Tüweleme aşakda agzalaryň uly bölegi joşupdyrlar, ýüreklerindäki ot sözlerinden görünýär, internediň bu tarapynda eşidilýär. Indi bizde pikirimizi azajyk ýazga dökeli.
Moral, edep, ahlak öňki döwürlerde jemgyýeti we agzalaryny goramak üçin "düzülen" "subýektiw" hereketler, pikirler düzgünler jemidir. Döwrümizde ol işi "uly ölçegde" ýerine ýetirýän ulgam bar, kanun we dürli düzgünler.
Ahlak adama we jemgyýete baglananlygy we subýektiwligi (ýagny fakta daýanman şahsy pikire daýanan) sebäpli wagtyň geçmegi bilen täzelenýär. Her nesil özünden soňky nesili azdan känden edepsizlik ýa başga zatlar bilen garalaýar. Mysal üçin 90lar we ondan öňde aýal maşgala we erkekler üçin ahlaky talap başgady. A 50 we 60 larda ondanam beter trebowaniýe berkdi. Soň 1920-30 lara gitseň başga düzgünler, rus patyşalygy we bilelikde rus medeniýetiniň parçalary bize gelmäkä iň berk wagtlary bolandyr. Biz bulary ünsli okasaň edebiýat kitaplaryndan öwrenip bileris. Indi bu yzygiderlilige seretseň biziň hemmämiz ahlaksyz bolýarys. Biziň atalarymyz olaryň atalary we şeýdip başlangyja çenli gider.
Şonuň üçin ýaş nesili ýa jynsy günäkärlemäkäň seniň özüň hem ahlaksyzlygyňy (bu sistema boýunça) ýatdan çykarmaly däl. A sen özüň ahlaksyz bolsaň sen nädip başgasyny aýyplap bilýärsiň. Aslynda hasam dogrusy biziň başgalaryna ahlak dersi ýa nädip ýaşamalylygyna öwretmäge hakymyz barmyka.
Nietzscheň aýdyşy ýaly "ahlak gahrymanlygy edýänler iň ahlaksyzlardyr" sözüni menä dogry gorýän.
Indi gündogar we günbatar ahlagy hakynda
Gündogar ahlagy hasam ýakyn gündogarda ahlagyň uly bölegi adamlaryň şahsy ýaşaýyşlaryna goşulmak we jynsy pikirler üstüne düzülen. Gysgaça aýdaňda bilden geçýär.
Günbatar taryhynyň uly bölegi biziňki ýaly bolmady, diňe orta asyrlar jüwlük hemme zatdan öňde gorüldi. Oňada şonuň üçin garaňky asyrlar diýilýär. 16 asyrdan soň papalygyň güýjini peseldilip bu zatlar modadan galdy.
Günbatarda her jan wajyp, her jan azat, her jan jemgyýete uly zeper çekdirmeýän bolsa edenini edýär. Sebäbi hiç kimiň beýleki adamyň üstünde üstünligi ýokdur.
Olarda ahlak şu wagtlar nämeden ybarat. Ogurlamazlyk, döwlet malyny ogurlamazlyk, wagtyňda salgydyňy doly tölemeklik, adam hakyny iýmezlik (magazinde, bankomatda hassahanada adamyn öwüne geçýänsiň hökman, şol zat yslamda hudaýyň hem bagyşlamaýan zady bolmaly) tebigaty gorap geljekki nesillere abat geçirmek, her kimiň şahsy ýaşaýyşyna we pikirlerine uly sylag, kanuna uýmaklyk, başgalaryna solidarnast/duýgudaşlyk we şm. Beý diýdigim ýalňyş düşünilmesin, olaryň taryhynda hem uly moralsyzlyklar boldy, hatda iň ulylary ýöne jemgýyet progressiw bolany üçin ol sahypa ýapyldy, ösdüler. Su wagt hem olara eýermeýän belli bölegi bardyr, olar hem ahlaksyz hasaplanýar.
Ahlaklylyk we ahlaksyzlyk çylşyrymly we subýektiw bolany üçin tema açylanda göni bökmän pikirlenilse gowy bolar.

Edebiýat, .Leyla tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir