2nji bõlümiñ dovamy :


Uzakly gün iş-aladam bilen başagaý bolanam bolsam,Eseniñ õnunde goýmaly şertim hakynda-da oýlanmaga ýetişdim. Bir netijã geldim.
Işden soñ Mahym bilen duralga baranymyzda, Esen garaşyp duran eken. Onuñ sõzlerinden sabyrsyzlyk bilen garaşandygyny añyp bolýardy:
-Gõwnüme bolmasa, sen şu gün has eglendiñ.Nãme kompyuteriñ bilen hoşlaşyp bilmediñmi?! Ýeri bolýar, hany sen maña arzyly jogabyñy aýtjak dãlmi?!
Mahym menden õñürtdi:
+Ay oglan,sen beyle nãmã howlugýañ?!
-Kim, menmi howlugýan?! Men seniñ jorañ jogabyny eştmãne dõrt ýyl garaşdym. Sen bolsa: "Howlugýañ" diýýãñ. Dursun, sen meniñ sabrymy synap bildiñ-ã,indi bir razylygyñy berãý-dã! Ýa ýene şertiñ barmy? Men olaryñ ãhlisini ýerine ýetirmãne kaýyl.
+ Beýle bolsa biziñ bir şertimiz bar. Eger ýerine ýetirseñ, Dursun garaşan jogabyñy berer. Ýerine Ýetirmeseñem...
-Hany aýdyñ,eşideli!
+Sen Dursun üçin garaşylmadyk tãsin bir sowgat getirmeli. Goý,seniñ getirjek sowgadyñ Dursunyñ oý-pikirine gelmesin,haýran galmakdan ýaña, aýdara sõz tapmasyn. Sen şeýle sowgady tapmagy başararmyñ?
-Mahym,siziñ bu şertiñiz-ã gaty düşnüksiz.
+Düşnüksiz bolsada biziñ şertimiz şeýle.Şol sowgady getirýãnçãñem Dursuna jañ edip,ony bimaza etme!
Şol gürrüñden soñ bir hepde geçdi. Esen ne jañ edýãrdi,ne-de edarada gabatlaşýardy. Indi meniñem gõresim gelýãrdi ony. Ýõne gyzlyk ejabym jañ etmãne rugsat bermeýãrdi.Ine,bir günem işden gaýtmak üçin duralga tarap yõnelenimden,Esen yük maşynly gelip, gabadymda saklandy.
-Salam Dursun! Garşy bolmasañ bile gideli!
Ony gõrenime begensem-de, onuñ ýük maşynly gelenine geñirgendim. Ýõne teklibine garşy çykmadym-da,ulaga mündüm.
+Esen sen ýeñil ulagyñy ýük maşynyna çalyşaýdyñmy?
-Aý hawa,şeý diýseñem bolýar. Men ony seniñ şertiñi bitirmek üçin şeýtdim.
+Aýi, Esen menã dogrymy aýtsam sõzüñden dãnensiñ õýtdüm.
Şol pursat ulagyñ yzyndan bir tüýsli takyrdy eşdilip ugrady.
+Esen ,ulagyñ yzynda goýan zatlaryñ ýerinden süýşýãr õýtýãn. Õza takyrdy kõpeldi.
-Ayi, ol darykýandyr.
+Kim darykmaly?
-Seniñ şertiñ.Ýük ulagyñ yzynda seniñ şertiñ dur...

DOVAMY BAR...
YAZAN: Oraztaganova_#HALIMA

Täzelikler, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir