Aragatnaşygy emele getirýän üç esasy element; sözler (30%), beden dili (60%) we ses äheňi (10%).
Sözler ýalňyş bolup bilse-de, beden dili hakykaty has köp görkezýär. Adamyň ýalan sözleýändigine düşünmek üçin ilki bilen beden dilini barlamaly.
“Ýüzünde ýalan sözleýändigini görkezýän köp sanly maglumatlar bar: mikro alamatlar, basdyrylan alamatlar, ynamly myşsalaryň gysylmagy, göz gyrpmalar, görejiň giňelmegi, derlemek, ýüzüň gyzmagy we solmagy, assimetriýa, wagt ýalňyşlyklary, pozisiýa ýalňyşlyklary we ýalan ýylgyryşlar . Bularyň käbiri gizlenmäge synanyşýan maglumatlary syzdyrýar; käbirleri bir zadyň gizlenýändigini görkezýär, ýöne nämedigi hakda peýdaly däl; käbirleri bu sözleriň ýalandygyny görkezýärler. "
Pol Ekman - 1976
Ýalan sözlenýändigini görkezýän köp alamatlar emosional we dilden aňladylýar.
1. Gepleşik wagtynda gijikdirilen jogap ýalanyň alamaty bolup biler. Soragyňyzy berenden soň jogap almak üçin näçe köp wagt gerek bolsa, adam şonça-da ýalan sözledi diýip hasaplaýmaly.
2. Arakesmeleriň ýygylygy we uzynlygy, ýagny adam näme diýjegini ýa-da näme diýýänini bilmeýän ýaly näçe gezek pikirlenýär.
3. Gepleşik dilindäki sowuklyk. Öz wakalary hakda men ýa-da ol adam däl-de, abstraksiýada (sowuk) gürlemek. Wakalarda mowzuklary ulanmazlyk.
4. Gepleşikde gaty köp arakesme. "Eee", "zat" ýaly sözler.
5. Haýal, ýalňyş ritmde gürleme. Adamyň gürlän wagty pikirlenmäge synanyşýandygyny görkezýär we bu söz ritminde tertipsizlige sebäp bolýar.
6.Ümsümligi doldurmak synanyşygy. Ýalançy asuda gurşawy islemeýär we şonuň üçin zerur, gereksiz söhbetdeşlige başlamaga synanyşar.
7. Gepleşik wagtynda sesiň gysylmagy. Sözlemiň soňuna gelende, haýallamaly ýerinde sesiň güýçlenmegi.
8. Sesiň zerikli, çuň we birmeňzeş äheňde (monoton) bolmagy.
10. Yzygiderli agitasiýa (hereketde bolmak) ýagdaýy. Geň kelle, aýak we göwre hereketlerini etmegi.
11. Gözüňize kän seretmegi. Göz bilen baglanyşyk ygtybarly we göz bilen aşa köp gatnaşyk etse, ýalanyny ýapjakdygyny duýdyrýandygydyr.
12. Dynç alyş hereketleriniň köpelmegi. Öz ýüzüne we ýokarky bedenine degmegi.
Esasy belli ýalan alamatlar ýokardaky ýaly. Bu alamatlary görkezýän adam üçin hökman ýalançy diýip bilmesek-de, bular ýalan sözlän mahaly bilmän ýüze çykýan esasy alamatlardyr. Alamatlaryň ýygylygyna we beýleki adama bolan ynamyňyza esaslanyp öz netijäňizi alyp bilersiňiz.
Adamyň ýalan sözläýändigini nädip bilip bilersiňiz???
-
Real.123.
3 years ago
- 👍👍
-
Nirvana
3 years ago
- Гость, говумы бармын?!
-
Nirvana
3 years ago
- Ясама дийилйанида:)
Гость 3 years ago- Barlap göräýmeli