Kä wagt kä kişä seredip pikirlenýäñ:
-Eý, bu bu derejelere nireden ýetip ýör... güýc bilen almaly bolsa aljak, okumyşlyk bilen almaly bolsa aljak, pul bilen almalam bolsa beýle derejäni bir-birinden öñürdip aljak kişiler kän-ä..."
Bu sözleri diýýän kişilere-de (ýa-da ýañzydýan) diýilýän kişilere-de durmuş bizi duşurup dur.
Üstinlige ýetmek, dost gazanmak, pul gazanmak barada birgiden kitap ýazypdyrlar... ýazypdyrlar ýöne meñ durmuş tejribäme görä üstinlik gazanan adamlañ arkasynda birinji nobatda ata-bilen ene durýar. Oalñ hiç hili tanyş bilişi, jübsinde kör köpügi, hat-da hiç hili sowady ýogam bolsa..
Ýaşy ep esli bolanam bolsa, 10 ýaşly çaga ýaly kakasyndan maslahat soraýandyr... göwnine ýarajak bolýandyr...
Ejesi entek öz süýegini süýremäge ýaraýandyram, ýaşdyram, gujurlydyram, şonda-da arlykdaky bäbege sereden ýaly seredýändir...
Beýle çagalary göreñde kalbyñda geljege bolan umyt döreýä... beýle çagalaram bar-ow diýdirýäler.. sag bolsunlar, ömürleri uzak bolsunlar.
Şo sebäpli Hudaýam olañ tanapyndan çekýändir. Üstinligiñ sebäbini ilkinji nobatda başga ýerlerden gözläp ýörmegem samsyklyk bolsa gerek...
"Jennet eneleriñ aýagynyñ astyndadyr" Muhammet(S.A.W)
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Howwa
-
Yylgyn
3 years ago
- "Jennet eneleriñ aýagynyñ astyndadyr" Dogry eneleri söýüp- sylamaly. Emma ene- atamyzy, doganlarymyzy ýada kimdir birini razy etmeklik Jenneti garantiýa bermeýä. Hudaý hiç haçanam Öz Şalygyny adamyñ aýagynyñ aşagyna düşürer ýaly pes derejä düşürenok. Ynha men enem menden müñde bir razy hemem gaty hoşal. Bu bilen men Hudaýyñ Şalygy Jennete garantiýam ýok.Emma kalplary derñeýän Biri Bar.
-
Yylgyn
3 years ago
- Haçanda eneñiz şulary talap edýän ýagdaýynda Jenneti wada berip bilýä--- sögünje sögünç bilen gaýtargy berme, pespällikden hemme kişini özüñden üstün goý, biri bir mätäçlik bilen ýanyña gelende boş goýberme, ýüregiñde hiç kimden öýke kine saklama, bütin ýüregiñ bilen Rebden gork hem-de hormat goý, agzyñdan hiç- haçan hapa söz çykmasyn, hemme zatdan öz bähbidiñi gözleme, baýlygy ýada üstünligi gözlemede bar zadyña şükür edip Hudaýyñ Rebbe alkyş aýt, halk üçin Ýurt baştutany üçin parahatlyk ruhy hemde şahsy saglyklary üçin dileg et. Duşmanlaryñyzy söýüñ olar üçin dileg- doga ediñ sebäbi Hudaý Söýgidir.......... ýenede sanaw köp ýöne eneler şu zatlary talap edip,bizem ýerine ýetirmek üçin tagalla edýän bolsak onda Hudaýyñ Şalygynda ornumyz bolmagy mümkin.
-
Yylgyn
3 years ago
- Hudaýyñ Jennetine gidýän ýoly dardyr.Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. 14 Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.
-
Yylgyn
3 years ago
- Şahyr aýtmyşlaýyn " kyn hem bolsa şol Mukaddes diýdiler"
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- @Yylgyn menem diñe bir eneñi(ejeñi) razy edip jennede girip bolar diyjek bolmandym. Yone basga şertleri yerne yetiribem, ata-enani razy etmeseñki yagdaýlary(gep-soziñden ugur alyp) men duşindirip oturmaly dalmikam diyyan... Bu hadysy çyndanam Pygambermiz(S.A.W) aydan bolsa, yone yere aýdan däldirle. Onnañam öziñi dogran ata-eneñiñ gownini hoşlap bilmedik, (eger olar ýoldan çyk diymeyan bolsa) başgalañ ya da Hudaýyñ öñinde ýagdayy nahili bolarka?!
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- 《《 Hudaýyñ Şalygynda ornumyz 》》biz barybirem Hudaýyñ Mülkinde dälmi näme? Ol isle dowzah isle-de jennet, ha o dunye ha bu dunye?! Olaryñ barysy hem Onuñ Mülki dälmi näme?!
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- "Gargyş galyndyrmaz gurdy syndyrar"
"Ömür saly artar alkyş alanyñ"
Göwun ýykmak hakdaky goşgy setirleri hazir yadyma dusmejek bolya (oñaýsyzrak yerde we oñaysyzrak yagdayda bolanym ucin)
"Bir göwini ýykan bolsañ, okadygyñ namaz däldir" yaly setirler bardy Yunusda..
Gezek garabagyr ata enäñ gownine degmek bolanda nahili bolyarka?!
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Alkyş-dileg barada bolsa, Ýurt parahatçylygy, agzybirlik, jan-saglyk.. barada dileg etmegi - edil hemmesi bolmasa da, kopusi çagasyna kiciraklikden owredyamika diyyan men-a. Iñ bolmanda men seyle perzentlere de ata enelere de duşdum...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- 《 《 baýlygy ýada üstünligi gözlemede bar zadyña şükür edip Hudaýyñ Rebbe alkyş aýt 》》
Şükür etmegi men eýýäm baýlygyñam, üstinligiñem iñ gowy görnişleriniñ biri hasaplaýan...
Baýlyk-ustinlik diylende hokman maddy zatlary yada diñe ruhy zatlary göz oñunde tutýañyzmy?! Hem wezipeli hem şükürli bolup bilyanlerem kan ahyry...
-
Yylgyn
3 years ago
- Ýok gardaşym bu ýer ýüzi Hudaýyñ Jennedi (Şalygy) däl. Hudaýyñ Şalygynda diñe halas bolanlar barar. Ol ýerde agy- gözýaş, parahorlyk, haramlyk, ogurlyk, tekepbirlik, aldaw....... ýok.
-
soho
3 years ago
- @Yylgyn, Injil-iñ sozleri bn aytjak bolyañ oydyan...
-
Yylgyn
3 years ago
- Howa soho dogry.
-
Yylgyn
3 years ago
- Dogry ynanjymyz meñzeşem däldir barybir men hemmäñizi Isa Mesihiñ Beýik Söýgisi bile hormatlaýan. Wagt az galdy.... Isa Mesih ikinji gezek gelmeli wagty golaýlady. "Başlangyç we iñ soñky MENdirin" diýýä. Kalbymyzy arassalap pespällikden söýgi-hormatdan doldurmasam men Oña mynasyp bolup bilmeýän. Men siziñ baryñyza Hudaýyñ Merhemetinde Ak Pata bermegini dileýän
-
soho
3 years ago
- @Yylgyn, antihrist gelmeli dalmi ilki?
-
yashalym
3 years ago
- Yylgyn sen hormatyna bizem sylag hormat bilen jogap beryaris. Yöne sen öz dinini kabul etdirmage synanyshyan yaly kan dile söze getiryan.
-
yashalym
3 years ago
- Sen hristiyan dälde yehowanyn şaýatlaryna menzeyan.
-
soho
3 years ago
- Yslam dinindaki "dejjal", Hristian dinindaki "antihrist" ikisi bir oydyan!?
-
yashalym
3 years ago
- Her mowzugy dine baglamagyna gerek yok. Isle Musulman, isle hristiyan, Yahudi bolsun tapawudy yok. Esasy adam bolsun. Her kim wyźdanyna görä hereket eder. Yokarda Muhammet pygamber yazyar, sen gelip ony inkär etyan. Öz dinine hormat goyshyn yaly Yslam dininede hormat goymagy basharsan gowy bolar.
-
Yylgyn
3 years ago
- Ýashalym men saña hiç zada mejbur edemoga. Saña şonýaly duýulýan bolmagy ahmal. Bu señ öz saýlawyñ. Hatda Hudaýam bu saýlawy özümize goýdy.
-
Yylgyn
3 years ago
- Isa Mesihiñ Öz mukaddes perişdeleri bilen dünýä höküm çykarmaga gelýä
-
yashalym
3 years ago
- Sen meni mejbur edenok. Yone adamlarda gyzyklanma döredýän. Bu duygy dine mende bolup geçýändir öýdemok. Bashgalar üçinem kabul etdirjek bolyan yaly gorunip biler.
Gelsin ...
-
Yylgyn
3 years ago
- 1 week ago
Eger bir gün saňa ýetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aşakda derdi-azary.
Otuz üç ýyl gijä galyp gelseň-de,
Gelseň bor ilimiň bory üçin razy
-
Yylgyn
3 years ago
- Gurbanbazar Ezizow şygyrlary gaty manyly
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Bul ikiarada Gurbannazar nirden geldi:))) (Yokardaky yazgylary yazyakam Hydyr agañ Gurbannazaryñ pulyny sowman ejesine beryandigi hakdaky yatlamasy fusdi yadyma)
yokardaky kuplet yadyma dusmedi.. yañy gozlap gordim guyz sonetler cemeninde bar ekeni. Name de bolsa soneti tazeden okamaklyga sebap bolduñyz.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- *düşdi -bolmaly
yashalym 3 years ago- Oýlanma ozunkimi?