Saña ilki dusan günüm ýadymda
Şonda ot alypdy tas ejiz gursak
Ýadymdan cykanok,cykarman asyl
Şol näzik bakyşlañ, şol ajap pursat
Salam diýdiñ uzatdyñ sen eliñi
Salamlaşdym,tas durupdy ýüregim
Ýöne ol wagt ýürek ýada düşmändi
Gözüñde gark boldy iki garagym
Şol gün yzarladym synçylyk bilen
Seniñ her bir hereketiñ bolşuny
Bar bilen bitenim sen bolduñ şol gün
Hatda duýamokdym ýürek urşymy
Bir tarapdan çekse süýji arzuwlam
Sensizlik gorkusy çekýärdi terse
"Razy bolarmyka" diýip gorkmaklyk
Gelişýämi heý bir men diýen merde
Soñ içgin tanyşdyk,nomer alyşdyk
Soñra razy bolduñ bolmaga ýarym
Göýä bu ýol şonsuz ýolum boljak dek
Süýji arzuwlara bogdy hyýalym
Süýji günlem köp bolupdy elbette
Wah zalym WAGT şol günlerde dursadyň
Jennet bakjasynda duýdum özümi
Şol egnime başyň goýan pursadyñ...
Arman gitýän sensizligiñ tümüne
Ýöne ýüregimi galdyrýan saña
Wah söýenim ýadyña sal bir gezek
Nice agyr sözi diýdiñ sen maña
Ajy söz dilýärdi ýüregmi durman
Çydadym mertlerçe ýürege salyp
Ýöne bir sözüñe çydap bilmedim
Ol sözem ýürekde galsyn syr bolup
Şeýdip oýandym men şol süýji düýşden
Senli duralgany men yzda goýýan
Gözüm ýaşly,saña diýjek sözüm bar
Ýüreksiz Perişdäm MEN SENİ SÖÝÝÄN
Durmuşumyn unudulmaz sahnasy
Söýüp-söýlüp yaşan ol onbir aýym
Bu sözleri maña diýmek juda kyn
Mensizlikde bagtly bol sen ylaýym
Seni söýüp durup aýrylmak senden
Kalbymda bitmejek çuñ ýara açdy
Ol nejis aýralyk pursat üstünden
Näçe hepde geçdi,näçe wagt geçdi
Näçe wagtam geçdi,geçipler geçsin
Ýene"Sonam"diýýär bu ýanan gursak
Ýadymdan cykanok,cykarman asyl
Şool näzik bakyşlan,şool ajap pursat...
Awtor:Nazar.Nepesow(HAKYKAT)
"Gursaga gömülen söýgi" drammasy
-
A93
3 years ago
- Ýazyp biljege meňzeýär. Üstünlik
-
yyldyz.
3 years ago
- Pegas hem gelip pikirini yazsa begenerdim..
-
Pegas
3 years ago
- Erbet däl. Ýöne Kerkä giden ýaly uzyn eken)
-
yyldyz.
3 years ago
- pegas )) dramma diyilya dami 8bentden gecen goshga?
-
Pegas
3 years ago
- @yyldyz., ýok, goşgy diýilýär oňa-da)
-
yyldyz.
3 years ago
- wii
-
Korolewa
3 years ago
- Enayy))
-
yashalym
3 years ago
- Pegas bu gosgyn uzyn bolmagnyn sebabi soyenine bolan duygularyny nace yazyp otursanam az.aslynda ilkibasda Poyema ederin dp baslapdm yone ona kop wagtym gitjek i intak poema yazar derjede tejribam yok.asylnda men gosgylamn kop bentli diende 5 bent.shon unem shu gosgymy solardan haas tapawutly etmek islap uzynrajyk edp yazdym.
(Uzynlygyndan yana iki bendi okalyp sonyny okasynam gelmeyan manysy gacan gosgy bolan daldir dp umyt etyan)
HAKYKAT
-
yashalym
3 years ago
- İkilikci yyldyzjyk drama diylip sony gowluk bilen gutardmadyk esere ya da gosga aydylya))
HAKYKAT
-
yyldyz.
3 years ago
- HAKYKAT onyyyy ikilikci dal men. mana aydan bolýañ.ony menden sorap otyranama sendiñ)
-
yashalym
3 years ago
- yyldyz. Men senden poema diylip nace bende aydylya diydim
Draman namedigni soramadm)
-
yyldyz.
3 years ago
- bu çekeleşikli uruşlary özledim be Hakykat
sada. 3 years ago- 👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