Çaga diýeniň düwmeli bolsa gowy, gudurap azar berse düwmesine basyp öçürer ýaly…
***
Men haýal ýazýan, sebäbi seniň çalt okap bilmeýändigiňi bilýän.
***
— Naharyň gyzgyndygyny!
— Aý, howwa, gyzgyndyr. Sebäbi otda bişdi-dä…
***
Kelläme papak geýsem owadan bolýan-aý, gözüme äýnek dakynsam-a hasam owadan bolýan. Ýüzüme şarf daňynaýsam dagy tanar ýaly bolamok. Aý, garaz, ýüzüm görünmedigiçe owadan bolýan-da…
***
— Ufff, ýene Pariže gidesim gelýär!
— Näme öň Pariže gitdiňmi?
— Ýok-la, öňem gidesim geldi-dä…
***
Pizzany döreden adam geometriýadan gaty gowy baş çykarýan bolmaly. Sebäbi ony tegelek edip, üçburç kesip, dörtburç gaba salmak kimiň kellesine gelsin?!
***
— Haýsy syçan iki aýakda ýöreýär?
— Bilemok.
— Mikki Maus. A haýsy ördek iki aýakda ýöreýär?
— Donald.
— Akmak, hemme ördegem iki aýakda ýöreýär.
***
— Dost, men seni günde bir gezek görmesem bolanok-da!
— Aý, dost, onda ikimiziňki kyn düşjeg-ow.
— O näme üçin?!
— Sebäbi menem seni görsem bolanok-da!
— Hä?!
***
Haýsy özüni oňarmaýan akmak meň zadymy… wiý, bärde eken-laý…
***
— Oglum, goýnumyz diýenimizi etmändir welin, möjek iýäýipdir.
— Diýenimizi eden bolsa özümiz iýerdik, eje, hä?!
Okuwa ýaňy başlan çaga tasanjyrap ejesiniň ýanyna barypdyr.
– Näme boldy, Ahmet jan?
– Biziň mugallymymyz-a hiç zadam bilenok!
– O nähili hiç zat bilenok?
– Çynymy aýdýan, eje! Hemme zady bizden soraýar…
Writed by: MAHRI SOLTANOWA
Degismeler #2
-
Hercai
3 years ago
- well done!!! berekella
-
LadaKalina.
3 years ago
- Pizzaly bet eken, 5 menden gundeligini getir
-
aynura
3 years ago
- bu gun 5 sany baslik aldym 5 sagat okadyk biz indi gundelikde baha goyara yer yogaa he he
-
Hercai
3 years ago
- gundelık getırdıp oturmada gonı ugraday bash manat etde telefona😁😁🤑
-
aynura
3 years ago
- he he
-
LadaKalina.
3 years ago
- @hercai telefon nomurny 5 manat gou goryandirle
-
LadaKalina.
3 years ago
- *manatdan bolmaly
-
Paris
3 years ago
- Manysyz
IDEALLIDER2 3 years ago- Hehe+++++