27 ýaşap çilim çekmedim,
Bu meniň ömrümde uly utuşym.
Ony maksat-myradyna ýetmedik
hem-de öwrenýärmiş “bagry tutaşan”.

“Çek” diýip ýumrugyn çenänem boldy,
Gowşa:n bolsam, şonda çekerdim belkem.
Çekmäge ýeterlik sebäbem boldy:
Terk edibem gördük, edildik terkem.

Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara,
“Sypdyrdy — diýdiler — bagtyň otlusyn”.
Ýok, münüp ýetişdim,
Mundan buýana
Meň bagtymy gören çilim otlasyn.


Baky AMANÝAZOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir