Salam hormatly agzalar. Görýän welin ýene-de öňki heňler öňki gepler.
Gardaşlarym, Ýeriň togolokdygy mundan ençeme ýyl öň subut edilenem bolsa pikire garyp nadanlar ýaşlarymyzyň hem pikirini garaltýarlar. Meni diňe şu gaýgylandyrýar. Ýalňyşmasam, tekiz Ýeri goldaýanlaryň ýaşy 25-den geçen eken, ýagny uly adam bolmaly. Daşary ýurtdakylaryň 25 ýaşlylarynyň köpüsi (hemmesi diýmäýin) programist, bir ýerde işläp ýören, geljege okgunly, dizaýner, suratçydyr. Biziňkiler nähili, internetde YouTubede gören boş wideolaryny eli boşlygyndan ýazga geçirip, saýtlara girip uly bir zat etýän ýaly biderek mowzuklary paýlaşmak. Dostlarym 20 ýaşlylar eýýäm uly adam, muňa bolsa 20 ýaşdan geçibem akyl gelmändir. Bagyşla welin kemakyl dosdum sen. Aňsat aňsat adamlara beýle söz diýemok welin sen hakykatdanam hak etýäň. Kelläňiz gowmy siziň ?, agzalaryň köpüsi aýtdy "Goýmaý şolar ýaly zat" diýip, şondada näme üçin biderek zatlary paýlaşýaňyz ?, özüňize abraý bilýäňizmi ?
Dostlarym, men bular ýalylar bilen jedel etjek derejede öz abraýymy peseldesim gelenok. Gynanýan zadym ýaşlarymyzyň pikirini garalanýar. Şolar ynanmasada kellesiniň bir ýerinde ýat bolup galýar şol pikir. Ýyl bolupdyr 2021, gürleşýän zadymyza serediň. Ynanyň şuwagt şeýdip mowzuk açanyma utanýan, kemakyla akyl berjek bolýanyma utanýan. Ýöne etjek zadym ýok, men kän dymdym, dymsaň bular ýalylaryň biderek boş pikiri has ulalýar eken.
Ýene-de bir zat, kemakyl dosdum, bizi hiç zatça görmän "Siz pikir edeňizok barlap gözläp göreňzok" diýýäňä, hawa, edemzok, sebäbi sen has akylly, senden akylly ýok, şo sebäpli näme diýsek bir köpük. (Şeý diýemsoň utanybam paýlaşmaza şol adam)
Hä ýenede, siz ýaly kemakyllar hemme zady ýalanlaýar, NASA-ny, kosmos agentlerini, kosmosdaky hemme zady, alymlary bilim işgärlerini umuman hemme zady. Şolaryň hemmesi ýalan zat aýtmaza meniň kemakylja dosdum. Bolýar olary sylamadyň diýeli, iň bolmanda Arkadagymyzyň Türkmen Älemi kosmos orbitasyna çykdy, şolam kabul etýär Ýeriň togolokdygyny, şoňa-da hormat goýaňokmy sen ? Watanymyzam sylaňokmy sen ?
Gardaşlarym, näme üçin düşünmeýän birine zat düşündirjek bolýaňyz ? Näme üçin uly mowzuk açyp pikire garyp garaňky adamlar bilen jedel edýäňiz ? Düşünmeýän adama zat düşündirip bilmersiňiz, siz näme etseňizem düşünmez, samsyk samsyk bolýar, dälem däli. Şo sebäpli hijem kelläňizi agyrtmaň, goýuň şolar öz diýeni bilen bolubersinler. Geregi ýok şo garaňky adamlary gepletmegiň.

"1 delil bilen 40 alymy ýeňdim, 40 delil bilen bir jahyly ýeňip bilmedim"
- Albert Eýnşteýn

Sorag-jogap, Gutulmyş tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir