Bir gün bu şäheri otlar meñ yşkym,
Ýalyn sypar binalaryñ başyny.
Ýol-ýodalar özûn büräp ýapraga,
Asmanam gysganar injek ýaşyny.
Çirkizer guşlaryñ perin-ganatyn,
Bägülleñ ýañagyn daglap geçerin.
Şemiñ alowyna dözmeýşi deýin
Oduma çydaman aglap geçerin.
Ýanaryn!
Howruma endirär ýyldyz,
Gökden höwür tapman Zemine akar.
Söýsem uly söýgi bilen söýerin,
Gowsy men ýanmaýyn, özümi ýakar.
Gülnabat Hurşidowa
"Bir gün bu şäheri otlar meň yşkym..."
-
Arzuwum
3 years ago
- Pegas howwa üns berseň hemme goşgusynda diýen ýaly bar eken
-
Arzuwum
3 years ago
- "Ýyldyz" sözine hem köpiräk duş gelýän)))
-
BeZZaT.
3 years ago
- Erbet dal
-
BeZZaT.
3 years ago
- Salam hemma
-
Diospyros
3 years ago
- Saýlanan.ru baradyňmy
-
Diospyros
3 years ago
- Saýlanan.ru baradyňmy
-
Arzuwum
3 years ago
- Diospyros, ýok näme boldy?!
Pegas 3 years ago- Şu "Şäher" sözi Gülnabadyň köp goşgusynda bar. Nämedir bir zadyň ýa-da kimdir biriniň şertli sözi şol. Simwol söz. Ýöne özi hiç aýtmady soramda.