Maşgala gatnaşyklarynyň başlangyjyny goýyan ilkinji gije baradaky maglumatlaryň pynhan gatnaşyklaryň gözbaşy bolup durýanlygy hemmämize mälimdir. Bu pynhanlyk iki sany ýaş juwanyň (indi bolsa är-aýalyň) arasynda bolup, uzak ýyllar dowam etjek är-aýal gatnaşyklarynyň başlangyjyny başlaýar, olaryň jynsy gatnaşyklarynyň birinji "kerpijini" goýýar.

El degmedik gyzyň gyzlygynyň (gyzlyk perdesi) alynmagyna "deflorasiýa" diýilýär. Bu söz latynçadan terjime edilende, "de" - aýyrma, "floris" - gül, ýaşlyk, gyzlyk manyny aňladýandyr.

Adamzadyň taryhynyň dürli döwürlerinde, dürli halklarda gyzlyk perdesine aýry-aýry garaýyşlar bolupdyr. Orta asyrlarda durmuşa çykýan gyzyň gyzlyk perdesini alyp, "ýol açmagy" hormatlanýan feodala tabşyrypdyrlar. Öz krepostnoý saklanýan gyzlaryny durmuş ýoluna ugratmak onuň diňe bir hukugy däl-de, keramatly borjy diýip hasaplanypdyr.

Fransuz etnografy Pýer Cordonyň ýazmagyna görä, uly mülkleriň eýesi bolan gersoglar ýylda ýüzlerçe durmuşa çykýan gyzlar bilen ilkinji gijäni geçirip, olary öýlenýän ýaş ýigide gowsurypdyrlar. Eger mülk eýesi bu iş üçin gaty garry bolsa, onuň işini oňa derek ogullarynyň ýa-da hyzmatkärleriniň biri ýerine ýetiripdir. Feodalçylyk döwründe ilkinji gijäni geçirmek hukugy takwa adamlara hem tabşyrylypdyr.

Arunto atly papuas taýpasynda bolsa aslynda feodallar hem ýok ekeni. Öýlenýän ýaş ýigit öz gelinliginiň gyzlygyny 2-3 sany ýakyn dostlaryna almaga tabşyryp, diňe şondan soň toý dabarasynyň başlanýanlygyny habar beripdir.

Russiýanyň demirgazyk halklarynyň käbirinde, ilkinji gijede dökülýän gan bilen bilelikde erkek adama ata-babalarynyň gargyşy hem inýär diýen düşünje bolupdyr. Şonuň üçin hem, gyzlygy almak üçin olar başga milletden bolan erkek adamyny çagyryp, özlerini gargyşdan halas edipdirler.

Köp halklarda gyzlygy almany aýallara tabşyrypdyrlar. Düzgün bolşy ýaly, olar taýpanyň sylanýan ýaşuly aýallary, tebipler ýa-da jadygöýler bolupdyr. Meselem, mbotu afrikan taýpasynyň tebip aýallary gyzlyk perdesini haýwanyň süňkünden ýasalan ýiti iňňe bilen deşýän ekenler. Filippin adalarynda bolsa, ene-atalar gyzlarynyň gyzlyk perdesinden ol 10 ýaşamaka dynmaga çalşandygy barada taryhy maglumatlar bardyr. Köp halklarda gyzlygy almak gyzyň ene-atasyna tabşyrylypdyr. 3 asyr mundan ozal Peruda enä öz gyzyny deflorasiýa etmek tabşyrylýan ekeni. Sumatra adasynda bolsa ilkinji gijäni geçirmek hukugy gyzyň kakasyna berilipdir.

Ýöne gyzlygy almaklygyň wajyplylygy hemme ýerde beýle ähmiýetli bolmandyr. Polýak seksology S. Kinessyň bellemegine görä, Hindistanyň, Braziliýanyň, Çiliniň käbir dini jemgyýetçilik gatlaklarynda "gyzlyk perde" diýen düşünje asla hem bolmandyr. Eneleriň öz gyzjagazlaryny jan edip ýuwundyrýanlygy netijesinde, olar kiçi ýaşdaka gyzlyk perdesinden mahrum bolýan ekenler. Olaryň pikir etmegine görä, durmuşa çykan gyzyň gyzlyk perdesiniň saklanylmagy gyzyň terbiýesizliginden we hapysalygyndan habar beripdir...

Biziň döwrümizde, jemgyýetçilik, maşgala gatnaşyklarynyň we ahlak häsiýetleriniň üýtgemegi netijesinde gyzlyk perdesine bolan garaýyş hem üýtgedi. Ýaşlaryň köpüsi oňa arassalygyň, ahlak päkligiň, ýaşlygyň nyşany höküminde garasa, käbir ýaş oglan-gyzlar üçin bu düşünje hiç bir çuň manyny aňlatmaýar. Ýöne biziň gürrüňdeşligimiz asla ahlak ýörelgeleri barada däl. Bu babatda her kimiň öz garaýşy bar.

Jemgyýetçilikde sorag edilmeleriň görkezişi ýaly, ilkinji gije bilen baglanşykly kynçylyklar her bäşinji ýaş çatynjada ýüze çykyp bilýändir.

Ýaş gelinler ýa-da çatynjalar bilen söhbetdeşlik geçirip, ýüze çykan kynçylyklaryň anygyna ýetilende esasy sebäpleri anyklap bolýar. Ilkinji gijäniň "süýjüligi" birnäçe sebäplere görä üýtgäp biler:

Ýaş juwanlaryň jynsy gatnaşyklarynyň fiziologiýasy (we anatomiýasy) baradaky düşünjesiniň ýeterlik bolmazlygy; Gyzlyk perdesi ýyrtylanda ýüze çykýan gan akma baradaky nädogry düşünje; Öýlenýän ýaş ýigit tarapyndan goýberilýän säwlikler.

