Ýarym ýalaňaç däli kowalanynda...(Bolmadyk waka)
Ýaňybir dükandan gerek zatlarymy alyp gapydan çykdym. Ýene kellämde "Hemmezady aldymmykam, çörek aldym, ýumurtga aldym, şokalad bar..." diýen pikirleri kellämde aýlap gelýärkäm, aňyrrakda bir adamyň "Aaaa" diýip bogazyna sygdygyndan gygyran sesini eşidip zöwwe-yzyma seretsem ,ine aňyrdan ak aýal-eşikde gara nokat-nokat uzyn köýnekli bir adam üsdüme ylgady. Onuň näme niýetde üsdüme gaýdanyny pikirlenmän elim paketli menem ondan gaçyp başladym(A siz näderdiňiz). Olam yzymdan ylgaýar. Men ylgap barşyma "Bä nämboldyka bu dälä, soňky wagtlar näme iş etdim, kime ýamanlyk etdim, öldürjek bolýamyka, pyçaga ýada pistoleda ýok elinde, belki arkasyna daňylgydyr" diýip ylgapbarşyma pikirler kellämde aýlap, ahyry "Gel inni ýadamaýyn, urşmagada güýç gerek ahyry, ola ýadandyr, menem doly ysgyndan gaçmankam muň bilen urşaýyn" diýip birden durup, yzyma öwrülip elimdäki goşly pakedimi gapdalda goýup uruşmaga stoýkada taýyn bolup "Gäzir golaýlasyn ýelmärin bir ýumruk" diýip ýumrugym bilen nyşana almaga başladym. Geldi ol däli haş-haşlap demi-demine ýetmän. Golaýlanynda agzyndan tüýküligi-hyllygy akýany göründi. Men "Häzir çala bir hereket, ýumraryn" diýip garaşypdurdum. Ol däli ýuwaşlyk, emaý bilen elini uzatmaga başlady. Men "Balewoýa taýyn, eliň gaňyrdyp döwülerýaly ederin" diýip ynha-ynha oň elini gaňyrmaga synanşdymamweli ol däli egnime kakyp "Sen eşşi, inni seň kowalamak gezegiň" diýip çalt yzyna öwrülip ylgap gidiberdi. Men nä aglajagymam, güljegimem, gynanjagymam, begenjegimem bilmän 10minutdagy şokda doňup duruberdim. Ol däli yzyna seretmän ylgap gözden ýitdi. 1 aýdagy özüme gelipbilmedimä "Wah şol däli "Bukuldum" oýnamasa bolýa" diýip...
Awtor: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygy bolmazdan başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.
Ýarym ýalaňaç däli kowalanynda...(Bolmadyk waka)
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Enşalla🙂👍
-
Hercai
3 years ago
- nesıp bolsa
-
Xyivenia
3 years ago
- Wakanyn adyny okanymda basgacarak zat goz onume geldi dowamyny okap guldumay :D
11.04.2021 19:24
-
kwazimoda
3 years ago
- izizzizz
-
Hercai
3 years ago
- kop gulmek adamyny agladar dıyaler welın men calaja gulemde agladym😪
-
kwazimoda
3 years ago
- Hercai
Kop gulmek adamyn omrini uzaldar diyipdirler :)
-
Hercai
3 years ago
- kop gulen bır aglar dıyen soz bar
-
Hercai
3 years ago
- onno men uzalar yaly omrum yokdurda
-
kwazimoda
3 years ago
- Hercai
Ol sen dusinjan isleysin yaly yasa!
-
Hercai
3 years ago
- ol men dusunjam dal hemısekı bolyan zat bır yerde gulen bolsam bır yerde aglatyalar
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Hercay! Adam dünýä gelende aglap gelýä. Gülüp bilýäkäk güleliň. Diýilýän zat köp. Esasy bileniňi tut bolany🙂👍
-
Hercai
3 years ago
- dunya hezıl bolsady dogamyzda aglap gelmezdık
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Eger dünýä gelmedik bolsak, jennede girip bipmezdik🙂
-
Hercai
3 years ago
- dunyanı gaty gowy goryan adama menzeyan dost
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Pozitiw bilen Optimizm dostumdy.
-
yashalym
3 years ago
- Ideallider siz bilen habarlashmakchy, ertir.net giryanizmi?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- ulgamda.ru nikim IDEALLIDER
-
yashalym
3 years ago
- Men ona giremok. Ertir.net barmykañ diydim
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Banladylar.
-
yashalym
3 years ago
- 😐 bolyarda zyyany yok, son habarlashayarys
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ok. Menem inni ertire barjakdäl.
-
yashalym
3 years ago
- Ulgamda agza bolman yazysyp bolanokmy
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ýok. Bolanok öýdýän.
-
yashalym
3 years ago
- Bolyar
-
yashalym
3 years ago
- Poctan barmy?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- roma19101996@gmail.com
-
sammy.kakabay
3 years ago
- hehehehe
-
Ra
3 years ago
- DEALLIDER25 hours ago
Eger dünýä gelmedik bolsak, jennede girip bipmezdik🙂
Ba pikirine nahili goshulamly meselem 1 cagany abort etdiler ya bolmasa caga 3 ya 5 ya 1 yashap oldi diyeli shol caga nira barmaly dowzahamy name guna ish edip biler caga shol gysgajyk omrunde? bah dinleri sheyle bir yoyyalar wn name etjegni bilenok...
-
Ra
3 years ago
- sen diyshin yaly gelmedik diymek eyyam hic zat wapshe yokluk bolya o yerine dushunyan. men soragym biraz cylshyrymlyrak gornup biler yone soradym, akyl satmak gerek dal sen teswire dushunmansin zat diyip
-
Ra
3 years ago
- ya bolmasa ozi bar diyeli afrikada bir otparazyn mashgalasynda dogulya diyeli doganyndan ta olyanca shol territoriyadan cykmadyk internedi bolmadyk shol adam nahili bolya dowzahmy jennetmi kop adamlar dowzah diyya name ucin name gunasi bar bar eden zady shol mashgalada dogulmak boldy, elbetde kimin nira gitjegini aytmak hatda caklamak bizin hetdimize dal emma kop adam name ucin shol pikride?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ra, şotak barars. Hemmezady görers. Bilers:)
Hercai 3 years ago- haaahaaaahaaahaa gulup gulup ıcım gyryldy sen menı guldurdun Allada senı guldursun 🤣🤣🤣