Halk arasynda bir söz bar: «Durmuşda bir mesele çözmeli bolsa, zenan ilki duýgusyna, erkek kişiler bolsa, akylyna daýanýar» diýilýär. Meniň pikirimçe, bu zenanyň duýga, mähre has baý bolanlygy üçin şeýledir. Sebäbi, «Enä dünýäniň gözbaşy, ýaşaýşyň başlangyjy» diýlip, ýöne ýere aýdylanok. Ene dünýä jan getirip bilýänligi üçin hem mukaddesdir. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy adamlary ene, zenana hormat goýmagy edepliligiň, medeniýetliligiň, adamkärçiligiň iň ýokary nusgasy hasaplaýarlar.

Ilkibaşda gender diýilse, meniň üçin çylşyrymly bir zat ýalydy. Gender diýmek, zenanlaryň erkek kişiler bilen deň şertde, deň mümkinçilikde işlemegi, ýaşamagy, döretmegi. Çylşyrymly zady ýok. Aslynda-da, gender meselesini yzarlap, taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşsak, türkmen halky turuwbaşdan hem zenanlaryna goýýan sylag-sarpasy, gelin-gyzlaryna bolan milli garaýyşlary bilen hiç haçan hem bu syýasatdan daşda durmandyr. Türkmen zenanynyň maşgalany dolandyrmaklyga işjeň gatnaşandygyny hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň syýahatçy Marko Polo (1254 — 1324) baradaky aýdanlaryny okanymyzda-da göz ýetirýäris. Marko Polo kitabynda türkmenler hakynda söz açyp: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, ýene gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da, köp zatlar öndürilýär» diýip ýazmasy, biziň zenanlarymyzyň hemme döwürde-de, erkek kişiler bilen deň şertlerde, deň mümkinçiliklerde işläp, maşgalanyň keşigini deň çekişendigini aňladýar.

Maşgala terbiýesinde-de, türkmen eneleri ata hormatyny öňetutan hem bolsalar, perzentlerine edep-terbiýäni, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna bolan söýgini görüm-göreldesiniň, edim-gylymlaryň, däp-dessurlaryň, galyberse-de, halk döredijiliginiň üsti bilen bermegi başarypdyrlar. Türkmen halkynda ene mukaddesligine, zenana bolan aýratyn garaýyşlaryň kemala gelmeginde-de zenanlara uly orun degişlidir. Ze­nan goraglylygy diýlende, bir ýagdaý bellenmäge mynasypdyr. Türkmen maşgalasynda gelin hamyla bolsa, onuň goraglylygy ençeme esse artýar. Gelniň näme iýip-içmelisinden başlap, onuň görünmeli, görünmeli däl ýerlerine çenli aladasy edilýär. Bu gelniň hem perzendiň aladasydyr. Türkmen zenany hemişe goragly, türkmen zenanlaryna agyr işi etdirmez.

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby hem boýdan-başa, ilki bilen-ä, mähriban Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň göreldeli ömrüne, perzent terbiýesine, ile-güne bolan mährem garaýyşlaryna, ga­lyberse-de, tutuş türkmen zenanlarynyň durmuşyna, ýurdumyzyň enelerine bagyşlanan ajaýyp eserdir. Milli Liderimiziň öz käbesine bagyşlap ýazan ajaýyp ýatlamalary her bir türkmen zenanynyň kalbyna buýsanç berýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen enelerine, ze­nanlaryna bolan söýgüsi öz mährem enesinden gözbaş alýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda zenanlara bo­lan sylag-hormat döwlet syýasatynyň esasy üns berýän ugurlarynyň birine öwrülýär. Bizde kanuny esasda-da, durmuşda-da, işde-de türkmen zenany sözüň doly manysynda erkek kişiler bilen deň şertde, deň mümkinçiliklerde işläp, zenan bagtyýarlygyny duýup ýaşaýarlar. Ýurdumyzda zenanlar üçin hiç hili çäklendirmeler ýok. Islän käriňde işläp, islän okuwyňda okap, bilim almaga, göwün islegiňe görä, durmuş gurup, bagtyýarlygyň bossanyny boýlaýan türkmen zenanlary bagtdan paýly. Munuň şeýledigine biz Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasatyna bagyşlap geçiren maslahatyna gatnaşan mahalymyz hem göz ýetirdik. Maslahatyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Enemjan Orazowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alym zenany Amangül Durdyýewanyň çykyşlarynda-da bu barada giňişleýin gürrüňler edildi. Zenanlar dürli ulgamlarda işläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Maşgala bagty bilen jemgyýetçilik durmuşy sazlaşanda, megerem, zenan özüniň zenan hökmünde maşgalada-da, jemgyýetde-de sarpasyny duýup ýaşanda, onuň hakyky bagtyýarlygy ýüze çykýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşan ähli zenanlar Gahryman Arkadagymyza türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy üçin edýän aladalaryna ýürek törlerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
“ZENAN KALBY” žurnaly
TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞINIÑ RESMI SAHYPASY(saýdy)
zenan.gov.tm

Täzelikler, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir