Barybir o ýere baranyňyzdan soň aýrarlar. Tak çto...
8.
...Hupbatly günler başlandy. Hä diýmänem gyş düşdi.
Gazy-haşar işleri gelip ýetdi.
O-da bu ýyl eli pilli ýigitlerini urşa ugradan gyz-gelinleriň, eneleriň başyndan indi.
...Raýonyň ähli obalaryny suw bilen üpjün ederlik suw sygymy bolan ene ýabyň sakasy derýanyň dagdan çykan ýerindäki äpet uly, ýaşajyk Gün ýaly ýeke özi gyzaryp oturan gyzyl gaýanyň deňinden gözbaş alyp gaýdýardy.
Gazynyň başky çäkleri has agyr. Içi jygrama, ownuk, öl çagyl daşjagazlaryndan doly suwjaryp duran ürgün çäge gatyşykly gök läbik. Onam iki göterim dagy etmeli. Soň bişen kerpiçleriň böleklerinden, küýze döwüklerinden doly, ýüregedüşgünç her gezek «jarkyldadyp» uranyňda şol zatlara degip, piliňi «zarňyldadyp» yzyna zyňýan, beýniňe pyçak sokulan ýaly edýän, ýüregedüşgünç çäkler başlanýar.
Şondan geçensoň gazy ýeňleýär. «Çöpsyrdy» edip gidibermeli.
Gaza raýonyň ähli gelin-gyzlary gatnaşýar.
Gazy her oba çäkme-çäk, agyr ýerdenem, ýeňil ýerdenem obalara deň-derman bölünip berilýär. Soň ony her obanyň gelin-gyzlary öz aralarynda bölüşýärler. Kim ejizlese ýa ýeri bijaý agyr bolup yza galsa onda oňa beýlekiler kömekleşýärler.
Bäş-üç bolup birleşip, brigada görnüşinde işleýänlerem bar. Odun-çöplerine, biş-düşlerine we beýleki zerurçylyklaryna sereder ýaly urşa alynmadyk, maýyp-müjribräk, golak-çolagrak, kör-kerräk ýa ýaşy ötüşenräklerden, şeýle hem arabakeşlerden, ölçegçi-hasapçylardan ybarat erkek göbeklilerem bar.
Howanyň sowukdygyna, üstesine-de dag ýeridigine garamazdan öý-öwzar ýagdaýlary öwerlikli däl. Çatma-çalmar we merthana şekilli penalar bolaýmasa başga sümelge ýok. Sümelge ediner ýaly eglenilýän ýerem däl.
Aksoltan, Zerkäkil, Aždaryň dessandan çykaryp alan gelni gelen gününden başlap, özüni obanyň iň owadan hem daýaw gelni hökmünde tanadan Hallygözel, Zerkäkiliň klasdaşy we jorasy Solmaz, onuň gelnejesi Gyzylgül dagy hem özlerini bir «brigada» diýip, yglan etdiler.
...Gazynyň ilkinji iki güni diýseň içgysganç boldy. Üçünji gün diýlende ondan-mundan özara edilýän gep-gürrüňler eşidilip ugrady. Dördünji gün alşylýan sözleriň bady gataldy. Kä ýerlerden gülki seslerem çykyberdi. Şol gün günortan arakesme wagty çaý--suw içilip, nahar iýlip bolandan soň Zerkäkiliň klasdaş jorasy Solmaz onuň ýüzüne bakyp:
― Ejeş jan, şu ýerde-de şahyrlygyňy görkezäýmeseň-ä içgussa boljak bular... ― diýdi.
Şu ýerde biz Zerkäkiliň özüni obada şahyr hökmünde adykdyryşy barada birki agyz gürrüň edeliň.
...Günlerde bir gün, ýagny, Gökböri dagynyň entek uruş turmazdan öň, gulluga giden döwürleri olardan bir ýyl öň ugran Zaman atly oglandan ilki obany, soň tutuş raýony haýrana galdyran geň-taň bir hat geldi.
Öýlerine iberen şol hatynda ol özüniň gulluk edip ýören ýerinde bir ors gyzy bilen tanşandygyny, onuň bilen gowy görüşýändigini, halaşýandygyny, gullukdan soň alyp baraýmagynyň gaty ahmaldygyny habar berýärdi.
Ata-eneleri birbada-ha bu habary il-günden ýaşyrdylar. Ýöne, temeni haltada bukup bolýamy näme?
Äşgär bolan gününiň ertesi Zamanyň halaşýan gyzy Gyzylgül-ä: «Seň ýüzüň aňry bolsa, meň ýüzüm bäri! Ondanam aňryk git! Atamyň aýak ujuna git!.. ― diýen ýaly ýangynly sözler bilen jogap ýazdy-da, bir demde bellisini etdi oturyberdi.
Zamanyň kakasy Mülki aga: «Gitjek! Şol köpeý ogluna iň soňky sözümi aýdyp gaýtjak!..» diýip, birbada dyzady. Ýöne, daş ýer, näbeletçilik, harjysyzlygam üstesine. Baryndan beterem täze partorg Medet aga ýanyna çagyrdy-da: «Ogluň gowy iş edipdir. Megerem, ol şol ýerde partiýa geçen bolsa gerek. Çünki, biziň kommunistik partiýamyzyň syýasaty — internasionalizm!.. Ýer ýüzünde «o millet, bu millet» diýen düşünje bolmaly däl. Seň ogluň türkmenlerden uly başlangyjyň başyny başlapdyr. A tak... bu ýerden beýdip, çişip barsaň, o ýerde seni saklaýmaklaram, işiňe seredäýmeklerem ahmal...» diýdi welin, Mülki aganyň ýap-ýaňyja--da jaýtaryp duran murty «küsserdi» ýatyberdi.
Zamanyň jigisi Solmaz welin ynjalmady. Ol derhal, aram-aram ýönekeýje goşgujyklar ýazyp ýören Zerkäkiliň ýanyna geldi-de: «Jan dogan, şoň bir «jaňkyny» döwüp bäş-üç beýt goşgy ýazyp bersene, meň adymdan» diýdi.
Bar zatdan habarly Zerkäkil birmeýdan böwrüni diňläp, gözüni süzüp oturdy-oturdy-da indi öňküsine görä-de birneme terlenen, ýukaja dodaklaryny adatdakysyndanam has çommaldyp: «Bo-o-or...» diýdi.
...Ilki söýgülisinden, soňam jigisinden baran howsalaly hatlar, haýbatlar, zarynlap ýazylan goşgular asuda gulluk edip ýören ýigidiň aňkasyny aşyrypdyr. Bir bulaşyklygyň bardygyny aňypdyr.
Şonuň üçinem, ol bar zady bolşy-bolşy ýaly edip komandirine aýdypdyr we öýlerine gidip geler ýaly rugsat sorapdyr.
...Ol gelen gününiň ertesi bar zadyň anygyna ýetdi.
Namys ýesiri-7 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- Olar umuman, şu beýtlerden ybarat bolmaly:
Alaýmagyn orsýetiň gyzyndan,
Göwnüň gidip tutaýmagyn bilinden,
Köýnekleri bardyr egri dyzyndan,
Alan bolsaň taşlap gaýdaý, doganym.
Alan gelniň otur diýseň oturmaz,
Tamdyrlardan mele petir getirmez,
Aýagyna gülli jorap ötürmez,
Alan bolsaň taşlap gaýdaý, doganym.
Ors alsaň gara däldir, garagy,
Depesine sanjylandyr daragy,
Dini başgaň aýra bolar ýüregi,
Alan bolsaň taşlap gaýdaý, doganym.
Säher turup sary saçyn darar ol,
Ýumuş buýrsaň gahar bilen garar ol,
«Tufli» geýip dürk-dürk edip ýörär ol,
Alan bolsaň taşlap gaýdaý, doganym.
Gyzlar bu goşgulary gazal aýdan ýaly owazlandyryp, üýtgeşik bir zaryn ses bilen aýdýardylar. Esasanam her beýdiň soňky sözüni: «do-ga-ny-y-m-eý...» diýip, ýüreklerinden syzdyrýardylar.
Zerkäkiliň şahyr hökmünde adykmagyna sebäp bolan waka, ana, şol.
Joralary Solmaz başlyklaýyn indi onuň gazyçy fronta giden ýigitler barada ýazmagyny islediler. Öňki ýaly syýasata ters gelmezligi üçin, ony eýtmeli, muny beýtmeli, diýip düşündiriş işlerinem geçdiler. Zerkäkil uzak garaşdyrmady. Guşluk ýa günortan çaýa, nahara çykanlarynda, agşam işden soň tä ýatýançalar ol gazyçylara kä oturyp, kä ör turup, kä hiňlenjiräp, kä labyz bilen goşgy okap berdi.
Gazuw geçirilýän çäklerdäki hereketler güýçlendi.
Gelin-gyzlar Zerkäkiliň goşgularyny derhal ýat tutýardylar-da, hersi öz işlän ýerinde aýdyma edibem gygyryberýärdiler.
― Ejeş jan, täze goşgy goşmadyňmy?
― Agama iberer ýaly iki beýtjik düzüp bersene. ― diýen ýaly haýyşly sözler, soňundanam, «Ömrüň uzak bolsun, köp sag bol!», diýen ýaly alkyşly sözler eşidýärdi.
Erkeklerdenmi ýa zenanlardanmy ― ýöne gyzlardan-a däl ― bir doň ýürek tapyldy-da, «Ejeş gazyçylary güýmeýä, işi bökdeýä, päsgel berýä» diýen meseläni orta atdy. Emma ony goldan bolmady. «Kime ýaramaýan bolsa, gulagyny dykaýsyn» diýdiler.
Bir söz bilen aýtsak, Zerkäkiliň bitiren şol işleri ýeke bir tyl üçin däl, frontdakylar üçinem goşmaça, uly güýç bolup hyzmat etdi. Çünki onuň şol kyn pursatly günlerde, ýüreginden çykaryp ýazan goşgularyny kim ýaryna, kim ärine, kim doganyna, kim ogluna günübirin ugratdy.
Gönümel hat alyşmaýan bolsalar-da, onuň bu gahrymançylygy baryp Gökbörä-de ýetdi.
O-da Aksoltanyň gaharyny getirmezlik üçin, bir çetini tapyp, başga-başga ynanyşýan dost-ýarlarynyň üsti bilen Zerkäkile minnetdarlyk salamyny ýetirdi. Oňa guwanýandygyny, begenýändigini aýtdy.
Zerkäkiliň şol goşgularam edil öňkileri ýaly uzak ýaşady. Käbirlerini dagy «Ýeňşiň ýigrimi bäş ýyllyk, otuz ýyllyk» baýramçylyklarynda şahsy arhiw materiallary hökmünde merkezi gazetlerde-de çap edildi. Olar hakda makalalar ýazyldy.
Ine, olaryň şu günki güne çenli gelip ýetenleri:
Agam jany gözläp saýyllar boldum,
Allanyň edenne kaýyllar boldum,
«Dogan-dogan» diýip şaýyrlar boldum,
Iller Alla diýiň, gidenler gelsin.
Ugradyp gitmedim «Ata» barýança,
Gürleşip bilmedim mährim ganýança,
Gözlerim ýoldadyr gaýdyp gelýänçä,
Iller Alla diýiň, gidenler gelsin.
Prontdadyr, agam janyň oýnagy,
Egnindedir «sary kirpik» köýnegi,
Dagy ýarar gyr atynyň toýnagy,
Iller Alla diýiň, gidenler gelsin.
Paý-pyýada pront sary ugraryn,
Baryp kemendirden agam soraryn,
Kemendirem agam jany bermese,
Ýaka tutup, bir Alladan dilärin.
Jam börük bar agam janyň başynda,
Arman oňa keşde salyp bilmedim,
Çep çignine düşen gyltyz ýaranyň,
Bitenini, bitmänini bilmedim.
(dowamy bar)
Juma Hudaýguly
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onat eser eken. Yone chalaja dushunmejek boldum, Gokbori gullukdaka urshun 30 yyllygyna gechdi gidiberdi wakalar?!... Ya Zerkakilin tarypyny hasam gowy yetirmek maksady bilen yazylandyr?!...
06.07.2021, 18:33
-
IMMKN
3 years ago
- Молодец 🙏довамына гарашян
-
soho
3 years ago
- yañy bir ba:t alyp okap bashlayan welin "dowamy bar" bollayya, doly goyayda jigi!
-
Xyivenia
3 years ago
- Dowamyna garashyan gyzyklyja eken
-
Bibish
3 years ago
- Bir demde okap cykdym dowamynada garashyan.
-
Korolewa
3 years ago
- Minnetdar ahlinizede! :)
-
Nätänyş adam
3 years ago
- +++++++
Korolewa 3 years ago- Görlüp oturylsa, Gyzylgüli obadan başga bir oglanam halaýan ekeni-de, soňunyň nirä baryp direjeginem, asla, edýän hereketiniň netijesidiginem oýlaman, ur-tut garaçomaklyga ýüz uraýypdyr. Şol haty Zamanyň adyndan ýazypdyr-da, baryp raýonyň poçtasyndan ugradaýypdyr. Üçburç bukjanyň ýüzündäki nireden ugradylandygyny, nirä gelendigini görkezýän möhürjige seredäýmek welin, hiç kimiň kellesine gelmändir.
Garaçomagyň işine ilki obanyň komsomol guramasynyň umumy ýygnagynda, soňam komsomolyň raýon komitetiniň býurosynda seretdiler.
Gyzylgül ýene-de işjeňlik görkezdi.
Ol oba ýygnagynda-ha işiň magadyna ýetmän, harly hat ýazandygy üçin, Zamandan ötünç sorady. Býuroda-da prezidiumyň öňünde müzzerilip oturan günäkäriň ýüzüne tüýkürdi-de: «Düýe bolup ölenimde-de saňa bir çemçe çorbamyň ýetmejekdigini bileňokmydyň, nejis!..» diýdi. Soňam prezidiumyň ortarasynda oturan ýülmejik, ýaş leýtenanta ýüzlendi.
― Şuň içini ýakyp, men şu günüň özünde Zamana durmuşa çykjak. Toý tutjak. Şonuň üçinem onuň rugsadyny uzaltmaga ýardam etmegiňizi sizden haýyş edýärin ― diýdi.
Şeýdip, duýdansyz turan topalaň toý bilen tamamlandy.
Zamanam, Gyzylgülem günäkäri suda bermediler. «Ýaman öz pälinden tapar» diýdiler. Kyýamata goýdular.
Metbugatda çykmadygam bolsa, Sowet hökümediniň syýasatyna ― internasionalizme ters gelýän goşgular ýazandygy üçin, býuroda Zerkäkilem bir «şarpyjak» datmaly boldy. Ýöne, ýoluny beklemediler. «Aýdylany gaty görme. Tankydy dogry kabul et. Özüňem durmuşda gowy zatlary görjek bol. Ýurduň ösüşleri, partiýanyň öňdebaryjylyk roly barada ýaz. Raýon gazetine-de, merkezi gazetlere-de ýaz. Ýazyber! Çünki, ýaşlar bizde uly güýçdür. Ýoldaş Stalinem şony diýýär. «Gelejek ýaşlaryň elindedir» diýýä» diýdiler.
Zerkäkil dogrusy olaryň näme diýýänlerine-de, näme hakda wagyz edýändiklerine-de düşünmedi. Kejeleşjegem bolmady. Goşgy ýazmasyny welin, goýmady. Aýdyşlary ýaly käbir zatlar barada, käýarym raýon gazetinde çykyşlaram etdi.
Halk welin onuň ol goşgularyny däl-de, agasy üçin Solmaza ýazyp beren, býuroda tankyt edilen goşgularyny alyp göterdi.
Hususan-da, gelin-gyzlar özara oturylyşyklarynda, ümelerde, arabaly işe ýa başga bir alada bilen gidenlerinde kä ýeke-ýekelikde, käte bolsa bilelikde aýtdylar. Şol döwrüň gelin-gyzlary şol aýdymlary soň-soňlaram hatda ýaňy-ýakynlara çenlem, biri-birlerine gabat gelen ýerlerinde iň bolmanda adaja hiňlenip aýtdylar welin, aýtdylar.