Atom bombasyndan aman sypan jandar
1960-njy ýylyň fewral aýynyň 13-ine Alžiriň Reggana zolagynda ýerleşýän Sahara çölüniň ümsümligini gök gümmürdisine çalymdaş, aýylganç bir partlama bozupdy. Sahara çölüniň üstünde bir otly şar peýda bolup, asmany äpet kömelek şekilli duman gaplap alypdy.
Fransiýa şonda atom bombasyny synag edipdi. Ertesi gün irden Fransiýanyň goşunyna degişli harby eşikli bir topar bombanyň partlan ýeriniň töweregini gözden geçirmäge gelýär. Ilkinji barlaglar juda täsin galdyrýar. Partlamanyň bolan ýerindäki ähli janly-jandarlar ölüpdir.
Şol mahal, barlaglar dowam edýärkä, bir esgeriň aýagy daşa degýär we birden daşyň astyndan pajygadan aman galan bir içýan çykýar. Nädip bu jandar ähli jandarlary ýok eden radiasiýadan sag-aman gutulyp bildikä? Alymlar heniz hem bu sowala doly jogap berip bilenoklar.
Içýanlar takmynan ýarym million ýyl mundan öň ýaradylypdyr. Beýik Ýaradanyň çäksiz gudraty bilen içýanlar Dünýäniň ýaňy dörän wagtlarynda ýüze çykan uly partlamalara we Günden gelen zyýanly şöhlelere döz gelmegi başarypdyrlar. Olaryň radiasiýa çydamly bolmaklarynyň syry bolsa, olaryň genleri bilen baglanyşyklydyr.
Bir gün aýagyňyz bir daşa degip, aşagyndan içýan çykaýsa, ony öldürmäge howlugmaň. Çünki adamlar üçin howply bolup görünýän bu jandarda Beýik Ýaradanyň taýsyz ýaradyş sungatyna delil boljak we bilim dünýäsinde täze gapylary açjak gizlin syrlar köpdür.
Hödürleýän:Hemra Taganow
Atom bombasyndan aman sypan jandar
-
Yylgyn
3 years ago
- Kime geregaý ol içýan diri galanda-da tema ahyryny bulaşdyryp taşlapsyñ. Özi ölmesede adamlary çakaýsa dert.
-
Nol
3 years ago
- Bolup biler. Ýöne, içýanlaryň we möýleriň başga bir häsiýetlerine durmuşda kän gabat geldim. Egerde, daşarda gezip ýören içýan ýada ullakan möý görseňiz şol gün erbet harasat turjagynyň alamaty. Olar şonda harasatyň, güýçli ýeliň turjagyny bilip başga ýere göçmäge meýil edýärler. Esasanam, ýaşalýan jaý hem bolsa girip gidýärler. Şöl günem öýlänçiň geljeginiň alamaty. Olar bu hadysany öňünden nädip duýýandygy belli däl, emma bu hakykat. Özümem kän gabat geldim şeýle hadysalara.
Gray_wolf 3 years ago- Tarakanlaram gadymy jandar