Maňa şeýle gyz gerek
Ýüzi-gözi gülýän bolsun
Ugrymda bolup janserek
Çyny bilen söýýän bolsun

Ejemjana çep bolmasyn
Ýakyn-ýada gep bolmasyn
Gereginden köp bilmesin
Akyl tapsa alýan bolsun

Ökde bolsun nahar-duza
Hem geýinsin tämiz-täze
Baldyzlaryna,ähli gyza
Kemsiz nusga bolýan bolsun.

Ulularyň pendin tutsyn
Gündiz işläp gije ýatsyn
Atasy öýüne gitse-gitsin
Ýöne basym gelýän bolsun

Kem bolmasyn akyl-huşy
Ynjytmasyn garry-ýaşy
Soramazdan eden işi
Ederini bilýän bolsun.

Täzelikler, DeatH tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir