Bu dogry emma bu aldaw.

Bir wakany aýdaýyn. Bir garyp adam baý-goňşusunyň üsdüne 1 tylla karz almaga barýar we ol baý-goňşusuna "Maňa 1 tylla ber, inniki aý saňa 2 tylla edip gaýtaryp bereýin!?" diýýär. Baý razylaşýar we "Bar hol keçäniň aşagynda 1 tylla bardyr, şony alda ötägit" diýeninden garyp-adam baryp tyllany alýar we taňryýalkasyn aýdyp öýden çykjak bolanynda baý-goňşy ony saklap "Goňşy! Inniki aý 2 tylla bermek saňa agyr düşer, şol sebäpli bir tyllany ber, inniki aý hem 1 tyllany berersiň, aňsat bolar" diýýär. Garyp-adam ylalaşýar we tyllany alan ýerinde goýup öýden çykyp uzaklaşanynda "Alan zadyma ýok, oňa derek bergili boldum. Aldady ýöne bu hakykat ahyry" diýip öz-özüne haýran galýar.

Awtor: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir