Agasynyň inisine öwüt-nesijaty 2
-Agam salawmaleýkim, ol neme, düýn oňňunky gürrüňiň yzy galdy. Ýaşam bolsam aýdanlaryň ýadymda galypdyr. Ýene nämeler aýtjakdyň? Iki gulagym sende.
+Aý inim innähä arassalyk barada aýtjakdym. Üns berýän bolsaň men hiçhili arak çilim edýändäldirin. Sebäbi näme!? Sebäbi bu zatlar hemmeýerde, kanundada, dindede, adamlaryň arasyndada gadagan zatda. Ine arak barada aýdaly. Köpler arak içen bolup döşlerine kakyp agyzlaryna gelenlerini gürlän bolýalar. Soňam "içgilidimlaý" diýen bolup aragyň üsdüne atýalar. How beýle bolsa içmehow, özüň höwes edip içmeseň gelip agzyňa guýmazlar. Näme diýselerem nähili içgili bolaňdada özüňi saklap diliňe herekediňe diýen etdirip bolýarooo. Muň şeýledigini sözde subut edip görkezeýin:ine içgili adamlar ýok ýerden urşa sögüşe başlaýarlar, sebäbi isleýärler. A nämçün şo içgililer, gyzlara ýa gelinlere baryp yr saranoklar!? Sebäbi özlerini saklap bilýärler, kellelerini işledýärler. Znaçit gelin gyza sögmelidäldigine, degmelidäldigine kellesi işleýän adam galanzatdada kellesini işledip özüni bilip biler. Onsaňam oň bir rowaýat eşidipdip halk arasyndan. Karoçe bir patşa barmyşyn, şeýlebir keýpi içgini söýýärmişin diýip aýdarýalydäl. Bu boluşuny patşanyň özühem halamandyr. Onsaň birgün agşam patşa "Gel şügün içmäýin, halkyň arasyna aýlanaýyn ünsümi sowaýyn. Belki halk arasynda beter adamlary görüp şüküre toba gelerin" diýip köne-sana eşikler geýip galadan çykyp gidýär. Halk uka gidipdir. Emma birje öýüň penjiresinden şem görünüp patşa şol öýe barypdyr. Patşa penjireden ýuwaşlyk bilen seredende zähresi ýarylypdyr. Öýüň orta-arasynda jaýyň içinde iki täze mazar bar. Başlarynda bir gelin sessiz ile eşitdirmejek bolup aglap oturan. Patşa beýleden aýlanyp baryp gapyny kakanda ýaňky gelin gapyny açypdyr we patşany tanapdyr. Patşa öýe girip nämeler bolanyny, bu iki mazaryň sebäbini sorapdyr. Gelin, bu aýtjaklarynyň syryny 100 ýyl saklamagyny patşa ant içiripdir. Patşa ant içipdir. Gelin gürrüňe başlapdyr:
-Çagakak agam bilen men eje-kakamyzdan ir galyp ýetim ýaşadyk. Agam ulalyp içip başlady, özi ýaly içegen dostam tapyndy. Bir günem içgili gelip meni şol dostuna durmuşa çykardy. Arakhor ärim bilen ýaşaşyberdim. Onsaň ondan oglum boldy. Pulsuz eklençsiz öýde çaga nädip ulalsyn. Ekläbilmän çagamyň boýnuna iň soňkuja kümüş gülýakamy dakyp metjidiň gapysynda goýup gaýtdym. Aýlar günler ýyllar geçdi. Ärim ýogaldy. 15 ýyldyr. Menem aýal adam, bir gün garaňkyda köçeden geçip barýarkam bir içgiliräk ýaş oglan maňa lak atdy. Maňa ýarady. Menem ony oýe alyp geldim. Bile bolup uklap galypdyrs. Üsdümize doganym geldi. Içgili halyna ol oglana topuldy. Ol oglan, doganymy bilmän tötänlikde öldürdi. Ol oglan bu zatlara gorkup esiklerini geýip gitjek wagty boýnunda şol meniň çagama goýan gülýakamy gördüm. Bu gülýakanyň oňa nirden düşenini soradym. Ol "çagakam meni metjidiň gapysyndan tapypdyrlar, boýnumda diňe şu bar eken. Şuň bilenem ulaldym" diýdi. Men oňa ejesidigimi tanatdym. Oglan özünden gitdi. Men ylgap suw alyp gelýänçäm, oglum özüni asypdyr. Şeýdibem bu wakalary il bilmesin diýip öýüň içinden gabyr gazyp, birinde doganymy beýlekisinde oglumy jaýlap duruşum. Menem uzak durmaryn, özüme birzat ederin" diýip gürrüň beripdir. Patşanyň depe saçy şol wagt agarypdyr hem toba gelip şol günden soň agzyna bir damjyk şerabam almandyr. (Awtor: @Elif) Ine inim aragyň edäýjek zatlary. Ine ýyllar geçer garrarsyň ölersiň. Ölýänçäň gaýrat edip içmejek bol. Öleňden soň jennede düşeniňden soň jennetde 4 görnüş çeşme 1. Suw, ikinjisi bal, 3-njisi süýt, 4-njisem şerapdyr şoňa gark bolaý. Adyňy tutan bolmaz. Arak bu dünýede haram, ol dünýede haram däldir. Çilim nas olaram öz özüňi zaýalamak. Seret özüňe, ne gözel oglan. Neneň sen şo zäherlere özüňi dözjek. How nasyňdagy sastawynda towugyň tesegi barahooo. A çilim, öýkenler şo çilimden rak bolýar. Bir döwür ho plan agany bilýäňmi? Şo toýlaryň pälwanydy, arman çilimi köp çekerdi. Öýkeni rak bolansoň pälwan göwreden petuham galmadooo. Saý-sebäp bilen şolara baramda Pälwan aga öz uly ogluna "meň ýanyma hiçkim gelmesin meni hiçkim görmesin, adamlaryň gözünde şeýle bolup görünip petuhýaly göwre bilen ýatlarynda galyp ölüpgidesim gelenok. Goý olar meni Pälwandy diýip ýatlasynlar" diýip aglady. Şeýle Pälwanyň çilimden basylyşyny aklyma sygdyryp bilemok. Magtymguly Pyragyňam goşgulary bara tapda oka şo goşgulary. "Çilimkeş", "Nas atan" olaram öwüt berer. Onsaňam sen öz janyň hassa bolanda dogtara gidip leçenýa alýaňmy? "Aý gymmat, aý geçerdä" diýip derman atan bolupgezeňokmy!? Onsaň jan saglygy pul berip satyn almaýan adam, nädip hassalyk getirýän arak çilim nasy satyn alýalaraý pikir et. Ilki bilenä jan saňa gerek. Bizem hassa bolsaň yzyňda ylgars, emma iriňlejek ýene seň özüňsiň. Gowja pikirlen.
Soňy. Tamam. Gutardy. Yzy ýok. Dowamsyz.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Agasynyň inisine öwüt-nesijaty 2
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Dowamy barmyka?
-
FanB...
3 years ago
- Sps broo elleriñe saglyk
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ylmytalyp! Şu ýazgylar "Soňy. Tamam. Gutardy. Yzy ýok. Dowamsyz" saňa düşnüksiz zatmy ýada okap bileňokmy? Onda sen maňa nädip "Dowamynyň ýoklugyny" düşündirmelidigini aýt. Men inniki eserlerde seň düşündirişiňýaly ýazgylar goýaýaryn:)
-
Ylmytalyp
3 years ago
- @IDEALLIDER2, bagyşlaň welin temaň adyna seredip "Agasynyň inisine öwüt-nesijaty 2" öňem başga saýtda okapdym diýip doly okaman göni teswire düşdim we 2-njiden soň, 3,4,5,6-nji barmyka diýip sorap durşum, a bu ýazga gelsek "Soňy. Tamam. Gutardy. Yzy ýok. Dowamsyz." Üns bermänim sebäpli okamandyryn. Onsoňam, siziň özüňiz temaň dowamy ýok bolsa, adynyň soňuna "2" goýmagyň deregine, soňy diýip goýmaly ekeniňiz, bular ýaly göze, çöp atmany...
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Onsaňam men hiç zady düşündirmedim, meň düşündirişim bolar ýaly...
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ylmytalyp! Aýdýanyň dogry. Emma men "okyjylara sowgat taýýarlamagy" gowy görýän. Eger okyjy ilki başdan "şu bölümde hemmezadyň tamamlanjagyny" öňünden bilse, eser täsirli bolmaz. Eser hem edil durmuşýaly kabul edilse ýagny hemmezat başda näbelli bolsa onda täsiri güýçli bolar diýip pikir edýän.
-
Ylmytalyp
3 years ago
- @IDEALLIDER2, dogrudanam täsirli usul, işiňizde üstünlik👍
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ylmytalyp! Goldanyňyza minnetdar:)
-
yashalym
3 years ago
- Gaty gowy eken haladym ýene-de ýetirip duruň!!!!!
$Malika
-
Korolewa
3 years ago
- Usulynyz dogrudanam tasirli!
Gowy makala eken, yetireniniz un minnetdar!
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- + + + + + + + + +
yashalym 3 years ago- sag bol. şeýle temalar köp bolsun Allajan. +++++++++