Maska hakynda...
-
Jazeera
3 years ago
- no comment.
-
Wrestling
3 years ago
- Nakyllary okamda dilim üýtgäp gitda. Maskasyz diýip okajagyma, maksasyz diýlip çykýa😁
-
Dowsypat00
3 years ago
- @Wrestling,nakyllary okan bolsaň uý şolara.Hemişe maksasy gez!
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Maskasysy ýyrtyk bolsa-da,aptekçiň ogly gürlesin.😃😄😅
Maskasyza iş buýur,yzyndan jerimesini özüň töle!(su gune dusup gordum) 😎😅
Ýüz maskasyz dostdan,bir maskaly duşman ýagşy.😄
Maskasyz birini ýeňer,maskaly müňüni!
Porsaýan agyza maska bahana.
Maskaly saňa aýdaýyn,maskasyz sen eşit!
Maskaly oglan aglamaz!
Maskasyzyň ulusy köprüde jerime tölar.
Maskam bar-ne gamym bar!
Maskalyň agzy keramat!
😶😷😸😉😄😅👍👍👍👏👏👏👌
Gowy täsir etdi sagbol Dowsypat00
-
DonMaxx
3 years ago
- Maskan agy name garasy name
👍👍👍👍
-
Wrestling
3 years ago
- *@Wrestling,nakyllary okan bolsaň uý şolara.Hemişe maksasy gez!
Şu sözlemde tersine maskasyz diýp okadym
soho 3 years ago- Erbet dal...