Gyzlyk perdesi bir ýa-da iki, käwagt ondan hem köp ýerinden ýyrtylyp biler. Köplenç perdäniň aşaky bölegi ýyrtylýandyr. Ýyrtylmada ýüze çykýan gan akma häsiýeti hem perdäniň gurluşyna, gyzyň ýaşyna, ýyrtylmanyň düşen ýerine bagly bolýar. Köp ýaş ýigitlerde gyzlyk perde ýyrtylanda gan köp mukdarda akmaly diýen nädogry düşünje bardyr. Süýnmäge ukyply, ýuka perde ýyrtylanda ganyň we agyrynyň güýçli bolmazlygy mümkindir. Käbir gyzlarda dogabitdi gyzlyk perdesiniň bolmazlygy ýa-da sportuň käbir görnüşleri bilen meşgullanmak netijesinde perdäniň öň ýyrtylmagy hem agyry we gan akmany döredip bilmez. Tersine, etlek we galyň perdäniň ýyrtylmagy gan akmalara (hatda 3-5 günden soň hem) we agyrynyň döremegine getirip biler.

20-22 ýaşda gyzlyk perdesiniň çeýe süýümleriniň azalyp, birleşdiriji dokuma bilen örtülýänligi sebäpli, 22-23 ýaşdan soň, ýyrtylma biraz ýaramaz duýgulary ýüze çykaryp biler.

Ilkinji gijeden soň, ýyrtylan ýeriň töwereginde goýy gyzyl, gögümtil-gyzyl reňkli gan öýmeler döräp, olar 2-3 gün saklanýandyr. Perdäniň galyndylarynda çişginlilik emele gelýär. 1-1,5 hepdeden gan öýmeler aýrylýandyr ýa-da gyzylymtyl çyzyjaklar görnüşde yzlary galýandyr. 1,5-2 hepdeden ýyrtylan ýerleriň gyralary bitişýändir. Ýuka perde 5-7 günde, galyň perde 2-3 hepdede doly bitişýändir.Gyzlyk perdesiniň bitişme möhletini göz öňüne tutup, ilkinji gijeden soň jynsy gatnaşyklary geçirmekden biraz saklanmak ýerlikli bolar.

Birinji gijäniň şowly geçmegi üçin oňa taýynlanyň we jogapkär çemeleşiň. Onuň üçin birnäçe ýönekeý düzgünleri ýatda saklamak peýdalydyr:

Ilkinji gijäniň öň ýanynda alkogol içgileri, neşe serişdelerini kabul etmekden saklanyň. Köp ýigitler tolgunmalaryny bildirmejek bolup, gelinliginiň ýanyna alkogol içgilerini kabul edip gelýärler. Serhoşluk ýagdaýy aňyň we hereketleriň dürsligini peseldýändir, adamynyň özüne bolan gözegçiligini kemeldip, ony dürli gödek, ygtyýarsyz hereketleri amala aşyrmaga mejbur edip biler.

Gelinligiňiz bilen jynsy gatnaşyga başlamazdan öň, ony posalar, mylaýym sypalamalar, gyjyndyrmalar arkaly taýynlaň. Şonuň ýaly hereketler ony oýandyryp, agyrsyzlandyryjy serişde ýaly täsir eder. Oýandyrma üçin onuň beden "erogen" nokatlaryny (gyjynmany döredýän ýerler) tapmaga çalşyň. Bu babatda Siz biri-biriňiziň bedeniňizi hemişe öwrenmelisiňiz.

Mähir-muhabbet sypalama wagtynda, barmagyňyz bilen gyzlyk perdesini ýazyň. Gyzlyk perdesini, gelniňiziň jynshanasy çygjarandan soň, çalt we ynamly hereket bilen girip "alyp" bilersiňiz. Ýöne Siziň hereketiňiz gaty gödek bolmaly däldir.

Jynsy gatnaşyk wagtynda ýaş gelin aýagyny dyzynda epmelidir. Eger ol aýaklaryny göni saklasa, gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy örän agyryly bolup biler.

Gelniňiz bilen örän mähirli boluň. Oňa mylaýym sözleri aýdyp, öz söýgüňizi gaýta-gaýta bildirmekligi unutmaň. Siziň gödekligiňiz, biperwaýlygyňyz aýalda ruhy bozulmalara getirip, jynsy gatnaşyklara bolan gorkyny ýa-da jynsy sowuklygy döredip biler. Birinji ýanaşykdan soň, Siz öz gelniňizi gujaklap, oňa söýgüden doly sözleriňizi aýdyp, minnetdarlygyňyzy bildirseňiz has hem gowy bolar.

Birinji gijede başlanýan gatnaşyklary mähir, söýgi bilen uzak ýyllara alyp gitmek üçin hemişe yhlas etmelidir. Onuň üçin Siz biri-biriňizi öwrenip, gatnaşyklaryň üstünde işläp, näzik sesli saz guraly kimin biri-biriňizi "çalmagy" başarmalysyňyz. Diňe şonda Siziň her bir soňky gijeleriňiz, şol birinji gije ýaly, tolgunmadan, pynhanlykdan, söýgi lezzetlerinden doly bolar.

Bilim, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir