Ilki bilen talyplar.comyn gadyrdan agzalary ahlinize salam! Giç ýagşy! Menem konelerden bir tema goyup goreyin diydim. Ol tema @aynash atly agzanyn blogy. Kabir harp yalnyslyklaryny dogurlap size tazeden ozim blog edip paylasmak isledim.
"Gelnimiň gowni galandan..."
bu temamda yazyjy-shahyrymyz Gurbangeldi Miralyyeving diňe "G" harpdan duzelen hekayalarynyň biri "Gelnimiň gowni galanyndan..."diyen hekayasyny siz bilen paylashmak isledim.onuň bashgada birnache "G"harpdan bashlayan sozlerden duzulen "Goňşyñy gozgasaň goçer", "Garabasma", "Garaşsyzlygyň gymmaty", "Galpyň gazany gaynamaz" yaly gyzykly goşgudyr hekayalary bar.
Gullukdan gelerime garaşyp gelen gelnejem gullukdan gaýdyp gelenimden goňşy geňeşlikden Gully Gammaryň gyzy Garagyzlara gudaçylyga gitdi. Gully Gammarlar gelnejemiň garyndaşyragydy. Gulluga gitmänkäm gelnejemlere gezmäge gidenimde gürleşip görmesemde Garagyzy görüpdim. Garaýagyzdan gözi goçagyrak, gaşlak gyzdy. Gudaçylyga giden gelnejem günorta golaý gelip gapydan girdi.
- Gandym günüň geldi, göwneşdiler. Garagyzyň gardaşy Guldurdy göwünli –göwünsizräk. Galan gardaşlary Gulberdem, Gulmyradam ,gelnejelerem göwneşdiler. Garagyzyň gardaşlary Gulberdidir Gulmyrada gabatlaşyp görmesemde Guldurdyny görüpdim. Guldurdy gün – güzeranyny gassapçylykdan görýärdi. Goçak göwresine gelişmeýän gödeňsi, gülendede gözi-gaşy gamaşyk gorkunç görünýän göhertdi. Gepländede gedemliginden gaty gompysyrap gepleýärdi. Gelnejem gülümjiräp gözlerini güldürdi:
-Garagyzam garaýagyzrak ,geplemsegiräk, gözi gyşygyrak görmeseň göwnaçykdan gaty galjaň gyz. Görüşip gepleşmäge gitmäge göwneseňä golaý günlerde Garagyzy görüp gepleşip geljek. Gelnejeme garşy gitmedim.
Göwnemediksiräp garşy gitsem gaňyrlygyndan gelnejemiň gaýdyp gudaçylyga gitjegi-gitmejegi gümana.
-Gelneje görüp gelseň gürleşmäge gidäýerin. Görüşip göwneşsek geljegimizede gowy. Gelneje Garagyzy göreniňde gürleşsene görüşmäge gije gelmän gündiz gelsinle. Geňirgenseňizem gönimden geleýin, görüşmäge gije gitsem gowylygyň gyrasynda görünmeýän, garadan gaýtmaz Guldurdynyň gabat gelmeginden gorkýardym. Gelnejem Garagyzy görüp gelensoň gürleşmäge gitmeli günem geldi. Gün gyzaryp galanyndan gelişiklije geýimlerimi geýip Garagyzy görmäge gitdim. Gelnejemiň gurnamagyna görä Garagyzlaryň gabat goňşularynda günorta golaý Garagyza garaşmalydym. Garagyzlaryň goňşularyna gelip girlegeden girişime gawyrdap goňur güjük garşylady. Güjügi görüp gorkymdan gymyldaman gaty gygyryp göýberdim. Gykylygyma güjük guýrugyny galgadyp gorkup gaçyp gitdi. Gorkydan galpyldaýan göwräme garap gülümjiräp garagözelek gelin gapdalyma geldi : - Geleweriň gorkmaň Goňurja gowy güjükdir.
- Gurgynmysyňyz gelneje goňşyňyz Garagyzy göräýjekdim.
- Gandymmysyňyz gurgynçylykmy geliň, geçiň gapydan girip göniňdäki gapa giräýiň. Gelnejäniň görkezen gapysyndan girip garasam garşymda gülümjiräp Garagyz.
- Gurgunmysyňyz Garagyz?
- Gurgynmysyňyz Gandym geldiňizmi? Goňurjadan gaty gorkdyňyzmy gykylygyňyza gaplaňam gaçyrjak.
Garagyzyň görküne gözüm gidip gaýta–gaýta gizlinjek garadym.
Garagyzyň gözüniň garasynyň gyşyklygy görküni gaçyrman, gaýta görküne görk goşup görmegeý görkezýär.
- Garagyz gel Goňurjaly gürrüňi goýalyda gudaçylyk gürrüňe geçelile. Göwneseňä gelinalyjy günümizi gijikdirmän gyssanaly .
- Göwnäp-göwnemän geçirmeli galyňyň gylyny gyşartman getiriň... Garagyz gürrüňini gutaryp– gutarmanka Garagyzlar gapdaldan güýçli gykylyk geldi. Garagyz garsa galyp gawsanyň gyrasyndan garady:
- Gelnejemle Guldurda gygyrýar. Gazanç getirmedik güni gohlap Guldurda gün görkezenok Guldurdynyň garadan gaýtmazdygyna garamazdan gelninden gorkuyşyna gaty geň galdym. Garagyz göni gözüme garap göwnihoş gepledi:
- Gandym güýmenmäýinde gideýin, gelnejeň gelsinle geçirmeli galyňy gürleşip gitsin. Galanynam göriberisdä. Garagyz gidensoň gorka-gorka gapydan garap Goňurjany gözledim. Goňurja görünmänsoň garabaşagaý gyssanmaç gaýtdym. Goýun-geçi, geýim-gejim, gymmat goş –golaň, gap-gaç, galyň geçirip Garagyzy gelinalyjylap gapdalyma geçirdim. Gijagyňa gelin gelip gelniňe gowy garyşyp-garyşmankaň gelniň gaýdyp gidýär. Gelniň gaýdyp gideninde giýewlemäge gitmeseň gelniň göwni galarmyş gürrüňe gulak gabardyp gaýdyp giden gaýtarma gelnimi giýewlemäge gitmäge gyssanyp, garaňky gatlyşandan garbak-gurbak garbandym. Gijelikde görünmeze gowy garamtylrak geýim–gejimlerimi geýip, gije gowy gijigensoň gaýynlaryma gitdim. Goňşy geňeşlige gelip gaýynlarymyň gaýrasyndaky gowaçalykdan geçip gaýynlarymyň garažynyň gapdalynda gizlinlikde garanjaklap Garagyzyň gelerine garaşdym. Garaşdygymça Guldurdynyň göräýmeginden gorkup gorkujumdan galpyldadym. Görseňizläň göwnime geleniň gabat gelşini. Gulagyma gybyrdy gelip garasam Guldurdy gapdalymdada Gulberdidir, Gulmyrat. Garaşylýanyň gelmän garaşylmaýanyň gelşini. Galyp garasam göwrämem Guldurddynyň göwrsine garanyňda göýdükden girdenejik görünýär. Gepsiz-gürrüňsiz golumy gaňryp gowaçalygyň gyrasyna getirdiler. Gyzma Guldurdy gysymyny gaty gysyp gylly goşaryny galgadyp gulagymyň gapdalyny gyzdyryp göýberdi. Gorkana goşa görnerleri, gorkymdan gaýynlarym gözüme goşalanyp görünip, gaýtawul görkezmäge güýjüm-gurbatymam galmady. Gaýtadan gulagymyň gapdaly gyzyp gidende gözlerim garaňkylap gitdi. Gykylyklap goh-galmagal galdyrsamda göýbermän gaýta gynamalaryny güýçlendirdiler. Gudraty Güýçli Gaýtarmyş Goja gaýtarandyrda, goh-galmagala gelnim Garagyzyň gelnejeleri gelip garma,gürmelikde gaçyryp göýberdiler. Göni gowaçalykdan gabatlap gaňyrlyp garaman gaçdym. Giýewlemäge gidenimde gidişin güýmenibiräk gitsemde gaýdyşyn gaty gaçanymdanmy, gabatlap gaýdanymdanmy, gaty gorkanymdanmy garaz güýmenmänjik geldim. Giýewlemäge gidişim gülkünçden gözgynyrak geçsede gidenime gynanammok giýewlemäge gitmän galanlygymda gelnim Garagyz göwnüniň görülmän, göwniniň galandygyny gaýtalap-gaýtalap goýmazdy Günler geçip gatnaşyklar giňäp gaýynlaryma garyşyp-gatlyşyp gitdik. Gaýynatamam, gaýynenem gelnimiň gelnejelerem gezmäge gelip–gidip giýewisini gowy görselerde, gelnimiň gardaşlaryny görenimde gözüme gelenok. Gözüme gelmesede gaýynlarymy görenimde gülüp garşylaýan. Gaty görüp gatnaşman gezmek gowy görülenok. Gepiň gysgasy geçeni geçdi görmeli.
Koneler @aynash tarapyndan 10yyl ozal. Ahlisi "G" harpyndan baslayar dine "G" harpyny gorup bizara bolan dalsiniz agzalar? :)
16.07.2021 23:14

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir