Ol toŷda bolan wakadan soñ meniñem Rówşeniñem biri birimize garaŷşymyz úŷtgedi. Óñler ol jigim diŷip sereden bolsa indi gózleri bilen iýáýjek bolýady. Menem oña seretmáge utanyp duran boldum.
Aý, ýyllaram geçip dur, talyplyk dówrúmizem diýseñ gyzykly geçýár. Okuwdan gaýdamyzda bile gaýdyp bilejede okuwa gelýárdik. Rówşen gaty şadyýandy, alçakdy. Çalarak keýpiñ ýok bolsada gównúñi açyp gúldirýárdi. Ýóne gabanjañlyk hásiýeti bardy. Maña biri ýalñyşyp seretsede hókman bir zatlar diýip gaharynyñ gelenini bildirýádi...Yzyny úzmânem sóýándigini aýdýardy. Menem ony janymdan beter sóýýádim. Gúnde górmesem hiç gúnim geçmejek ýalydy...

Bir gún ol ýarawsyzlygy sebápli okuwdan galdy. Şol gún irden óñkilerim ýaly turup ŷuwundymda, Rówşene jañ etdim:

- Alo - diýip gyryk sesi bilen Rówşen aldy.

- Hiii sesiñ náme? Náme boldy? Entágem ýatyrsyñmy? Bol turda okuwa gideli - diýip aljyrañly oñ ústine sorag baryny ýagdyrdym.

Ol:

- Dursana ýemşik hany salam selim ýokmy sende? Adam bir diýer sag amanja turduñmy janym, ómrúmiñ manysy, ýúrejigim? diýip, Sen bolsañ zynjyrdan goýberilen ýaly bolup sorag baryny berdiñ - diýip óýkeli áheñde gúrledi.

Menem óz bolşumdan utanyp:

- Waheŷ janym, dálim, kirlim, turduñmy sag amanja? Ózúñi duýuşyñ, jan saglygyñ, gan aýlanşyñ gowumy? - diýdim.

- Há ine munyñ başga gúrriñ. Bu gún men ýaramok, sowuklapdyryn okuwa gidemok, sen gitseñ sag aman bar, seresap bolgun ýoldan geçeñde Ýemśijek men agśam jañ ederin saña. Házirlikçe hoş - diýip goýdy.

Men sagbollaşyp geýinip okuwa gitdim. Şol gún okuwyñ gyzygy bolmady. Uzakly gún Rówşeni alada edip geçirdim. Soñ okuw gutardy óýe gaýtdym...
Óýde mydama boluşy ýaly işlerim kándi. Tikin dikmek, meñ hiç ýúregimi gysdyranokdy. Nádip agşama ýetenimi duýmandyryn. Sagat eýýám bir çene ýetipdir. "Indi ýataýmaly óýdýán" diýip durkam jañ geldi. Seretsem Rówşen "gijáñ içi saglykmyka" diýip telefony aldym:

- Alo

- Alo ýemşijek gowumy ýagdaýlaryñ? - diýip sorady.

- Men gowy Hudaýa şúkir. Ýóne señ ýagdaýlaryñ náhili, gowulaşýañmy?

- Ynha sen şu wagt soradyñ welin men gowulanaýdym. Sende bir jady bar bolmaly - diýip degişdi. Soñ sózúni dowam etdi:

- Sen enták ýatýan dálsiñá? Şu wagt oglanlar gelipdir oturmaga şolary ugradyp soñ jañ etsem bolarmy?

- Rówşen men ukym tutýa, dúýnem sen bilen gúrleşip gijá galdym. Irdenem zordan turýan. Ýatyp galsamam gaharyñ geler.- diýip palladym.

Onuñ gahary gelen ýaly boldy:

- Men hiç zady bilemok. Sen maña garaşarsyñ dúşindiñmi?

- Men ýatjak

- Ýatmarsyň maña garaşarsyñ.

- Ýataryn garaşmaryn.

- Barybir jaň ederin.

- Barybir çernyý spisoga salaryn.

- Salyp bilmersiň - diýip gúldi.

- Salaryn.

- Sal göreýin.

- Jaň etmejegiňe söz ber, salmaryn.

- Juk, sóz beremok.

- Däli sen hakyky Däli, men ýataýyn oýarma meni - diýip ýalbardym.

- Há náme úçin oýarmaýyn ertir okuwda uklap otyrmaly bolarsyňmy? - diýip sorady.

- ÝOK okuwda tans etmeli bolaryn - diýip gaharly áheñde jogap berdim.

- Gowdygyny talyp gyzlar tans etseler halaýan, menem górmáge barjak.

- Däli.

- Sen dälliretdiň.

- Göni psihbolnisa ugratmaly seni.

- Öziň git.

- Gitjekdäl

- Menem gitmen, ýone senem ýatmaýaň şu gunä - diýip pert gúrledi.

- Ýataryn şola - diýip menem ózi ýaly jogap berdim: - Hiiih ejem turdy.

- Beráýda teli ejeñe - diÿdi.

- hhiiihh Oňa name diýjek?

- Söýýan diýmejegim bellä.

- Onda name?

- Seni gowy edip ýelmäp ber diýjek.

- Urdyrjakmy?

- ÝOK ýüzüňden sypalatdyrjak.

- Däli.

- Dälije senem

- Hakyky däli sen.

- Sen lälijek eljiredilen gyzjagaz...

- Waý sen dostlaryñy ýatdan çykardyñ.

- Hawwa şu wagt geláýda diýýáler, kim ol bizden wajyp gyz diýýáler.

- Hhiihh aýdaýmagyn mendigimi.

- Ýok men náme samsykmy aýtmaryn. Hany bolýa onda men oglanlañ ýanyna baraýyn.

- Bolýa sagbol.... - diýip telefony goýdum.

Soñ men garaşmadym ýatdym. Ol bolsa jañ edipdir yzyny úzmán, yzly yzyna....

Dowamy bar..

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir