Hudaýdan gorkýan adam hiç zatdan gorkanok, Hudaýdan gorkmaýan welin, ähli zatdan gorkýar.
Hudaýa ynanmaýan, ýa-da çala ynanýan adamlar, real durmuşda örän gorkak adamlar bolýarlar. Şeýle adamlar Hudaýa we öz ýazgytlaryna ynananoklar, olar bar zady özleri dolandyrýandyr öýdärler, netijede bolsa özleriniň ejizdiklerine düşünip, durmuş ýollarynda sähel bir synag peýda bolsa, şol bada howsala düşüp başlaýarlar. Öz ýazgytlaryny özleri ýazýan adamlarda, olaryň özlerinden başga bil baglara hiç kimleri ýok. Onsoň şeýle adamlar hökmany ýagdaýda uly wezipeli we baý adamlaryň ta#şagyny götermeli bolýarlar, sebäbi olaryň pikirine görä, bu durmulşa öz ýazgydyň awtory boljak bolsaň, hökman pul ýa-da wlast gerek. Ondan başga Hudaýa ynanmaýan adamlaryň, ýa-da bar zady özim çözýän diýip hasap edýän adamlaryň, ýenede bir kem tarapy bar, ol adamlaryň ruhy dünýäsi diýseň ejiz bolýar, hiç hili ahlak prinsyplary bolanok, hemişe şeýle adamlardan oňat agentlar we adam satýanlar döreýär, sebäbi hökümet bilen araňy sazlamasaň nädip bu durmuşda özüňi oňarjak? Men öz durmuşymda Hudaýa çala ynanýan we öz ýazgydyny ýazýan adamlaryň bir gidenine duş geldim. Şeýle adamlara hökümet tarapyndan täsir etmek örän aňsat eken, şeýle adamlary çala gyssasaň näme et diýseň edip ýörler. Sebäbi ol adamlar Ýokarda (Allahyň) bir güýjiň barlygyna ynananoklar, we ýerdäki bar zady, wlastly we pully adamlar çözýär diýip pikir edýärler. Şol sebäpden hem, ömrüniň ahyrna çenli şeýle adamlara ýallaklap, öz ýazgytlaryny özleri ýazmaly bolýarlar. Hudaýa we ýazgyda ynanýan adam welin beýle däl. Şeýle adamlar Hudaýdan başga hiç zatdan gorkanoklar. Durmuş ýolynda peýda bolan kynçylyklaryň barsyny, synag hökmünde kabul edýärler we erkek ýaly başlaryny egenoklar. Şeýle adamlary gorkyzmak we täsir etmek kyn düşýär, sebäbi ol adam öz ýazgydyny özi ýazanok, seň ýazýanyňa hem ynanok. Bar zady iň soňynda Hudaý çözýär diýip ynanýar. Hakykatdanam Ýokardaky güýje ynanyp ýaşanyň müň esse gowy, eger diňe öz özüňe ynansaň, sen bir giden zady özüň dolandyrmaly bolýaň, mysal üçin şu gün hiç zat etmän ýatsaň, eýýäm bir güniň boş geçýär. Hudaýa ynanýan bolsaň welin, sen eýýäm hiç zada gynanaňok, sebäbi bar zat Hudaýdan gelýär. Onsoňam ýene bir zat. Kimde kim Hudaýa ynanmaýan bolsa, ol şol adamyň şahsy çözgüdi däl. Hudaýyň özi şol adamyň ýüreginden gitdide, bar indi mensiz ýaşap gör diýdi. Ähli zat diňe öz elinde diýip hasap edýän adamlaryň köpüsi, netijede gorkajyk adamlar bolup çykýarlar, men öz durmuşymda şeýle adamlara örän köp gabat gelip gördüm. Şeýle adamlar mydama gös göni ýoldan ýöremäge synaşýarlar, sebäbi olar öz ýazgydyny özleri ýazansoň, çalaja çepe ýa-da saga sowulsaň näme bolýandygy bilenoklar. Ýöne şeýle adamlaryň iň esasy syrtyny açýan zat, olary ýokary wezipeli we wlastly adamlaryň ýanynda özlerini alyp barşy, sebäbi öz ýazgydyny özleri ýazýan adamlar, bar zady diňe güýç bilen pul çözýär diýip hasap edýärler. Menden size masalahat, öz ykbalyny özleri ýazýanlara ynanmaň, men o tetelli adamlaryň müň görnüşini gördüm, olar diňe owadan samramany başarýarlar, daş töwerek hakykatda gyzgyn bolanda welin, kimiň ta#şagyny göterjeklerini bilmän ýörler.
Hudaýdan gorkýan adam hiç zatdan gorkanok, Hudaýdan gorkmaýan welin, ähli zatdan gorkýar.
-
Adalat19
3 years ago
- Meň 2 sany teswirim üçin pozdy öýdýän?
-
Khanture
3 years ago
- Haýsyňyz Rahman Zulfikarow?
-
Jeksparro
3 years ago
- Adalat-19, aýdaňogamaý Beglidigiňi!? 😁
-
Adalat19
3 years ago
- @Jek serçe, menä hemme kişi bilýändir öýdüp ýördüm....
-
Adalat19
3 years ago
- @Khantöre....Rahman Zulfikar meň edebi adym diýseň hem bolýar...
-
Jeksparro
3 years ago
- Ýogow men bilemok...
Ýadyňdamy vk.com:oka_owren_doret toparda e-kitap goýuşdurýardyga...
-
Khanture
3 years ago
- @Adalat19 @Zulfikarow agza onda başga birimi?
-
Adalat19
3 years ago
- Ýok Jek serçe...vk.com-da toçna men däl, biri seni aldan bolaýmasa men diýip ol ýerde, ýada sen ters düşünensiň bir zada???
-
Adalat19
3 years ago
- @Khantöre...3 gezekden biljek bol...zulfikaryň kimdigini...)))))
-
Jeksparro
3 years ago
- Hä onda men ýalňyşýan, tanamok seni...
-
Khanture
3 years ago
- Jekiň Begli diýýäni şolmy ýa? :))
-
Jeksparro
3 years ago
- Begli meň diýýänim 2015-2016-njy ýyllar...
-
Khanture
3 years ago
- Perhat Sabirovv3 months agoBagyşlañ welin siz hakyky Rahman Zulfikarow däl! Men hem ilkibaşda sizsiñiz öýtdüm ýöne hakyky Rahman aga bilen 6-7aý bäri poçta arkaly habarlaşýas welin Talyplar-daky @Zulfikarow agza men däl diýdi. Rahman agañ profili bolsa @Adalat19
Bu teswiri hazir okadym. Yadro urshy hic hacan bolmaz blogyňdada @zulfikarow teswir ýazypdyr.
@Zulfikarow agza siziň dostuňyz.
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture, ýa allaýarmyka!?
-
Khanture
3 years ago
- Bilmedimay @Jek
-
Jeksparro
3 years ago
- @Khanture, nämüçin bileňok...
-
Khanture
3 years ago
- Sebabinem bilemokda
-
Adalat19
3 years ago
- @Zulfikarow men däl, ýöne biz tanyşdyk...ýöne köne erti..com daky Begli666 men...
-
Jeksparro
3 years ago
- @Begli666, ertir.comada girýärdi meň Begli diýýänim. Şol sen bolmaly jyn urmuş boýun almajak bolýaň ýöne...
-
Adalat19
3 years ago
- @Jek serçe, ertirdäki Begli men, dostlukdaky Begli men, ýöne vk.com-da men däl....
-
Khanture
3 years ago
- @Adalat19 dostlukdaky Begli senmi?
-
Adalat19
3 years ago
- @Hantöre, Begli666 men...dogrysy dostluga bu golaýda girip göremok...
-
Khanture
3 years ago
- Geçen ýyl Begli666 diyip kim girdi? Sena dalmikang oydyan.
-
Panturkist
3 years ago
- "Sen oňa ynanç diýersiň, biz bolsa gorky" >>> Henrik Ibsen
-
Adalat19
3 years ago
- @Hantöre, @Begli666 bolsa hökman men, şol niki menden başga ulanýan adam ýok...
-
Khanture
3 years ago
- Bä onda sen geçen ýyl tekiz yer barada bileňokdyň ýada bilseňem maňa aýtmadyň
-
Adalat19
3 years ago
- @Tekiz ýer barada bilenime köp wagt bolan däldir dogrydan hem. Sen dostlukda tekiz ýer barada tema açýardyňmy? Men saňa negatiw teswir ýazan däldirinä?
-
Khanture
3 years ago
- Ýok gowy teswirler ýazdyň. Näme ýadyňa düşmeýämi? Goldaýadyň meni...
-
Khanture
3 years ago
- Açýadym welin otaýdan blok edip zyňdylar.
-
Adalat19
3 years ago
- @Hantöre, seni haýsy saýtda tema açsaň hem goldaýanymy bilýän, ýöne dostlukdan özüm hem kowulamsoň, meň adymdan ters zatlar ýazyp ýören bolaýmasynlar diýjek boldym. Täze informasyýany mydama goldamaly, informasyýa ýalňyş hem bolsa. Sebäbi täze informasyýa dünýagaraýşyňy giňeldýär. Geçmişde hem Pygamberleri diňe täze informasyýa açyk adamlar gollapdyr.
-
Khanture
3 years ago
- Dogry...
Jeksparro 3 years ago- Aşakdaky zibilli teswirlerden bizar bolup täzeden açdyňmy @Zulfikarow, oňardyňaý 😁