Enäniň öwüdi
– Ejejan, men ýanýoldaşymyň bolşuna sabyr edip biljek däl. Ol büs-bütin özgerdi, maňa düşünesi gelenok, sylanok we mydama meniň bilen öýkeleşýär. Göwnüme bolmasa ol menden barha sowaşýar – diýip, ýaş zenan ejesiniň ýanynda zeýrenipdir.
– Gyzym, ýogsa-da ony özüň sylaýaňmy? Oňa düşünjek bolýaňmy? – diýip, ejesi gatyrganypdyr.
– Eýsem, ol gaharlanyp-da, men gaharlanmaly dälmi? Ol maňa nähili bolsa menem oňa şo hili borun-da. Eger-de, ol meni sylamasa, men ony sylamaga borçly däl ahyryn. Eger-de ol maňa düşünmese, onda näme üçin men oňa düşünjek bolmaly? – diýip, gyzy dillenipdir.
– Beýle bolsa gyzym seniň alan galaň bolmaz. Seniň häzirki bolşuň edil ýüz görülýän aýna çalym edýär, sen diňe ýanýoldaşyň ýalňyşlyklaryny gaýtalaýarsyň. Ýöne sen aýnadan tapawutlylykda, diňe görýän zatlaryňy däl-de, görünmeýän zatlary hem ýanýoldaşyňa görkezip bilýäň ahyryn. Eger-de sen gowy bolsaň, ol hem gowy bolmaga jan eder. Eger-de sen ony sylasaň, ol hem seni sylap başlar. Eger-de sen söýgi bildirseň, ol hem seni söýer. Zenan ýanýoldaşyna özüniň iň gowy häsiýetlerini görmäge kömek etmelidir.
Enäniň öwüdi
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Howwa. Dogry ýoly ýene-de görkezýàn eneler bar. Ýöne käbiri jyda gyzym abraýdan gaçyp gelayme. Atan agan yuzun yere salma diyaler. Gelinem beter bolyar. Sular yaly ugrukdyrsalar bolyara
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Howwa. Dogry ýoly ýene-de görkezýàn eneler bar. Ýöne käbiri jyda gyzym abraýdan gaçyp gelayme. Atan agan yuzun yere salma diyaler. Gelinem beter bolyar. Sular yaly ugrukdyrsalar bolyara
-
Yylgyn
3 years ago
- +++++
ýaş gyzlara degerli maslahat
-
MrOKaS
3 years ago
- Näteňedäýt bular şular ýaly maslahaty (öwüdi) saýtdan okamaly (öwrenmeli) döwüre ýetip gelen bolsak menä dymyp oňňaýýan.
IDEALLIDER2 3 years ago- Şeýle diýjek ejeler, häzirki döwürdede köp. Muňada şükür🙂👍