Bar bolsa ugradayyn... 4-5 kuplet bolsa bolya...
Eje hakynda goşgy gerekdi...
-
Khanture
3 years ago
- Salam! @Nirvana ajayyp gosgy eken.
-
Nirvana
3 years ago
- Salam, gowumy?!
Hawa, gözläp şulary tapyp bildim..
-
Khanture
3 years ago
- Hm mena tapamok ;(((
-
Nirvana
3 years ago
- Gözleseň tapardyň :)
-
Khanture
3 years ago
- Dogry aydyan, gozlemedimda :(((
-
Nirvana
3 years ago
- Zyýany ýok.
Ylham agza ejeňiziň ömri uzak bolsun!
-
Khanture
3 years ago
- HMM. Ylham agza, menem gutlayan, Ejenizin omri uzak bolsun. Mahriban ejelerimizn guler yuzleri solmasyn, hic garramasynlar. Mydam perzentlerine guwanyp yasasynlar!!!
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Menem goşulýan. Egnini galdyrjak çagalary bolsun, şolara guwanyp ýaşasyn
-
#_YLHAM™
3 years ago
- @Nirvan sagbol gowy gosgy eken+
-
#_YLHAM™
3 years ago
- @Nirvana kop-kop sagbolun
-
#_YLHAM™
3 years ago
- @Nätanyş adam kop-kop sagbolun sizede+
Nirvana 3 years ago- Ejemjan. Aýlansam diň jahany. Tapmaryn seň ýyly mähriňi. Küýsesem geler gursagyň ýylysy. Mähribanym ejemjan. Bolmaz özge eller. Bolmaz özge sözler. Seň ýyly sözleriň deýin. Jan jigerim ejemjan. Gün ýylatsa älemi. Aý bezese gijäni. Sensiň öýümizin ýylysy. Sensiň eneleriň seresi Aýlansam elleň degen ýerlerini. Tapmaryn hiç kemini. Bişirseň ýyly nahary. Unutman onuň tagamyny. Dünýämi däl, bütün dünýäni. Gurşaýar seniň söýgiň ejemjan. Alys ýurt, uzak bolsada aramyz. Seň ýylgyrşyň köňülümde ejemjan. Saklasamda aýamda. Ulaldyk seň saýaňda. Az näçe dursak huzuruňda. Saňa karzym kän eje. Baky bolsun uzyn ýaşyň. Gözüňden aksa bagtly gözýaşyň. Şoldyr biziň bagtymyz. Uzak ýaşa ejemjan. Batyr Şabasanow:“ Ejemjan” goşgysy.
Mahrin bilen osdum kemala geldim ,
Sukur kabam indem uly gyz cykdym.
Rahadyny gorup perzentlerinin,
Aramyzda mydam bas bol ejemjan.
Bu gun dolyar kabam sen 45-in ,
Goy tanrym ecilsin yene 45-in .
Aramyzda bolup mydam dik basyn ,
Agtyklan bezesin dasyn ejemjan
Gutlayan uzakdan kabam yasyny ,
Sanly yyldan goryan guler yuzuni .
Allahym hic wagt mahrem kesbine ,
Gaygy - gussa salmawersin ejemjan ,
Bagtymyza mydam bar bol ejemjan.
Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde,
Ene mähri bilen diňdirdiň meni.
Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap,
Halal ak süýt bilen emdirdiň meni.
Ine, indi başym aman, janym sag,
Uzadan ýerime ýetip dur elim.
Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň
Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem!
Ak gar büräninde ýeriň ýüzüni,
Çapgyn şemal eger doňdursa tenim,
Derdimiň dermanyn daşdan gözlemen,
Derdimiň dermany – seň mähriň, enem!
Ýazda ýaz şemaly öwsüp bir ýana,
Ykjatsa al başly güläleklerin,
Ýaz ýaza meňzemez, gül bolsa güle,
Gelmese olara seň rehmiň, enem!
Uzak menzillere gadam basamda,
Kalbymda öçmejek dileg bar, enem:
Goý, sen-ä uýansyz ata atlanma,
Şol atyň aýagy bolmaýyn menem!
“Eneme” Maksat Seýitliýew.
Eziz enem, mährem enem keşbiňi,
Pasyllaň gözeli ýaza deňeýän.
Uzak-uzak gijeler-de ýatmaýan,
Hüwdülerňi aýdym-saza deňeýän.
Deňeýän mähriňi çogly Güne-de,
Ýüregňi köreýän köze deňeýän.
Seň näzik elleriň döreden nagşyn
Daş ýüzünde galan yza deňeýän.
Eziz enem, mährem enem, kalbyňy
Atyp gelýän täze daňa deňeýän.
Seni dünýä däl-de, mähriban enem,
Ümmülmez Dünýäni saňa deňeýän.
Deňeýän mähriňi çogly Güne-de,
Ýüregňi köreýän köze deňeýän.
Seň näzik elleriň döreden nagşyn
Daş ýüzünde galan yza deňeýän.
“Deňeýän” Bahargül Kerimowa.