Keşbi bahardandyr uz gözelleriň.(Payhaslar ummanyndan)
Zenan birini soyse, oz jylawyny soygulisinin eline berip, onun guluna öwrülýar. (Etýen Reý)
•••
Tilkiler eyjejik jandarlardyr, yone olaryn akylyňa-oýuňa gelmejek usullar tapýarlar. Zenanlar hem...(Ambroz Birs)
•••
Zenanlaryň näme isleýändigini Hudaýam bilenok. (M.Gorkiý)
•••
Zenanlaryň kemçiligini hiç wagt aýdyjy bolma. (OWIDIÝ)
•••
Zenanlar ejizlik bilen ýaraglanan wagtlaryndaky ýaly hiç wagt güýçli bolýan däldirler. (Iwan Bunin)
•••
Zenan gaharlananda onuň sözlerinden parasatly pikir gözläp oturma. (Pýer Bomarşe)
•••
Erkek kişiler zenanlara ýakynlaşmak isleýärler, zenanlar bolsa onuň kalbyna seredip görmek isleýär. (Anni Swetskaýa)
•••
Zenanlaryň ýanynda erkekler bolmasa sargarýarlar-solýarlar. Erkekleriň ýanynda zenanlar bolmasa, olar samsyklaşýarlar. (A.Çehow)
•••
Zenanlar alma ýalydyr.
Iň süýji almalar alma agajynyň iň ýokarky şahalaryndan sallanyşyp durýar. Erkek kişiler şol süýji almany almak üçin alma agajynyň depesine çykmak islemeýärler, sebäbi olar ýykylaryn-da bir ýerimi döwdürerin öýdüp gorkýarlar. Oňa derek ýere gaçan almalary jemleýärler, olar o diýen süýji bolmasa-da elýeterli.
Şonuň üçin alma agajynyň ýokarky şahalaryndaky alma özümde bir kemçilik bolaýmasyn öýdüp pikir edýär hakykatda welin, ol iň ajaýyp almadyr. Olara alma agajynyň ýokarysyna çykmaga çekinmeýän adama garaşaýmak galýar. (Halk dilinden).
10.07.2021 12:59
!!!Zenan!!!
-
Xyivenia
3 years ago
- Daa.... :)
-
LadaKalina.
3 years ago
- Bãh.......:)
-
Jeksparro
3 years ago
- Dogrudanam näme isleýälerkä zenanlar @Pegas!? 😁🤣🙄 Özlerem bilenok diýýärow...😂
-
maksat00
3 years ago
- Zenanlaryň ýanynda erkekler bolmasa sargarýarlar-solýarlar. Erkekleriň ýanynda zenanlar bolmasa, olar samsyklaşýarlar. (A.Çehow)
Aý ýoklaý, gaýta erkekleriñ ýanynda zenanlar bolsa samsyklaşýarlar
Pegas 3 years ago- "Zenanlaryň näme isleýändigini Hudaýam bilenok. (M.Gorkiý)"
Zenanlar näme isleýänini özlerem bilenok))