Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda,
Aý dolupdy keşbin alyp perimiň.
Gujagymda dem alypdy ses-üýnsiz,
Gujagymda ýerleşipdi Zeminim.

Şonda men bagtlydym — kämil bagtdadym,
Duýgularym däliräpdi Jeýhun deý.
Gujagymda gobsunanda gara göz
Serim sermest bolup, göýä meý hum deý,
Meýe dönen hyjuwlarmy şagladyp,
Barlygymy bir şo gözde jemledi.
Adyn tutdum sandyradyp sesimi,
A ol bolsa ýuwaşjadan “hüm”-ledi.

Dünýäň ähli bagtyn alana dönüp,
Hatda, öz-özümem tanamandym men.
Bir gijede — Aý dogmadyk gijede
Aý gözeliň humaryndan gandym men.

Süýji düýşden soňky ýagdaý içinde
Gujagymdan sogrulanda aýňaldym.
Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda.
...Dünýäm, hawa, şo gije sen Aý bolduň!


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir