Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam galýar adamlaryň aňynda.
Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
“Halk” atly şu dowamatyň barynda.
Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de,
Bar ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.
Ajal kesgitlänok ömrüň çägini,
Akyl berip ýaşap ýör-ä Eflatun.
Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň,
Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň.
“Halk” atly dowamat şeýle adalat,
Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýör öteni.
Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de, unudýar seni.
Baýram AKATOW
“AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN...”
-
yashalym
3 years ago
- Sapa salam. Dunya boyunca gecyan foto yaryshyn ady name bilyan bolsan aytsana? Arada sol ady yazyp google-dan gowja suratlar alypdym weli yadyma dusenok
/21.6.17.2/
-
Pegas
3 years ago
- @/21.6.17.2/, salam. "Sony World Photography Awards" bolmaly.
-
yashalym
3 years ago
- Eger munkin bolsa @/21.6.17.2/ diymede, "sanjagazlar" diyip yuzlenay.
Hawa hawa edil ozi. Sag bol minnetdar!!!
-
yashalym
3 years ago
- /21.6.17.2/
-
Ulugyz
3 years ago
- Sapa, dogan, mrnde nom yokda. Gmailden yada basga saytdan habarlasyp bolmazmy? (kitap hakynda)
-
Pegas
3 years ago
- @Ulugyz, dostluk.ru saýtda şahsyma ýazaý onda. Ýa-da gmail: sapahommat@gmail.com
-
korpejik
3 years ago
- SAPA agam sizin ilkinji cykaran andriod kitabyňyzy nirden alyp bilerin salgysyny yazayyň uly haysh edyan...???:(
meri 3 years ago- Uytgesikler olen wagty dogulyar.
+++++++++